"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Aşgabatda “Türkmentel-2024” sergisi açyldy

Penşenbe güni Aşgabat şäherinde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlaryna we teleradioýaýradyş enjamlaryna bagyşlanan “Türkmentel-2024” atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy.  Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow serginiň açylmagy mynasybetli oňa gatnaşyjylara we guramaçylara iberen gutlag hatynda telearagatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ähmiýetini belledi. “Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmek we döwrebaplaşdyrmak üçin düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär” diýip, Türkmenstanyň döwlet Baştutany belleýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Beýik ösüşleriň röwşen menzilleri

Şu gün 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu giň möçberli halkara çäresine «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň, hojalyk jemgyýetleriniň, hususy kärhanalaryň we telekeçileriň 40-dan gowragy hem-de Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Fransiýa Respublikasy, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Birleşen Arap Emirlikleri, Malaýziýa, Azerbaýjan Respublikasy ýaly döwletlerden 70-e golaý kompaniýalar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda maglumat tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän «Huawei», «Nokia», «Motorola», «Thales Alenia Space», «Delta Telecom Ltd», «Space Systems International Monaco», «Cisco», «Azertelecom» ýaly kompaniýalar hem bar.

Türkmenistan halkara aragatnaşyk ulgamynyň möhüm merkezi

Düýn ýurdumyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty açyldy. Munuň özi ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýetli wakadyr. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyz tehnologik ösüş babatda uly üstünliklere eýe bolýar. Häzirki wagtda innowasion düzüme ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, onuň hemmetaraplaýyn sanlylaşdyrylmagyna hem-de iň gowy dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine, şol sanda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Arkadag şäheri: sanly konsepsiýanyň, oýlap tapyşlaryň ornaşdyrylýan mekany

Ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda durmuşa geçirilýän işler diýseň buýsandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» bolsa ýurdumyzda innowasion ösüşleri durmuşa geçirmegiň hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan paýhasyndan gurlan Arkadag şäheri sanly çözgütleriň iň soňky gazananlaryny özüne birleşdirýän sebitde ilkinji «akylly» şäher bolmak bilen, adamlarda parahat hem sapaly durmuşda döredijilikli işlemegiň joşgunyny döredýär. Arkadag şäherinde ylmyň iň soňky gazananlarynyň şeýle netijeli ornaşdyrylyşy ony geljegiň şäheri adyna eýe edýär. Şäher gurluşygy babatda dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeli ýurtlary hem sebitde deňi-taýy bolmadyk bu ajaýyp şäherde ekologiýa abadançylygy, «ýaşyl» tehnologiýalar bilen birlikde, sanly ulgamyň täzeçillikleriniň iň soňkularynyň ornaşdyrylyşyny döwrebap tejribe hökm

«Akylly» şäherde aragatnaşyk hyzmaty

Arkadag şäheri — ösen tehnologiýalara daýanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasy, hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary bilen gurlan «akylly» adyna muwapyk ajaýyp şäher. Onda durmuş hyzmatlaryndaky zamanabaplyk hem aýdylanlary tassyklaýar. Arkadag şäheriniň edara-kärhanalary we ýaşaýjylary üçin 20 000 belgilik döwrebap GPON ulgamy we 25 000 müşderä niýetlenen we goşmaça giňeltme mümkinçiligi bolan 235 töweregi telewizion kanallaryny alyp görkezýän IP TV ulgamy gurnalyp işe goýberildi. Bu tehnologiýalaryň işe girizilmegi bilen, her bir öýe optiki-süýümli ulgam çekilip, tizlikli internet, IP TV hem-de telefon ulgamyndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan şäheriň edara-kärhanalaryna wirtual serwer, fiziki serwer, kolokasiýa we sanly akym hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Şäheriň Baş baýdak meýdançasynda, «Arkadag Binasynda», 10 000 orunlyk stadionda, «Gökdere» söwda we dynç alyş merkezinde raýatlaryň medeniýetli dynç almagy üçin, her ulanyja ýokary tizlikde internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän Wi-Fi zolagy döredildi. Şäherde gurlan desgalarda elektrik energiýasy, gaz üpjünçilik ulgamy we agyz suwy üçin sanly ulgam arkaly hasaplaşyklary geçirmäge hem-de «akylly» şäher we «akylly» öý ulgamlaryny döretmäge, bu hyzmatlardan aralykdan peýdalanmaga mümkinçilik berýän

«Akylly» yşyklandyryjy

«Xiaomi» kärhanasy «Mijia Vertical Study Lamp Pro» atly iş ýerini ýagtyldýan «akylly» yşyklandyryjysy bilen tanyşdyrdy. Yşyklandyryjynyň beýikligi 2 metre, uzynlygy bolsa 1,05 metre ýetýär. Enjamda birbada iki sany lampa oturdylyp, olaryň birinjisi aşak, ikinjisi ýokaryk bakýandyr. «Mijia Vertical Study Lamp Pro» yşyklandyryjysynyň bahasy 677 amerikan dollaryna deňdir.

Emeli aň bilen işleýän kärhana

«Changan» hem-de «Huawei» hytaý kompaniýalary bilelikde «Changan Auto» diýlip atlandyrylan awtomobilleri öndürýän kärhana açdylar. Täze kärhana emeli aňyň kömegi bilen iş alyp barýan ilkinji kompaniýalaryň biri bolar. Kärhananyň umumy meýdany 400 inedördül metre deň bolup, onuň içinde 1,5 müňe golaý robotlaşdyrylan enjamlar oturdylandyr.

Russiýadaky iň meşhur robot tozan sorujylar

«Ali Express» onlaýn platformasy Russiýada 2024-nji ýylyň üç çärýeginiň jemi boýunça iň meşhur robot tozan sorujylaryň sanawyny düzdi. Sanawyň ilkinji bäşligi şulardan ybarat: «Roborock Q7 MAX Plus», «Roborock S8 Robot Vacuum Cleaner», «Dreame Bot L10 Pro», «Roborock Q8 Max» we «Xiaomi Mi Omni Robot 1S».

«Xiaomiden» ýene bir täzeçillik

«Xiaomi» kompaniýasy «Smart Home Screen Mini» diýlip atlandyrylan täze smart-displeý çykardy. Displeý akylly öýüň enjamlaryny dolandyrmaga ukyplydyr. Enjamyň göwrümi 113×78×54 ululykdadyr. Ol beýleki enjamlara Wi-Fi hem-de Bluetooth torlarynyň üsti bilen birigýär. Smart-displeýi diňe ýüzünden däl-de, eýsem, ses bilenem dolandyryp bolýandyr. «Smart Home Screen Mini» smart-displeýi 35 amerikan dollaryndan satlyga çykaryldy.

«Kiadan» täze awtomobil

Dünýä belli «Kia» kompaniýasy Koreýa Respublikasynda özüniň «Kia Sportage 2026» atly awtomobilini görkezdi. Täze awtomobil 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde satuwa çykarylar. Awtomobil «Prestige», «Noblesse», «Signature» hem-de «Signature X-Line» nusgalardan ybaratdyr. Olaryň bahasy 20,5 – 25,5 müň amerikan dollary aralygynda bolar.

39,6 million planşet kompýuter satyldy

«IDC» derňew kompaniýasynyň habar bermegine görä, geçen çärýegiň jemi boýunça dünýäde 39,6 million planşet kompýuteri satylypdyr. Bu görkeziji satuwyň öňki möwsümlerine garanyňda, 20,4 göterim ýokarydyr. Planşet kompýuterlerini öňdebaryjy öndürijiler şu kompaniýalardyr: «Apple», «Samsung», «Amazon», «Huawei» we «Lenovo». Satylan planşet kompýuterleriniň 30,6 milliony ady agzalan kompaniýalaryň paýyna düşýär.

Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar

Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar. Bu barada Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň Bişkekde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XI Sammitiniň mejlisindäki çykyşynyň dowamynda belli boldy. Gyrgyzystanyň prezidentiniň belleýşi ýaly, respublika TDG-niň çäklerinde sanly integrasiýa işini çaltlaşdyrmaga çalyşýar.

“Nvidia” tehnologiýa öndürijisi – dünýäniň iň gymmatly brendi

Düýbi Kaliforniýada ýerleşýän çip öndürijisi “Nvidia” kompaniýasy bazar bahasy boýunça “Apple” kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmatly kompaniýasyna öwrüldi. “Nasdaq” biržasynda “Nvidia” kompaniýasynyň paýnamalary sişenbe güni 2,84 göterim ýokarlap, her paýnama 139,91 dollara çenli ýokarlandy.

«Türkmentel-2024»: tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik

14-16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. «Türkmenel – 2024» halkara sergisi we ylmy maslahatyna Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa, Gresiýa, Irlandiýa, Belgiýa, Awstriýa, Beýik Britaniýa, Liwan, Belarus, Hindistan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Owganystan ýaly ýurtlaryň 70-e golaý kompaniýasynyň 200-e golaý wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.  

Sanly ulgam bilen innowasion ösüşlere tarap

Maksatly ýaşamak durmuşa ynamly we çynlakaý çemeleşmekdir. Çünki öňde goýulýan her bir maksat özi bilen netijeli işlemegi, yhlasly zähmet çekmegi, okamagy, öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, bir başa uýmagy... talap edýär. Öňde goýulýan anyk maksatlar öňki gazanylanlary göz öňünde tutup, döwre görä gadam urmak, täze sepgitlere ýetmek, bar bolan mümkinçilikleriň üstüni ýetirmek, aň-düşünje, zehin, ukyp potensialyny ulanyp, ylymda-bilimde ileri gitmek zerurlyklaryny ýüze çykarýar. Bu bolsa döwür bilen deň gadam urup, zamanamyzy, durmuşymyzy özgerdiji ençeme oňyn taslamalary durmuşa geçirmeklige howlukmaklygy talap edýär. Şolaryň hatarynda bolsa, ýurdumyzda ähli ugurlarda elektron-onlaýn ulgama geçmegini aýdyp bileris. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda bagtdan paýly günleri arka atyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda bagtyýarlyk zamanasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda aýdyň ösüşler gazanyldy we gazanylmagyny dowam edýär. Şeýle ösüşleriň hatarynda telemedisina ulgamyny, internetiň we öýjükli aragatnaşygyň 4G hilini, mekdepleriň internet ulgamyna birikdirilmegini, “emekdep” portalynyň ioşe girizilmegini, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegini, agzalan ugura ýöriteleşdirilen sergileriň guralmagyny, bäsleşikleriň geçirilmegini, elektron maglumatlar ulgamyny döretmäge girişilmegini, sanly bilim ulgamyna badalga berilme

«Belet Film» mobil goşundysyny täzeledi

Türkmenistanyň öňdebaryjy onlaýn-kinoteatry bolan «Belet Film» mobil goşundysyndaky wideopleýeriň giňişleýin täzelenendigini mälim etdi. Işläp düzüjiler onuň ulanmak üçin aňsat bolmagyna uly üns bermek bilen, pleýeriň dizaýnyny we işleýşini dolulygyna gaýtadan işlediler. Pleýeriň täze görnüşinde interfeýsiň özboluşlylygyna aýratyn üns berilýär. Işläp düzüjiler wideopleýeri bir elde oňaýly ulanmak üçin dolandyryş elementleriniň ýerleşişini amatly görnüşe getirdiler, ondan artykmaç elementleri aýryp, ähli nyşanjyklary kadalaşdyrdylar.

SANLY ULGAM: Amatlylyk. Ygtybarlyk. Döwrebaplyk.

Tehnologiýalaryň barha kämilleşýän zamanasynda adamzat durmuşyna nanotehnologiýalar döwrüniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ertirki günümizde has ýeňillikli durmuşda ýaşamaga mümkinçilikleri döredýär. Ylym-bilime has içgin girişilmegi, ony doly ele almaga edilýän synanşyklaryň netijesinde oýlap tapyşlaryň, açyşlaryň sany has-da köpelýär. Olaryň arasynda «emeli aň» aýratyn orna eýedir. Aň adamlara we haýwanlara tebigy, dogabitdi berilýän bolsa, emeli aň adam eli bilen taýýarlanyp elektronikada adamyň işini ýeňilleşdirmek üçin ornaşdyrylýar. Emeli aň alymlar tarapyndan gün-günden kämilleşdirilip gelinýär. Ulanýan kompýuterlerimizdäki «Windows», telefonlarymyzda «IOS», «Android» programma üpjünçilikleri emeli aňyň anyk mysallary bolup durýar.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylma esaslanýan özgertmelere, döwrebap tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler ösüşiň möhüm ugruny kesgitleýär. Şunda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwrebap bilimlere düşünýän ýaşlary kemala getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglanyşykly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda täze tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Sanly ykdysadyýet döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny, şol sanda dolandyryş, pudaklaýyn, işewür düzümleri, önümçilik we söwda, medeni-durmuş pudaklaryny, raýatlaryň durmuşyny gurşap alýar. Şunda sanly tehnologiýalar öz artykmaçlygyny görkezip, bar bolan kuwwaty doly durmuşa geçirmäge goşmaça itergi berýär. Şeýle hem ol bilimiň, hyzmatlaryň hilini gowulandyrýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, sanly ulgamyň mümkinçilikleri örän giň we bu mümkinçilikler döwrebap ösüşleriň binýady bolup durýar. Ykdysadyýetde häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy ýurdumyzda elektron senagatynyň ösmegine, şeýle-de milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze derejä geçmegine ýardam eder. Häzirki wagtda elektron senagatyň ösdürilýändigini, ösen tehn

Beidou hemra nawigasiýa ulgamy boýunça beýleki ýurtlar bilen tejribesini paýlaşmaga taýýar

Beidou hemra nawigasiýa ulgamynyň (BDS) işläp taýýarlamalarynyň netijeleri boýunça beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk alyp barmaga taýýar. Bu barada Ösüş we özgerişlikler baradaky milli toparyň başlygy Sýan Libin Çžuçžouda tamamlanan BDS gollanmalary boýunça Üçünji halkara sammitinde habar berdi. Sammitiň işiniň dowamynda Beidou gollanmalary babatda ylalaşyklara gol çekildi. Beidou giň ulanyjylar topary üçin giňden ulanylýar: ol 98% smartfonlarda we umumy ulanyşda bolan welosipedlerde ornaşdyrylan.

Täze «Audi» sargyt etmäge elýeter

«Audi» kompaniýasy 2025-nji ýylyň başynda satuwa çykaryljak «Audi A6 e-Tron» awtoulagynyň deslapky sargyt etmek tapgyrynyň başlandygyny mälim etdi. Bellenilişi ýaly, kompaniýanyň bu täze awtoulagynyň birnäçe nusgasy bardyr. «Audi A6 e-Tron» awtoulaglary hiline görä, ortaça, 62 500 — 86 500 müň funt sterling bahadan satuwa çykarylar.