"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Üstünligiň aýdyň beýany

Häzirki ajaýyp döwürde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni taryhy wakalara, uly üstünliklere beslenýär. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň senagat kuwwaty artýar. Munuň özi ýurduň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde göz öňünde tutulýan maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Şunda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly işleriň rowaçlyklara beslenýändigini bellemek gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde iň döwrebap desgalar, täze binalar gurlup ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň, esasan hem, senagat pudaklarynyň ösüşleri, bu ugurda täze-täze desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi uly many-mazmuna eýedir. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda işler ýokary derejede guralýar. Tutuş dünýäde bolşy ýaly, ýokary zähmet öndürijiligini gazanmakda, bäsdeşlige ukyply önümleri taýýarlamakda tehnologiýalar bilen üpjün edilen senagat desgalarynyň aýratyn hyzmatynyň bardygy bellenmäge mynasypdyr.

Ulag diplomatiýasynyň rowaç menzilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ulag diplomatiýasyny üstünlikli ilerletmek bilen, beýik işleri we ägirt taslamalary yzygiderli amala aşyrýar. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde ýurdumyzda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ulag-kommunikasiýalar toplumynda netijeli özgertmeler amala aşyrylýar. Ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmek, halkara üstaşyr ulag mümkinçiligimizi doly ulanmak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär» diýip, geljegi uly bolan bu ulgamyň geriminiň barha giňeldilýändigine üns çekdi. Ulgamy ösdürmegiň, ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmegiň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» kesgitlenendir. Resminamada ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, degişli düzümleri döretmek, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri geçirmek hem-de strategik maksatlaryň uly toplumyna ýetmek wezipeleri göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze dereje bermäge gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnama hem bar.

Burawlaýjylaryň zähmet üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde bu gün ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy täzeçe ösüşlere eýe bolýar. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda «mawy ýangyjy» diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak babatda möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Gaz guýularyny burawlamakda, gurluşygy bilen doly tamamlap ulanyşa girizmekde gazçylaryň döwletimiz tarapyndan hil taýdan öňdebaryjy önümler we tehnologik enjamlar bilen üpjün edilmegi bolsa, işleri çalt depginde ýokary hilli ýerine ýetirmeklige şert döredýär.

Yhlaslary myrat tapýar

Türkmen topragynyň ýerasty baýlyklaryny ýurdumyzyň ösüşleriniň hyzmatynda goýmak ýaly il-ýurt bähbitli işe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dokuz aýynda çeken zähmetleri-de tüýs ýerine düşdi. — Biziň agzybir hem-de zähmetsöýer hünärmenlerimiz ýurdumyzyň Lebap we Balkan welaýatlarynda gözleg-buraw işlerini giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Olaryň belent maksatlara gönükdirilen işleri üstünliklere hem beslenýär. Şanly ýylymyzyň geçen döwründe tebigy gazyň täze ýataklarynyň üstüniň açylmagy bolsa bizi has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar — diýip, ekspedisiýanyň baş inženeri Derkar Bekdurdyýew gürrüň berýär.

Tebigy gaz eşret berýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mary welaýatynyň merkezi Mary şäherinde-de ilatyň sany artyp, täze ilatly ýerler emele gelýär. Munuň özi ilaty tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin täze gaz geçirijilerini gurmak, ozalky hereket edýän gaz geçirijileriň durkuny täzelemek wezipesini öňde goýýar. «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň iri kärhanasy bolan «Maryşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri öz işlerini şu günüň talaplaryna laýyk gurap, welaýat merkezinde bar bolan kyrk bir müň bir ýüz segsene golaý hojalygyň her birini ýylyň bütin dowamynda döwletimiziň halkymyza berýän eşreti — tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edýärler. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň başyndan bäri geçen döwürde şäheriň ýaşaýyş jaý toplumlarynda, Milli maksatnama laýyklykda, umumy uzynlygy dokuz ýüz metr bolan ýokary, orta hem-de pes basyşly täze gaz geçirijilerini gurup ulanmaga berdiler.

Nebit senagatynda işler talabalaýyk amala aşyrylýar

Türkmenistan dünýäde nebitiň we gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen, biziň ähli sebitlerimiz diýen ýaly gazylyp alynýan tebigy baýlyklara baýdyr. Bu babatda günbatar sebitimiz «gara altynyň» gory boýunça aýratyn tapawutlanýar. Şol sanda, nebit ölçeginde Hazaryň türkmen bölegine degişli kenar ýakasynda hem uglewodorodlaryň uly gorlary jemlenendir. Gazylyp çykarylýan uglewodorod çig malynyň möçberini artdyrmak «Türkmennebit» döwlet konserniniň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Konsern ýataklaryň otuzdan gowragynda nebit işlerini geçirip, olar dürli tapgyrlarda alnyp barylýar. Şol ýataklaryň ýokary netijeli işlenip taýýarlanylmagy olaryň geologiýa gurluşynyň aýratynlyklaryny doly nazara almak bilen şertlendirilýär. Bu wezipeleri çözmek üçin konsern işiniň ähli ugurlary boýunça täze tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary giňden ornaşdyrmak bilen, önümçiligi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrýar. Konsern guýulary düýpli abatlamak, ýataklaryň önüm berijiligini artdyrmak, döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek we önümçiligi awtomatlaşdyrmak ýaly ugurlarda kompaniýalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

Hünärmenleriň ygtybarly işleri

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny özünde jemleýän ýangyç-energetika toplumynda bu gün döwrebap işler amala aşyrylýar. Bu ugurda «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestine degişli bolan Abatlaýyş-mehaniki zawodynda hem öwgä mynasyp işler bitirilýär. Öz işine ussat hünärmenlerimiz geologiýa-gözleg işlerinde hem-de uglewodorod çig mallaryny çykarmakda peýdalanylýan buraw desgalaryny, gurallardyr enjamlary, dürli kuwwatlyklardaky nasoslary abatlap, olara «ikinji ömri» bermegi başarýarlar. Kärhanamyzda ýokary hil derejesinde taýýarlanylýan rezin önümleriň görnüşleriniň sany 600-e golaýlaýar. Zerur bolan çig maly öz ýerinde gaýtadan işlemekden başlap, şeýle köp görnüşli rezin önümlerini taýýarlaýan önümhana bolsa, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň hiç bir pudagynda ýokdur. Diýarymyzda nebitgaz toplumy boýunça geçirilýän halkara derejesindäki sergilerde daşary ýurtly ugurdaş düzümleriň hünärmenleri kärhanamyzda taýýarlanýan dürli görnüşli ätiýaçlyk şaýlara hemişe ýokary baha berýärler.

Mümkinçilikleriň giňişligi

Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli 3-nji noýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy—2024» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat öz işine başlady. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara sergide ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda, energetika pudagynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler görkezildi. Forumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem köp sanly işewürler gatnaşdy. Dabara hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy — 2024» atly halkara sergä hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlady. Gutlagda nobatdaky forumyň türkmen hünärmenleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirilýär.

Gurluşyk-senagat toplumy: täze mümkinçilikler, halkara tejribeler

Ata Watanymyz Türkmenistan täze taryhy eýýamda kuwwatly önümçilik düzüminiň döredilmegini, ýokary hilli önümleriň möçberleriniňdir görnüşleriniň artdyrylmagyny esasy ugur edinip, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirýär. Paýtagtymyzda 3 ― 5-nji noýabrda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara serginiň hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň geçirilmegi munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumy: ägirt uly mümkinçilikler

Aşgabat, 3-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat öz işine başlady. Söwda-senagat edarasy, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, “Türkmen energiýa forum” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli sergi gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika we himiýa senagaty, ýol gurluşygy ulgamynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň hödürleýän ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň uly topary — ozaldan gelýän hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny görkezýär. Şu gezekki sergä Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň kompaniýalary gatnaşýar. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Sergä we maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda häzirki döwürde eziz Watanymyz

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan, Gazagystandan, Owganystandan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portlandsementi, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de türkmen telekeçileriniň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 557 müň 400 amerikan dollaryna deň boldy.

Mahabatyň gelip çykyşy we ösüş ýoly

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2016 ý.) kabul edilmegi bilen, bu ulgamyň işini giň gerimde ýaýbaňlandyrmaga täze mümkinçilikler açylyp, bu ugurda iş alyp barýan taraplaryň işleriniň hukuk binýady pugtalandyryldy. Häzirki wagtda dürli mahabat gulluklary, neşirleri öz işlerini üstünlikli alyp barýarlar.

Marketingiň esaslary

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 2. Marketingiň düýp mazmuny we onuň wezipeleri.

Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda esasy çemeleşmeler

Ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylyk düşünjesi döwletiň baýlyklaryny içerki we halkara bazarlarda bäsdeşlik artykmaçlyklaryny döretmek we durmuşa geçirmek üçin netijeli ulanmak ukyby bolup durýar. Ol ykdysadyýetdäki ösüş derejesini, ýurduň innowasion kuwwatyny, infrastruktura mümkinçiliklerini, dolandyryşyň hilini we işewürligiň şertlerini şöhlelendirýär. Ýokary bäsdeşlige ukyplylyk ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmäge, eksportyň ösmegine we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şu makalada durnukly ösüş üçin ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin esasy çemeleşmeleri beýan etmäge çalşarys. Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bu makroykdysady faktorlary strategik taýdan dolandyrmagy, infrastrukturany ösdürmegi, işewürlik şertlerini gowulandyrmagy we ýurduň innowasion kuwwatyny ýokarlandyrmagy öz içine alýan toplumlaýyn mesele bolup durýar. Häzirki zaman şertlerinde bolsa, globallaşmagy, sanly ulgama geçmegi we ekologik talaplaryň täsirlerini hem göz öňünde tutmak zerurdyr. Aňsat bolmadyk bu meselede ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin esasy çemeleşmeleri we strategiýalary agzap geçmek dogrudyr:

2024-nji ýylyň öňdebaryjy dokma kompaniýalary

Juda irki siwilizasiýalardan gözbaş alyp gaýdýan dokma senagaty dünýäniň iň uly we iň gadymy pudaklaryndan biridir. Şeýle-de bu pudak dünýä ykdysadyýetiniň millionlarça adama iş mümkinçiligini döredýän möhüm bölegidir. Süýüm we ýüplük öndürmekden taýýar önümlere çenli önümçilik ulgamyny amala aşyrýan bu pudak çylşyrymly ugurlaryň biri hasaplanýar. Sarp edijileriň ösen islegleri nazarda tutulyp, bu ugur boýunça möhüm üýtgeşmeler bolup geçdi. Dünýädäki iň irki esaslandyrylan kompaniýalar ägirt uly tehnologik ösüşlere eýe boldular. Bazarda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri öndürmek üçin bolsa, dokma önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalara ýokary kuwwatly innowasiýa we durnukly ösüş iňňän uly zerurlyga öwrülýär. Çalt üýtgeýän landşaftda bu ugurdaky kompaniýalaryň üstünligini üpjün etmek kämil tendensiýalardyr tehnologiýalar bilen täzelenip durmagy şertlendirýär. Ýer ýüzünde ýokary öndürijilikli kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen, dünýä bazarynda öz ornuny pugtalandyrýan dokma kompaniýalary diýseň köp. 2024-nji ýylda iň öňdebaryjylaryň sanawynda durýan käbir kompaniýalar barada durup geçmek isleýäris.

Altyn öwüşginli ykdysadyýet

Ermenistan geçen asyryň 80-nji ýyllarynda çig malyň we energiýanyň öwezine goňşy ýurtlaryny maşyn gurallary, dokma we beýleki taýýar önümler bilen üpjün edip, häzirki zaman senagat pudagyny ösdürdi. Merkezleşdirilen ykdysady ulgamyň dargamagy hem-de ýurduň syýasy durnuksyzlygy 1990-njy ýyllaryň başynda ykdysady çökgünligiň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Soňky ýyllarda hasaba alnan depginli ösüşe garamazdan, 2020-nji ýylda gaýtadan ýüze çykan geosyýasy meseleler ýurduň jemi içerki önüminiň 7,2 göterim pese düşmegine getirdi. Netijede, şol ýyl Ermenistanyň döwlet karzy 67,7 göterime çenli ýokarlandy, ýöne oýlanyşykly ykdysady çemeleşmeler arkaly 2022-nji ýylda görkezijini 50 göterime çenli peseltmegiň hötdesinden geldiler. Bütindünýä Bankynyň resmi hasabatyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça Ermenistanyň jemi içerki önümi 24,21 milliard amerikan dollaryna deň boldy. «Trading Economicsiň» hünärmenleriniň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiniň 24,14 milliard amerikan dollaryna, 2025-nji ýylda bolsa 25,70 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Ermenistanda jemi içerki önüm 1990-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli ortaça 7,41 milliard amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Ýeri gelende bellesek, Ermenistanyň JIÖ-si dünýä ykdysadyýetiniň bary-ýogy 0,02 göterimini emele getirýär. Daşary söwda dolanyşygy

Russiýada mesgäniň bahasy gymmatlaýar

«Rosstat» statistika gullugynyň habaryna görä, Russiýada şu ýylyň başyndan bäri, mesgäniň bahasy 25,7 göterim gymmatlady. Soňky hepdäniň dowamynda bolsa bu görkeziji 1,9 göterime çenli ýokarlanypdyr. Şeýle-de «Rosstat» soňky hepdäniň dowamynda peýniriň we gaýmagyň bahalarynyň 0,7 göterim gymmatlandygyny mälim edýär.

Paýnamalaryny satyp başlady

«Bloomberg» ykdysady habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, «Boeing» kompaniýasy 19 milliard amerikan dollary baha deň bolan paýnamasynyň satuwyna badalga berdi. «Boeing» maýa goýujylara 90 million adaty paýnamalaryny hödürledi. Bu resminamalaryň bahasy 13,95 milliard amerikan dollaryna barabardyr. Mundan başga-da, kompaniýa bahasy 5 milliard amerikan dollaryna deň bolan depozit paýnamalarynyň satuwy dogrusynda hem yglan etdi.

«Dropbox» işgärleriniň sanyny azaldar

«Dropbox Inc.» amerikan kompaniýasy işgärleriniň 20 göterimini işden boşatmagy meýilleşdirýär. Beýle üýtgeşmeler kompaniýanyň käbir bölümleriniň emeli aň tehnologiýalary arkaly enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň ahyrynda kompaniýanyň işgärler düzümi 2693-den ybaratdy.

ABŞ-nyň ilatynyň girdejisi ýokarlanýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň söwda ministrliginiň mälim etmegine görä, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ýurduň ilatynyň girdejisi awgust aýynyň girdejisine garanyňda, 0,3 göterim ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ilatynyň çykdajysy hem 0,2 göterim ýokarlandy.