Ýüreklere uzaýan dostluk ýollary

16 Oktýabr 2023
447

Aşgabadyň ajaýyp Halkara howa menzili. Uçuş zolagyndan dostlukly döwlete ugur alan, emaý bilen arassa, asuda asmanymyza göterilip, howa giňişliginde ganat ýaýyp barýan laçyn nyşanly uçaryň aýnasyndan eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin iň amatly, ösen şäherleriniň birine öwrülen, Aziýanyň merjeni — gözel Aşgabadyň nurana keşbini belentden synlamak, gör, neneňsi ýakymly! Şähere bezeg berip oturan, agşamky ýagan ýagşa oňat ýuwlan baglardyr ak mermere beslenen binalaryň, düýbünden özgeren G.Kulyýew köçesiniň ugruna görk berýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara jaýlarynyň we söwda merkezleriniň gündogara uzaýan hatarlarynyň barha daşlaşýan görkünde gözüň eglenende paýtagtymyzda, şonuň ýaly-da ýurdumyzda bitirilýän beýik işlere buýsanjyň artýar.

Şu pursatlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Prezident wezipesine girişen günlerinde aýdan sözleri hakydaňa dolýar. «Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar». Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär.

Annamyrat MÄMMEDOW,
«Aşgabat» gazetiniň baş redaktory. Aşgabat — Bişkek — Aşgabat.
Beýleki habarlar