Londondaky maýa goýum forumy

25 Noýabr 2023
814

Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä ýaýdy

Ählumumylaşma hadysasy geografik taýdan uzaklygyň Ýer ýüzüniň islendik künjegindäki ýurtlaryň birek-birek bilen ýakynlaşmagy üçin bökdençlik däldigini barha aýdyň görkezýär. Bu gün haýsy yklymda ýerleşýändigine garamazdan, ykdysadyýet we ykdysady gatnaşyklar döwletleri hyzmatdaşlara, zerurlyklar bolsa pikirdeşlere öwürýär. 22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirilen «Türkmenistan: maýa goýum we ösüş» atly forumyň mysalynda-da muny doly delillendirip bolar. Temza derýasyny etekläp oturan bu gadymy şäher ýurdumyzyň ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýän köp sanly ýurtdan 74 sany kompaniýanyň 150-den gowrak wekilini bir meýdança jemledi. Olaryň aglabasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň dürli ugurlarda iş alyp barýan öňdebaryjy düzümlerine wekilçilik edýärler.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar