Myhmanlaryň gezelenji

22 Noýabr 2023
821

Golaýda Eýran Yslam Respublikasyndan ýurdumyza gelen wekiliýetiň agzalary üçin Arkadag şäherine tanyşlyk guraldy. Myhmanlar Türkmenistanda iň täze, döwrebap şähere aýlanyp gördüler.

Bellenilişi ýaly, täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri, binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman usullary bilen sazlaşykly utgaşdyryldy. Bu ýerde halkara ölçeglere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan şäheriň aýdyň nusgasy. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Myhmanlarda şäheriň ajaýyp keşbi, binagärlik çözgütleri, döredilen amatlyklar we ýokary hilli ýaşaýyş-durmuş şertleri uly täsir galdyrdy. Wekiliýet agzalary Türkmenistanda halkara derejesinde «akylly» şäheriň gurlandygyna we ýurduň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyna goňşy döwlet hökmünde buýsanýandyklaryny bellediler.

Aýsenem NURLYÝEWA.
«Arkadag».
Beýleki habarlar