"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly zähmet üstünlikleri bilen garşylanýan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň içeri we daşary syýasatyny ösdürmekde alyp barýan döwletli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçiren kabul edişlikleri

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ogly, Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we kakasy — Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny, halkymyza abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny hem-de şanly sene mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr,Ömürleriň manysy söýgi, mähir, yhlasdyr,Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!Külli ynsan hakyna belent maksat tutany —Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

Garaşsyzlyk – şanly toýuň mübärek!

Eý, Sen, beýik ertirime ynamym,Gözlerimiň agy hemem garasy!Türkmenistan,gözüm açyp görenim,Dünýä içre Watanlaryň seresi! Garaşsyzlyk – şanly toýuň mübärek,Men Saňa şeýle bir guwanýan welin,Özümem Sen bilen günde ulalýan,Ýogsa adam ýylda ulalýar welin...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly adamlar!

PEDERLERIŇ PAÝHAS DÜRLERI

Ýagşy niýet — ýarym döwlet. ***

Garaşsyzlyk, döwletlilik senasy

Şu gün — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni. Garaşsyzlygyň geçen 33 ýyly halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyryp, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň ornuny berkitmäge gönükdirilen beýik işler bilen şöhratlandy. Şol işleriň ählisi milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýar. Garaşsyz Watanymyzyň belent sepgitlere ýetmegi, ykdysady taýdan ýokary depginde ösmegi geljegimiziň has-da röwşendigini wada berýär. 1991-nji ýylyň güýzünde dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti peýda boldy. Berkarar döwletimiziň iň täze taryhy, biziň ösüşlerimiz we üstünliklerimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Geçen 33 ýylyň dowamynda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanyna baýramçylyk konserti

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde milli baýram — Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Garaşsyzlygyň beren miwelerini, halkymyzyň bitewüligini, belent ruhy ýeňişlerini, döredijilikli taryhy işlerini dabaralandyrmak aýdym-sazly çykyşlaryň baş şygaryna öwrüldi. Indi 33 ýyl bäri ösüşiň we döretmegiň ýoly bilen öňe barýan Watanymyzyň her bir güni beýik işlere, taryhy üstünliklere beslenýär. Dabara sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylar, belli folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar. Şanly günde çykyş etmek artistleriň ussatlygynyň we zehininiň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany boldy. Çykyşlar tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Hal­ka da­ýa­nyp, hal­kyň ha­ty­ra­sy­na

Halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň iň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy bo­lup dur­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty wa­tan­daş­la­ry­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, jem­gy­ýe­tiň je­bis­li­gi­niň has-da ber­ki­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar. Mu­ňa biz onuň ata Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mä­ge, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­le­rin­de, her ýyl mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän mej­lis­le­rin­de il-ýurt bäh­bit­li mö­hüm çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gin­de aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. 24-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da­ky Mas­la­hat köş­gün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si hem bu ha­ky­ka­ty no­bat­da­ky ge­zek açyp gör­kez­di. Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ri­len umu­my­mil­li fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de ösüş hem ro­waç­lyk ýo­ly bi­len üs­tün­lik­li öňe git­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di

Ga­raş­syz­lyk — bar­ly­gy­myz, bag­ty­myz

Hä­zir­ki ta­ry­hy pur­sat­lar­da Ga­raş­syz­ly­gy­myz, onuň göz­baş­la­ry hem esas­la­ry ba­ra­da ýat­la­mak ýa­kym­ly. Dog­ru­sy, bu mu­kad­des­lik ba­ra­da he­mi­şe pi­kir et­me­li, oňa he­mi­şe gu­wan­ma­ly we ol ha­kyn­da­ky pä­ki­ze duý­gy-dü­şün­je­le­ri he­mi­şe aňyň­da hem ýü­re­giň­de gö­te­rip gez­me­li. Se­bä­bi bi­ziň öz­baş­dak mil­let, öz­baş­dak döw­let­li halk hök­mün­dä­ki her bir üs­tün­li­gi­mi­ziň, ýe­ňiş­le­ri­mi­ziň hem ga­zan­ýan ab­raý-mer­te­bä­mi­ziň göz­ba­şyn­da Ga­raş­syz­ly­gy­myz du­ran­dyr. Şon­suz bi­ziň öňe git­me­gi­miz müm­kin bol­maz­dy. Ga­raş­syz­lyk di­ňe bi­ziň öz­baş­dak döw­le­ti­mi­ziň bar­ly­gy­ny däl, oza­ly bi­len, öz­baş­dak halk hök­mün­de bi­ziň özü­mi­ziň bar­ly­gy­my­zy aň­lad­ýan­dyr. Ga­raş­syz­lyk — bar­ly­gy­myz. Ga­raş­syz­lyk — bag­ty­myz. * * *

Ga­raş­syz­lyk ýo­ly bi­len be­ýik gel­je­ge!

Şu gün — 27-nji sent­ýabr­da ag­zy­bir we je­bis hal­ky­myz Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­ny aý­ra­tyn ru­hu­be­lent­lik, şat­lyk bi­len gar­şy­la­ýar. Şan­ly baý­ram my­na­sy­bet­li Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň be­lent dö­re­di­ji­lik ru­hu­ny, öz­ger­di­ji güý­jü­ni ala­mat­lan­dyr­ýan da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Döw­let mün­be­ri top­lu­my­nyň öňün­de ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­ly har­by ýö­riş­de bol­sa Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş kuw­wa­ty, hal­ky­my­zyň pa­ra­hat we asu­da dur­mu­şy­nyň, mu­kad­des ser­het­le­ri­niň hem-de Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ga­za­nan­la­ry­nyň go­ra­gyn­da du­ran türk­men es­ger­le­ri­niň ýo­ka­ry hü­när us­sat­ly­gy, ba­şar­jaň­ly­gy açy­lyp gör­ke­zi­ler. Ga­raş­syz­lyk gü­ni ýur­du­my­zyň özyg­ty­ýar­ly ösü­şin­dä­ki şöh­rat­ly ýo­lu­nyň şu ge­zek­ki tap­gy­ry­nyň je­mi­ni jem­le­ýän we tä­ze me­ýil­na­ma­la­ry düz­ýän sep­git­dir. Wa­tan­daş­la­ry­myz Ga­raş­syz­ly­gyň 33 ýyl­ly­gy­ny baý­ram et­mä­ge my­na­syp taý­ýar­lan­dy­lar. Türk­men döw­le­ti­niň ber­ka­rar­ly­gy­nyň no­bat­da­ky tap­gy­ry­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýan üs­tün­lik­ler mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär. Şan­ly se­nä­niň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň XXV mas­la­ha­ty­ny

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly adamlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Eziz watandaşlar!

Garaşsyzlyk — guwanjym

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy mynasybetli welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde «Garaşsyzlyk — guwanjym» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler oňa gatnaşyjylary baýram bilen tüýs ýürekden gutladylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň beýik ösüşlere eýe bolýandygyny,  mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny agzybir halkymyzyň uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygyny buýsanç bilen bellediler. Ajaýyp zamanamyzda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň sanynyň yzygiderli artmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutumlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

YKRARA MYNASYP ZEHINLER

Mälim bollşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli şu günler ýurdumyzda dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar. Bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, žurnalistler, yazyjy-şahyrlar, aýdymçy-sazandalar, mahlasy, milli medeniýetimizin we sungatymyzyň ösmegine önjeýli goşant goşan zehinleriň aglabasy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Bu bäsleşigiň ýenijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň aglabasynyň dörediji ýaşlar bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara uly ynam bildirýändiginiň aýdyň mysalydyr. Gursagyny Şa serpaýlary — altyn güýzüň ýalkymy bilen utgaşýan altyn zynjyr bezäp duran döredijilik işgärleriniň zybanynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden ýaňlanýar.Ýeri gelende, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda biziň «Dünýä edebiýaty» żurnalymyzyň redaksiýasynyň jogapkär kätibi Gülşat Orazmyradowanyň hem bolmagy, döredijilik işgärlerimiziň ählisiniň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgusyny döretdi. «Meniň  ujypsyz zähmetime uly baýragyň — Şa serpaýynyň berilmegi, yüregimdäki menzilli maksatlarymyň ýaýraw

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlandy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli etrap häkimligi we etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde «Dilnäz-Gülnäz» toý mekanynda «Garaşsyzlyk berdi bu beýik bagty» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdik. Oňa etrabyň il sylagly ýaşululary, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, edara-guramalaryň öňdebaryjy işgärleri gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresi ýokary ruhubelentlige beslendi. Onda medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp aýdym-sazly çykyşlaryna, baýramçylyk gutlaglaryna giň orun berildi. Watanymyzyň bagtyýarlygy, halkymyzyň agzybirligi wasp edilip ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlar zähmetkeşleriň watansöýüjilik duýgularyny we zähmet joşgunyny has-da belende galdyrdy.

Garaşsyzlyk bagt getirdi halkyma

Ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň we welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda «Garaşsyzlyk bagt getirdi halkyma» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen baýramçylyk çäresinde çykyş edenler bu ýere ýygnananlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramy bilen mähirli gutladylar. Ýurt Garaşsyzlygy gazanylandan bäri geçen ýyllaryň içinde ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, gazanylan üstünlikler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna

Ajaýyp senäniň buýsanjy Şu günler Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäreler giň gerime bolýar. Golaýda etrapdaky “Alkyş” toý mekanynda-da şeýle çäreleriň biri geçirildi. “Garaşsyzlyk bagt getirdi Diýara” atly bu çäräni TKA-nyň etrap birleşmesi TDP-niň, TAP-niň etrap komitetleri, TMÝG-niň etrap geňeşi we etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde gurady. Baýramçylyk çäresine ýokarda atlary agzalan guramalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Watanymyzyň şanyna yhlasly we döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary

25-nji sentýabrda  paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça dabaralara Mejlisiň wekilleri, Hökümet agzalary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary ýetip gelýän şanly baýram — ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de bagtyýarlyk, rowaçlyk, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze sepgitleri, döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Watanymyzyň Şanyna yhlasly we döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary

Aşgabat, 25-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglanyldy, şeýle hem ildeşlerimiziň birnäçesi «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň a