Medeni hyzmatdaşlyk

17 Oktýabr 2023
669

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryhy pursatlara, buýsandyryjy üstünliklere, döredijilikli başlangyçlara baý ýyl bolup, döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Bu ýylyň taryhy aýratynlygynyň ýene bir sebäbi-de döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy bilen baglydyr. Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, döwlet Baştutanymyza mähriban Watanymyzyň şan-şöhratyny we mertebesini artdyrmakda alyp barýan yzygiderli hem-de maksada okgunly işleri üçin şeýle belent adyň dakylmagy halkymyz bilen bilelikde biz — ýaşlar üçin hem örän buýsandyryjy, guwandyryjy, şatlykly habar boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara guramalar bilen bilim we ylym babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, umumy medeni giňişligi döretmek, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ylym, bilim, medeni diplomatiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Dünýä döwletleri, halkara guramalar, aýratyn-da, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde uly ähmiýete eýedir.

Bägül ORAZMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar