Türkmenistan — Türkiýe: ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda

11 Dekabr 2023
865

6-njy dekabrda geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň esasy meselesi geljek üçin ägirt uly mümkinçilikleri hasaba almak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy. Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň nukdaýnazaryndan çäräniň möhüm ähmiýetini bellediler. Bu gatnaşyklar soňky ýyllarda üsti ýetirilýän täze mazmun bilen hil taýdan depginli ösüşe eýe boldy. Munuň şeýledigine iki ýurduň arasynda yzygiderli artýan söwda dolanyşygynyň möçberi hem şaýatlyk edýär.

Türkmen-türk işewürlik maslahatynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, Türkiýäniň daşary ykdysady aragatnaşyklar boýunça komitetiniň müdiriýetiniň agzasy Ahmet Çalyk, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň müdiriýetiniň agzasy Seljuk Öztürk, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew, Türkiýäniň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmaz öz çykyşlarynda iki dostlukly ýurduň işewür wekilleriniň özara bähbitli söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri netijeli ulanmagyň zerurdygyny bellediler.

Merdan BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar