El bukja
Gelin-gyzlarymyzyň mähir-yhlasy siňen el işleriniň biri hem el bukjalarydyr. El bukjalar dürli mata bölejiklerinden tikilip, owadan görnüşi emele getirýär. Gurama usulyndaky el işlerini ýerine ýetirmek, aýratyn hem, Lebap welaýatynda has-da ýörgünlidir. Bukjany taýýarlamak üçin matanyň üç tarapy eplenip biri-birine tikilmeli, galan bir tarapy bolsa açyk ýagdaýda bolmaly. Bukjalar görnüşi boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Olardan aýna-darak bukjalaryny, el iş salynýan bukjalaryny, sep bukjalaryny görkezmek bolar. Bu bukjalar hem mata bölekleriniň reňkleri, nagyşlary, ululygy we kiçiligi bilen tapawutlanýarlar.