Maksada — myrat

15 Noýabr 2023
1374

Gurbannazar Ezizowyň sungat baradaky goşgusyny bilmeýänimiz az-azdyr. «Ele keser alyp» döredilen her bir zadyň sungat däldigini her birimiz bilýäris. Edil şonuň ýaly sungat eserini hem şol ugurda hünärmen bolmasagam aňşyrýarys. Sungat päklige, gözellige söýgi döredip bilende sungatdyr. «Lokga daşdan» sungat döretmek üçin bolsa, «mydama öz-özümizi ýonup ýörmelidigini» aýdan şahyr müň keren mamla.

Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Maksatmyrat Kanyýewiň işleri bolsa şolar ýaly jogapkärçiligiň hötdesinden gelip bilýän işler. Şeýle bolansoň, ýakynda Maksatmyradyň işlerine ýene-de bir «berekella» berildi.

Nowruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».
Beýleki habarlar