Maşgalam — baş galam

22 Noýabr 2023
823

Halkymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ileri tutupdyr. Maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, aýamak, ony mertebelemek öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Şonuň üçin hem «Maşgalam — baş galam» diýen paýhasly jümle il arasynda ýörgünlidir.

Beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý nesli kemala getirmäge ömrüni bagyş edýän eneler aýratyn hormata mynasypdyr. Gadymdan bäri türkmen zenanlary, eneleri maşgala ojagynyň mukaddesligini saklamagyň, çagalary terbiýelemegiň nusgalyk ýörelgelerini döredip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň-döwletliligiň eýesidir» diýip belleýär. Ojagyň mukaddesligi, ata-enä we maşgaladaky uly ýaşlylara bolan hormat, sadalyk, zähmetsöýerlik ýaly halkymyz üçin adaty bolan ahlak häsiýetleri öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Halkymyzyň arasynda bar bolan däbe görä, kimdir birini tanajak bolsalar, ilki bilen, onuň maşgalasy soralýar. Maşgalanyň agzybirligine, abadançylygyna, şol maşgalanyň il arasyndaky abraýyna aýratyn üns berilýär. Çünki sagdyn we berk maşgala her bir türkmeniň gymmatly hazynasydyr.

Şöhrat MÄMMETHANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar