"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Hukukçy bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

Bilşimiz ýaly, adamzat jemgyýetiniň döreýşini hem-de ösüşini öwrenmek taryh ylmynyň baş wezipeleriniň biri bolup durýar. Şonuň üçin bolsa gerek, kiçiligimden bäri taryh sapagyny aýratyn gowy görýärin. Hukukçy bolmak arzuwymyň döremegini hem şunuň bilen baglanyşdyrýaryn. Taryh dersi boýunça geçirilýän bäsleşiklere, olimpiadalara yzygiderli gatnaşýaryn. Her gezegem bu ugurdan bilýänlerimiň deňizden damjadygyna, taryhy has-da çuňlaşdyryp öwrenmelidigine göz ýetirýärin. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň baý mazmunly kitaplary biziň üçin gymmatly gollanmadyr.

Sanly bilim ulgamy innowasion ösüşleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügi ikuçsuzdyr. Bu hakykaty göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerine sanly bilimi ornaşdyrmak ugrunda giň möçberli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpsanly çagalar baglary, o

Halkara fizika olimpiadasyndan hoş habar

Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylary Russiýa Federasiýasynyň Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara ylmy fizika olimpiadasyna gatnaşyp, üstünlik gazanmagy başardylar. Olimpiada Russiýa, Indoneziýa, Hindistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Ermenistan, Belarus, Beýik Britaniýa, Kanada, Katar, Peru, Gana, Pakistan, Siriýa, ABŞ, Çernogoriýa, Müsür, Kuba, Kuweýt ýaly döwletlerden 100-den gowrak okuwçy, şol sanda biziň ýurdumyzdan hem 4 mekdep okuwçysy gatnaşdy. Çekeleşikli geçen bäsleşikde Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy J.Nuryýew we dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy M.Janmyradow bürünç medallara, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy A.Weljanowa bolsa höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.

GDA-nyň ýaş halkaraçylarynyň A.A.Gromyko adyndaky bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Golaýda A.A.Gromyko adyndaky Daşary syýasaty öwreniş birleşiginiň, Belarussiýanyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Ýewropa institutynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda geçirilýän GDA-nyň ýaş halkaraçylarynyň A.A.Gromyko adyndaky bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bu ýyl bäsleşige GDA agza ýurtlaryň 330-a golaý ýokary okuw mekdebinden 2181 sany ýaş hünärmendir halkaraçy talyp gatnaşdy. Olar «Beýik Watançylyk urşunyň taryhy meseleleri we taryhyň galplaşdyrylmagyna garşy göreş», «BMG-niň häzirki zaman dünýäsindäki orny», «Ýewraziýa giňişliginde integrasiýa prosesleri we diplomatiýa», «Ýewropa Bileleşigi we GDA-nyň daşary syýasaty» ýaly temalarda ýazan ylmy işlerini ugratdylar.

Mekdep bazarlary 1-nji awgustdan hereket edip başlar

19-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew ýurdumyzda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileri we haryt getirijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda degişli işler amala aşyrylýar.

Söwda bilen baglanyşykly sözler

AGRAM — bir zadyň çekmek arkaly kesgitlenýän agyrlygy. «Gerekli daşyň agramy ýok» (nakyl). AK — Süýt, gatyk we ondan öndürilýän önümler. «Ýaz aksyz bolma, güýz — göksüz» (nakyl).

Ylym-bilimde belent üstünlikler

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda ösýär, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän döwlet ähmiýetli maslahatlarda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak, bäsleşige ukyply şahsyýeti kemala getirmek wezipeleri goýulýar. Şeýle hem ýaşlarymyzyň ene dili bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini düýpli bilmeklerini gazanmak maksady bilen, daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman usullary işjeň ornaşdyrylýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullaryny ýurdumyzyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, halkara guramalary, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim edaralary we merkezleri bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär. Şeýle hem häzirki zaman ölçegleriniň derejesindäki bilim ulgamyny kemala getirmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Diýarymyzda multimedia serişdeleri we habar beriş we internet ulgamy bilen üpjün edilen döwrebap okuw mekdepleriniň ýüzlerçesi gurlup ulanylmaga berildi we bu wajyp iş depginli dowam etdirilýär. Professor-mugallymlaryň hünär derejesi barha kämilleşdirilýär.

Bilimli nesil röwşen geljegimizdir

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmekde ýokary okuw mekdeplerine aýratyn orun degişlidir. Şu günler ýurdumyzyň dürli ýerlerinde talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işi dowam edýär. Ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak, watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek üçin giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlup ulanylmaga berilýän mekdebe çenli çagalar edaralaryny, orta mekdepleri, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini görkezmek bolar. Biziň bilim ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem ýanaşyk çäklerinde 2000 orunlyk okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň we ýapyk binada sport toplumynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr.

Guramaçylyk işleri alnyp barylýar

Ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Her ýylda täze, döwrebap çagalar baglarynyň, ak mekdepleriň sany artýar. Olar ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmegi, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda täze, ýagny 2024 — 2025-nji okuw ýylyna guramaçylykly we ýokary derejede taýýarlyk görmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Şu günler orta mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlardyr beýleki işgärler üçin jogapkärli möwsümdir. Mekdebimizde hem täze okuw ýylyny ýokary guramaçylykly garşylamak boýunça abatlaýyş we guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Okuwçylaryň arassa, ak mekdeplerde bilim-terbiýe almagy üçin mugallymlarymyz taýýarlyk işlerini geçirýärler. Mekdebimiziň okuw, kompýuter otaglarynda, barlaghanasynda, naharhanasynda, dälizlerinde, sport zallarynda we meýdançalarynda, kitaphanasynda arassaçylyk işler alnyp barylýar. Ýagty, arassa okuw otaglaryn

Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna

Nusgalyk eserler Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserlerini okuw sapaklarynda, sapakdan daşary çärelerde, aýratyn-da, türkmen dili we edebiýat derslerinde döredijilik, gyzyklanma sapaklarynda peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlary biziň her birimiz üçin ýol-ýörelge bolup durýar. Şonuň üçin hem sapakda we terbiýeçilik işinde bu eserlerden peýdalanylýar. Nusgalyk eserlerdäki degişli sözler, sözlemler, gepleşikler, durmuş pursatlary sapak bilen baglanyşdyrylanda sapagyň täsirliligini artdyrýar.

Kämilligiň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň parahatçylyk söýüjiligini, mukaddes ýörelgelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde, ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrmakda, olara ýaş nesliň düşünmegini gazanmakda bitirilýän işler ähli ildeşlerimizde uly buýsanç duýgularyny döredýär. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ýaş nesliň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da artdyrýar. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesiniň hem ýokarlanmagyny üpjün etdi. Elektron sözlükler we ensiklopediýalar, audio we wideo materiallary özünde jemleýän multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary döwrebap mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda dünýäde ylmyň we tehnikanyň gazananlary, şonuň bilen bir hatarda, öňdebaryjy tejribeler, olary başarnykly ulanmak ýurdy, jemgyýeti üstünliklere, ösüşlere tarap örän çalt depginlerde özgerdiji güýç hökmünde häsiýetlendirilýär. Şunda ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki täze gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlary, olaryň çäklerinde gurulýan işewürlik merkezleri, saglygy goraýyş edaralary, çagalar baglary, kitaphanalar, mekdepler, medeni ojaklar döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.

Bilim-ylymda uly sepgitlere ýetilýär

Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr» diýen ýörelgesinden ugur alnyp, milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler depginli dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülerine laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär. Bilim we ylym jemgyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň berk binýadydyr. Şundan ugur almak bilen, ýurduň ylym, bilim we tehnologik mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Giň düşünjeli, çuňňur bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap bilim edaralaryny — çagalar baglaryny, orta mekdepleri, hünär bilimi edaralaryny gurmakda, bütin dünýäde gazanylan iň gowy netijeleri durmuşa ornaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar.

Beýik işler bilime daýanýar (Döwür we ýaşlar)

Bilim ulgamy adamzat ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolup, onuň kämillik derejesi geljekki nesilleriň döwrüň öňe çykarýan meselelerine taýýarlygyny kepillendirýär. Şu jähetden, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmäge, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmäge, innowasion-tehnologiki ösüşlerden oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen özgertmeler uly ähmiýete eýedir.

Hünär saýlawy — ykbal saýlawy (Bilim we geljek)

Şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dürli okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmäge degişli resminamalara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň orta mekdeplerini tamamlan uçurymlary hem-de hünär bilimini almaga isleg bildirýän raýatlary ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyryp başladylar. Bu möhüm möwsüm ýaş nesliň durmuşynda aýgytlaýjy ädim bolmak bilen, geljekki hünäriňi dogry saýlamak ykbal kesgitleýji pursatdyr. Çünki adam kämillik ýaşyna ýetenden soň, onuň wagtynyň agramly bölegi iş ýerinde, işdeş ýoldaşlarynyň arasynda geçýär. Şeýle-de adam öz zähmeti, döredijilikli işi bilen abraý-mertebe gazanýar. Munuň özi ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, olaryň isleginiň, aýratyn-da, ukyp-başarnygynyň aýratynlyklaryna görä hünäri dogry saýlamaklaryny gazanmak bilen bagly möhüm wezipäni orta çykarýar.

BELENT MAKSATLY ÝAŞLAR

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça-da degişli resminamalara gol çekdi. Şondan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän ýaşlardan resminamalaryny kabul etmek işine Ahal welaýatynda-da guramaçylykly girişildi. Welaýat häkimligi we welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan bilim ulgamyndaky möhüm çäräniň geçiriljek ýerleri öňünden talabalaýyk taýýarlanyldy, degişli serişdeler, enjamlar bilen üpjün edildi. Bu bolsa degişli ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň iş toparlarynyň göwnejaý işlemegine oňyn täsirini ýetirýär.

Talyplar okuw tejribeligini geçýärler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyplary şu günler tomusky okuw tejribeligini geçýärler. Talyplaryň tejribeligi welaýatymyzyň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, şonuň ýaly-da çagalar bakja-baglarynda guralýar. Olar tejribeli bilim işgärleriniň halypalyk etmeginde öňdebaryjy iş usullaryny öwrenýärler. Şeýle tejribelikler talyplaryň geljekki kesp-kärlerinde kämilleşmeklerinde, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklarynda uly ähmiýete eýedir.

ABA ANNAÝEW ADYNDAKY HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASY 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda): 1. Weterinariýa we zootehniýa (hünärler: atçylyk; weterinar lukmançylygy).

Täze okuw ýylyna taýýarlyk

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmek hem-de orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmek bilen bagly berlen tabşyryklardan ugur alyp, häzirki wagta welaýatymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýeňil abatlaýyş işleri dowam edýär. Welaýatymyzda bar bolan 529 sany orta mekdebiň ählisiniň synp otaglarynda, dälizlerinde hem-de daş-töwereginde ýeňil abatlaýyş işleri geçirilýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak maksady bilen, orta mekdepleriň synp otaglary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Interaktiw tagtalar, multimedia tehnologiýalary, lingafon otaglary sanly bilim ulgamyny ösdürmäge, daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmäge ýardam berýär. Okuw otaglarynyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, olaryň abatlygynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagy ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda örän ähmiýetlidir.

Ylymlar dünýäsiniň bosagasynda

Talyplyga dalaşgärleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan döwri ýetip geldi. Şu hepdäniň duşende gününden ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul edişlik başlandy. Geçen hepdäniň anna güni geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa kabul etmegiň tertibi baradaky resminama gol çekdi. Häzirki günlerde ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzdaky ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde-de dalaşgärlerden resminamalary kabul etmeklik dowam edýär. Etrap-şäherlerimizdäki ýörite bellenilen hassahanalarda we saglyk öýlerinde dalaşgärler lukmançylyk barlagyndan geçirilýär. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem bu möhüm işe guramaçylykly girişildi. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinden şu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlaryň resminamalaryny çalt we bökdençsiz tabşyrmaga mümkinçilik döredilýär. Häzire çenli institutda hünärleriň 18-si boýunça talyplara bilim berilýärdi. Täze okuw ýylyndan başlap, defektologiýa hünäri boýunça hem talyplar okadylyp başlar.

Guwandyryjy işler

Ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, önümçiligiň bitewüliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň esasynda Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly-bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer, öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologik işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşige TGM-niň Harby-deňiz institutynyň harby talyby Mekan Nurmämmedow hem gatnaşyp, zehin başarnygyny görkezdi. Ýaş alym Mekan Nurmämmedowyň ylmy işine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty Dünýägözel Amanmuhammedowa ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýän kanuny düzgünleri açyp görkezip, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna teklipleri bermäge uly ýardam etdi. Döwletimizde ylymly-bilimli ýaşlarymyzyň ýetişip, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak babatda goşant g