Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

22 Oktýabr 2023
521

Şu ýylyň 6 – 8-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Bu barada 19-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oral bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň arasyndaky bolan duşuşykda mälim edildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny yzygiderli ösdürmek hem-de köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejelere çykarmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, taryhy köklere daýanýan, wagtyň synagyndan geçen iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada özara pikir alşyldy. Şeýle-de şu ýylyň 6 – 8-nji dekabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň guramaçylyk işleri barada söhbet edildi.

Taýýarlan: Mähek Ataýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar