Mandarin

5 Dekabr 2023
512

Mandariniň watany Hytaý hasaplanýar. Hemişe gök öwüsýän, pesräk boýly mandarin agajy noýabr-dekabr aýlarynda miwe getirýär. Dünýäniň köp ýurtlarynda mandarin Täze ýyl baýramy bilen baglanyşdyrylyp, ol şol baýramyň esasy nygmatlarynyň biri hasaplanylýar. Mandarinden dürli içgiler, miweli işdäaçarlar, doňdurmalar, mürepbeler, süýji-köke önümleri taýýarlanylýar. Sitrus ösümlikleriniň arasynda mandarin özüniň ýakymly ysy, süýjümtik tagamy hem-de gabygynyň aňsat aýrylýandygy bilen tapawutlanýar. Dünýäde mandariniň 200-e golaý sorty bolup, olar daşky görnüşi, öwüşgini, tagamy, hasyllylygy taýdan bir-birinden tapawutlydyr.

Gyş möwsüminde C witaminine baý bolan sitrus miweleriniň gündelik iýmite goşulmagy bilen, adama ýetirýän peýdasynyň uludygy hem bellärliklidir. Çünki olaryň düzümi diňe C witaminine däl, eýsem, köpdürli beýleki peýdaly witaminlere hem baý bolup, adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär, dümewlemä ýolukmak ähtimallygyny aýyrýar. Bir ortaça ululykdaky mandarinde adama gündelik gerek bolan C witamininiň 30-40 göterimi bardyr. Şeýlelikde, günde iki-üç sany mandarin iýlende bu witaminiň gerekli bolan mukdary bilen üpjün bolýarsyň. Miwe flawonoid ýaly antioksidantlara hem baý bolup, olar ýürek-damar keselleriniň, täze döremeleriň emele gelmeginiň öňüni alýar.

Nargül ATAÝEWA,
Bäherden etrap hassahanasynyň Bamy oba saglyk merkeziniň müdiri.
Beýleki habarlar