Çar ýana uzaýan dostluk ýollary
Ýer ýüzünde belent abraýy barha beýgelýän Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde, ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini yzygiderli giňeldýär. Ata Watanymyzdan dünýäniň çar künjegine uzaýan awtoulag, demir, deňiz we howa ýollary gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden, döwrebap usullar bilen dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda ulag ulgamynda «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça ulag ulgamynyň gerimi giňeldilýär. Bu babatda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, golaýda açylyp, ulanylmaga berlen Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoly, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki, şeýle hem ýurdumyzyň welaýat merkezlerindäki Halkara howa menzilleri, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýaly geljegi uly ähmiýetli desgalar Türkmenistanyň sebitiň hem-de yklymyň esasy ulag-logistika merkezi hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylda «Durnukly, köpugurly