Biziň ruhy baýlygymyz

15 Noýabr 2023
1335

Egsilmez çeşmäniň gözbaşy

Ajap eýýamymyzda Garaşsyz döwletimizde ilata edilýän kitaphana hyzmaty hil taýdan täze derejelere çykarylýar. Kitaphanalaryň täze, döwrebap binalary gurlup, ulanmaga berilýär. Muňa mysal edip, Mary şäheriniň merkezinde gurlan welaýat kitaphanasynyň gözel binasyny ýatlamak bolar. Şeýle hem kitaphanalaryň kitap gorlary ýylsaýyn baýlaşdyrylýar. Kitap — ylym-bilimiň, aň-düşünjäniň egsilmez çeşmesi bolmak bilen, ol adamyň dosty, ýakyn maslahatçysydyr. Hut şeýle bolansoň, dana pederlerimiz “Bir okana bar, birem dokana” diýen pähime eýeripdirler.

Beýleki habarlar