25 – 27-nji oktýabrda paýtagtymyzda nebit-gaz ulgamynyň halkara maslahaty we sergisi geçiriler

22 Oktýabr 2023
534

Bu barada 20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýdyldy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer B.Amanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna laýyklykda, foruma dürli daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe edaralarynyň, şeýle hem ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri, kärhanalary we telekeçileri gatnaşarlar. Meýilleşdirilişi ýaly, maslahatyň gün tertibine meseleleriň giň toplumy giriziler. Şol sanda örän baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlarynyň maýa goýum işini ösdürmek, täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod, nebithimiýa, gazhimiýa çig malyny gaýtadan işlemek, himiýa pudagyny we elektroenergetikany ösdürmek, ekologiýa taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary çekmek barada pikir alyşmalar bolar.

Çary MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar