Parahatçylygyň we ösüşiň aýdyň ýoly

17 Oktýabr 2023
874

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň abraýy has-da belent derejelere eýe bolýar. Hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bişkek şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde öňe süren birnäçe möhüm teklipleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürmegi we olaryň dünýä jemgyýetçiliginde gyzyklanma döretmegi, goldaw tapmagy bilen berkarar döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar