Immuniteti nädip berkitmeli?

7 Dekabr 2023
691

Immunitet näme? Bu bedeniň daşky gurşawdaky dürli kesel döredijilere (bakteriýalara, wiruslara, kömelejiklere) garşy göreşmek ukybydyr. Immun ulgamy ýokarda beýan edilenlere garşy göreşmeklik bilen birlikde, çaga bedeniniň kesellemezligine, kesellän ýagdaýynda hem onuň ýeňil, çalt geçmegine ýardam edýär.

Ene-atalarda, köplenç halatda, çagalarynyň saglygyny berkitmek bilen baglylykda, «immuniteti nähili ýokarlandyrmaly?» diýen sorag döreýär. Ýokary immunitet diňe möwsümleýin kesellerden, sowuklamalardan goramak bilen çäklenmän, adamyň umumy sagdynlygynyň kepili bolup durýar. Maglumatlara görä, immunitet ýaşaýyş-durmuş şertlerine hem baglydyr.

Döwlet KERIMOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar