Ot-iým, ot-iýmlik goşundylary, weterinariýa we agrosenagat toplumyna degişli enjamlaryň ýöriteleşdirilen halkara sergisi geçirilýär

22 Oktýabr 2023
432

2023-nji ýylyň 24 – 26-njy oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäheriniň «Krokus Ekspo» halkara sergiler merkezinde agrosenagat toplumynyň maldarçylyk, guşçulyk, balykçylyk ýaly pudaklarynyň ot-iým, ot-iýmlik goşundylary, weterinariýa we enjamlaryň «KormWet — 2023» ýöriteleşdirilen halkara sergisi geçiriler. Bu halkara serginiň guramaçylygyna Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministrligi, pudaklaýyn birleşmeler we assosiasiýalar, şeýle-de 60-dan gowrak agrosenagat ugry boýunça ýöriteleşen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri goldaw berýär.

«KormWet» halkara sergisi maldarçylyk toplumlarynda işewürligi ýola goýmaga ýardam edýän iň gowy ot-iýmleriň öndürilişi, weterinariýa hyzmatlary, ot-iýmleriň senagat derejesindäki önümçiligi babatda iň öňdebaryjy enjamlar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Taýýarlan: Enejan ÇARYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar