Azal başy bereket

27 Iýun 2023
1679

Geçmişde topragy kadaly işläp bejermek üçin ýönekeý, ujy ýiteldilen taýak, daşdan ýasalan zähmet gurallary oýlanyp tapylypdyr. Gadymy Marguş medeniýetine degişli ýadygärlikleriň çäklerinde arheologiýa gazuw-agtaryş işleri geçirilende, bürünçden ýasalan zähmet gurallary ýüze çykarylýar. Olaryň arasynda uzynlygy bary-ýogy 7 santimetr bolan täsin tapyndy bar. Ol tapyndynyň agaç azala dakylan gurala meňzeşdigi mälim edildi. A.A.Maruşenkonyň beýan etmegine görä, Günorta Türkmenistanda biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllykda metalyň giň ýaýrama eýe bolmagy bilen, azal iş ýüzünde doly peýdalanylyp başlanypdyr.

Azalyň oýlanyp tapylmagy biziň eýýamymyzdan öňki VI—V müňýyllyklara gabat gelýär. Ekerançylygyň özleşdirilmegi azalyň gadymdan bäri ulanylyp gelnendigine we zähmet bölünişiginiň ýüze çykmagyna täsir edendigine güwä geçýär. Dünýä halklarynyň köpüsinde we şol sanda türkmenleriň ata-babalarynyň ekerançylyk medeniýetinde ýeri ýönekeý zähmet guralynda işläp bejermek, sürmek, agdarmak tejribesi ösdürilipdir. Ol wagtlar ekerançylyk ýerleri azal guralynda işlenipdir. Etnografiýa maglumatlaryna görä, XIX asyryň aýagynda, XX asyryň başlarynda topragy ýönekeý görnüşde azal bilen işlemek has-da ýörgünli bolupdyr. Ekerançylyk bilen meşgullanan pederlerimiz azal guralyndan peýdalanypdyrlar. Azal topragyň çuň we göwnelaýyk sürülmegine oňaýly ýardam edipdir.

Perman HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar