Ähli gowy zatlar — çagalara!

29 Awgust 2023
1549

Çaga eşikleri satylýan dükanyň içinde eneli-agtyk başagaýdy. Ene agtyjagynyň saýlap tutan köýneginiň o ýan, bu ýanyna bakyp, kän eglendi. Muňa takady ýetmedik gyzjagaz: «Ene, geýip göräýeýin-le!» diýip, özelendi. Geýim geýilýän otagdan çykanda begenjinden ýaňa uçaýjak bolýan gyzjagaz täze köýneginde «pyr-pyr» pyrlanýardy. Köýnek oňa laýykdy. Özem şeýle bir gelişýärdi. Ene muňa guwanmak guwandy. Eneli-agtyk hoş bolup dükandan çykdylar. Bu ýakymly pursady synlap durşuma öz ýanymdan «Täze zady çaga geýdiräýseň» diýdim. Gyzjagazyň täze köýnek geýendäki begenjini hiç bir şatlyk bilen çalşyp bolmasa gerek.

«Ähli gowy zatlar—çagalara!» ýörelgesinden ugur alynýan, çagalaryň sagdyn bedenli, belent ruhly kemala gelmekleri, döwrebap bilim we terbiýe almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri ugrunda bimöçber aladalar edilýän eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdy hökmünde dünýä tanalýar. Çaga eşikleridir oýnawaçlar satylýan dükanlara barsaň, haryt bolçulygyndan gözüň dokunýar. Toý-baýramlarda, medeni-dynç alyş seýilgählerinde owadan geýnüwli şadyýan oglan-gyzjagazlary göreniňde bolsa, göwnüň göterilýär.

Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Ahal durmuşy». SURATLARDA: «Esli» hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan işlerden görnüşler.
Beýleki habarlar