Ählumumy meselä bagyşlandy

24 Oktýabr 2023
608

Ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilen forum howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meselä bagyşlandy. Oňa bu baýry ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary bilen birlikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Beýik Britaniýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Üç tapgyrdan ybarat bolan forumyň birinji tapgyrynda myhmanlar Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýerli, sebitleýin we halkara derejede alyp barýan işleri, Aral deňziniň meselesi, ösüp gelýän ýaş nesliň ekologik bilimlerini ösdürmek hakynda birnäçe ylmy we usuly maglumatlary berdiler.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar