Gadymy medeniýetiň ojagy

2 Awgust 2023
1476

Köneürgenç şäheri türkmen halkynyň we bütin dünýäniň deňsiz-taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Köneürgenç gadymy Horezm döwletiniň paýtagty Gürgenç şäheriniň galyndylarynyň ýanynda gurlan häzirki zaman şäheridir. ХV asyrdan soňra Gürgenç şäheriniň eteginden akýan Amyderýanyň akymynyň ugry üýtgäp, paýtagt Hywa şäherine göçürilýär.

Gürgenjiň soňky wagtda Köneürgenç diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi özünden 190 kilometr uzaklykda Ürgenç ady bilen ýene bir şäher gurulýar. Häzirki Horezm welaýatynyň merkezine öwrülen bu şäher Täze Ürgenç, Gürgenç bolsa Köneürgenç diýlip başlanýar.

Ogulşirin KURBANOWA,
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky 53-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.
Beýleki habarlar