"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Zehin, yhlas, tutanýerlilik üstünlige eltýän ýeke-täk ýoldur

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim, ylym syýasatynda ýaşlaryň ornuna aýratyn üns berlip, olary ylmy gözleglere ruhlandyrmak, halkara olimpiadalara taýýarlamak, bu babatda ýaşlary goldamak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Şoňa görä, ýaşlarymyz bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň gazanan üstünligi hem muňa güwä geçýär. Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersiteti tarapyndan guralan 14-nji Açyk halkara internet olimpiadasynyň super final tapgyryna dünýäniň 10 döwletiniň — Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Ysraýylyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Wýetnamyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 35-sinden 400 gowrak talybyň gatnaşmagy halkara bäsleşigiň näderejede çekeleşikli bolandygyny aýdyň görkezýär.

Ýaşlara ynam — geljege ynam

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur, ilkinji nobatda, ýaşlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna gatnaşmagy, hukuklarynyň, azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. 8-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekmegi bu babatda möhüm ädimdir. Ýeri gelende bellesek, 2013-nji ýylyň awgustynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda özgertmelere giň ýol açdy. Şoňa görä, bu kanunçylyk namasynda, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda möhüm wezipeleriň toplumy göz öňünde tutulýar. Bu wezipeler ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň halkara ylmy hy

Döwletimiziň mizemez güýji

Türkmenistan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylýan, bagtyýar zamanada döwrebap ylym-bilim alýan ýurdy hökmünde tanalýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda biziň Watanymyzda ýaş nesilleriň ýokary hilli ylym-bilim almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa milli Liderimiziň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy-da aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleri ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu babatda ýaşlaryň ýokary şertlerde bilim almagy we ylym öwrenmegi üçin edilýän aladalar Diýarymyzda amala aşyrylýan işlerde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ýurdumyzdaky bilim ojaklarynyň ählisiniň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrýar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň kompýuter tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler hökmünde taýýarlanylmagyna we has-da kämilleşmegine uly itergi berýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2021-2022-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden taýdan sagdyn, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby institutda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär: 1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine 2021-2022-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.

Alkyşlanýar adyň seniň

Bagban — ilkinji gezek näzijek nahallary ýere sünjende, ol kök urýar, şineleýär. Aýlaryň, ýyllaryň geçmegi bilen hälki näzijek nahaljyklar ullakan daragt bolup ýetişýär, miwe getirýär. Muňa bagban diýseň begenýär, guwanýar. Ol neneň begenmesin, neneň guwanmasyn. Bagban bu nahaljyklary kemala getirjek bolup, gör, nähili azaplar, kynçylyklar çekdi. Olary çaga ideden ýaly idedip, gijesini gündiz edip işledi. Düýbüni depdi, suwa ýakdy, dökünledi, timarlady. Ine, onuň yhlas, zähmet siňdirip ýetişdiren nahallary-da bu gün miwe berdi. Bu süýji miweden dadan her bir kişi oňa: „«Eliň-gözüň dert görmesin. Kesbiňden kemal tap, gör, sen il-gün üçin nähili datly miweler ýetişdirip, ähli töweregi bagy-bossanlyga öwürdiň. Ömrüň uzak bolsun, bagban!» diýip, ýürek minnetdarlygyny bildirjegi ikuçsyz. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle döwrebap bilim bermek, olary watançylyk, beýik ahlaklylyk ruhunda, milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek meselesine uly üns berýär.

Bilimli ýaşlar — geljegimiz

Sungatym bar — hormatym bar Gözel Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamy barha belende galýar. Ýaş nesilleriň yhlasly okamagy, zähmet çekmegi üçin Türkmenistan döwletimizde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim almak, ökde hünärmen bolup ýetişmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Özleri üçin döredilýän mümkinçiliklere jogap edip, Tagtabazar etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary ýaş nesliň aň-düşünjeleriniň ösmegi, zehinleriniň taplanmagy üçin ähli tagallalary edýärler.

Döwrebap ösüşlerde ýaşlaryň orny

Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň şertleri kabul edilen ýörite Kanunlarda we maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy döwletimizde ýaşlaryň döwrebap bilimli, ylymly bolmagy, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli syýasy we durmuş-ykdysady mümkinçilikleriň döredilýändigini alamatlandyrdy. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyk ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly kepillendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip berkidilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaşlar baradaky aladanyň möhüm häsiýetini alamatlandyrýar. Şonuň bilen birlikde-de, milli kanunçylyk ulgamynda ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň dur

Çagalara ekologiýa terbiýesini bermegiň usulyýeti

Çagalarda ýaşlykdan tebigata bolan söýgini döretmek maksady bilen, çagalar baglarynda «Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak» sapagy geçilýär. Bu sapagyň okuw maksatnamasynda körpe nesli daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak, daşky gurşawy goramagy öwretmek örän wajyp wezipeleriň biri hökmünde görkezilýär. Daşky gurşawy goramagy öwretmek ekologik terbiýäni bermegiň özenidir. Terbiýäniň bu görnüşi terbiýeçilik işiniň beýleki ugurlary bilen baglanyşyp gidýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalara ekologiýa terbiýesini bermek, olary daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak çagalar baglarynyň işiniň esasy düzüm bölegidir. Ekologiýa taýdan sowatly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin maşgala bilen çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň bilelikde alyp barýan işi oňyn netije berýär. Çaganyň terbiýesinde maşgalada ata-eneleriň, uly ýaşly doganlarynyň orny hem uludyr. Çagalar bagynyň terbiýeçisi ýurduň geljegi bolan ýaş nesillerde irki ýaşdan başlap, ekologiýa düşünjäni kemala getirmelidirler. Terbiýeleýän çagalarynyň her biriniň maşgalasynyň aýratynlygyny we mümkinçiliklerini öwrenip, çagalaryň ata-enelerine ýakyn kömekçiler bolup ýetişmeklerine ýardam etmelidirler.

Körpeler üns-alada bilen gurşalýar

Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar ýaşamagy, olaryň geljekde bilimli, giň gözýetimli, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ak mermere beslenen mekdepler, dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglary, olaryň ýokary derejeli mugallymlar bilen üpjün edilmegi bu günki ýaş nesil baradaky aladanyň aýdyň şaýadydyr. Çagalary terbiýelemekde milli oýunlarymyzyň ähmiýeti uludyr. Olardan aşyk atmak, çeke-çeke, göreş, aýlaw gurap küşt depmek hem-de tans etmek, ýüpden bökmek ýaly oýunlar bagtyýar zamanamyzyň körpeleriniň Watana, hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyny artdyrýar, şonuň bilen birlikde, çagalaryň beden saglygyny berkitmekde, olaryň dilleriniň “ýenjilmeginde” ähmiýeti uludyr.

Fransuz dilini öwrenmek üçin okuw kitaby

Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriň 7-nji synp okuwçylaryna fransuz dilini öwretmäge niýetlenen okuw kitaby 2019-njy ýylda neşir edilipdi. 2020-nji ýylyň ahyrynda bolsa umumy orta bilim berýän mekdepleriň 8-nji synpy üçin fransuz dilini öwretmekde täze okuw kitaby mugallymlaryň eline gowuşdy. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. J.Patyşaýewanyň, M.Ýazlyýewanyň, H.Baýryýewiň awtordaşlygyndaky bu okuw kitabynyň mekdep okuwçylaryna fransuz dilini öwretmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň fransuz dili okadylýan orta mekdeplerinde bu kitap giňden peýdalanylar. Täze kitapda okuwçylara fransuz dilindäki orun aňladýan predloglary öwretmäge degişli köp temalar berlen. Predloglar, göräýmäge, okatmak üçin kyn maglumatlar bolmasa-da, olary öwrenmek aňsat düşmeýär. Munuň esasy sebäpleriniň biri hem, fransuz dili bilen türkmen diliniň, ýagny çagalaryň ene diliniň, gurluş taýdan dürli ulgamly dillere degişlidigindedir. Başgaça aýdanymyzda, türkmen dilinde predloglar ýokdur we fransuz dilindäki predloglaryň hyzmaty türkmen dilinde ýörite sözler bilen birlikde, düşüm goşulmalarynyň üsti bilen aňladylýar.

Kämillik yhlasa bagly

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek meselesi esasy wezipeleriň hatarynda goýuldy. Şol wezipelerden ugur alyp, mekdep mugallymlary yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Olar okatmagyň innowasion usullaryndan ýerlikli peýdalanýarlar. Gökdepe etrabyndaky 14-nji orta mekdep welaýatyň çäginde öňdebaryjy mekdepleriň hatarynda tanalýar. Bu ýerde mugallymlaryň çekýän zähmeti, ulanýan öňdebaryjy iş usullary özüniň oňyn netijesini berýär. Ders we taslama bäsleşiklerinde bu mekdebiň okuwçylarynyň gazanýan üstünlikleri bolsa, mugallymlaryň çekýän zähmetiniň ýerine düşýändigini görkezýär.

Sanly bilim — täze mümkinçilikler

Gülläp ösýän Diýarymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda edilýän aladalar halkymyzyň bagtyýar geljegini nazarlaýar. Ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesiller baradaky alada hem döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, bu ugurda ähli zerur şertleriň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim we zehin babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ilkinji wezipeleriň hatarynda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini mundan beýläk hem artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Ylym-bilim — beýik daragt

Ylym-bilim ýolumyza şugla saçýan uly daragt. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Diýarymyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we onuň ornuny pugtalandyrmak, ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini işe ornaşdyrmak üçin hemme şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr» diýip belleýşi ýaly, mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge berýän uly ünsi netijesinde ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen maglumatlaryň dünýä gaznasyna ýokary tizlikli elýeterlilik giňden ornaşdyrylýar.

Körpeleriň bagtyýarlygy

Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, mekdebe taýýarlykly barmagy, olaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy baradaky tagallalary biz — çagalar baglarynyň işgärlerini bilim hem-de terbiýeçilik işlerini has netijeli guramaga höweslendirýär. Terbiýeçilik işimizde interaktiw synp tagtalaryndan, döwrebap kompýuterlerden, multimedia enjamlaryndan, görkezme esbaplaryndan peýdalanýarys. Körpelerde kitaba bolan söýgini ösdürmäge aýratyn üns berýäris, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň ähmiýetini düşündirýäris. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky kitap okamagyň, bilim almagyň ähmiýetini beýan edýän parasatly sözleri mysal getirýäris. Olardaky getirilýän nakyllaryň manysyny çagalara sada dilde düşündirýäris. Körpelere ertekileri, tapmaçalary okap bermek, ýaňyltmaçlary gaýtalatmak bolsa olaryň dil baýlygynyň ösmegine kömek edýär. Bilesigeliji çagalar, esasan-da, türkmen alabaýlary, bedew atlarymyz barada köp sowallar berýärler. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Ganatly bedewler» atly kitaplaryny okap berenimizde çagalar höwes bilen diňleýärler, olaryň suratlaryna gyzyklanma bilen syn edýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» we «Rowaç» atly goşgularyny ýatdan aýdýarlar. Bu bolsa olarda ýatkeşligi berkidýär.

Bilim — ösüşleriň binýady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkynyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelýän aň-düşünje, ruhy-ahlak, pelsepe ýörelgeleri ylmy esasda öwrenilýär, ösdürilýär. Ýurdumyzda bu günki gün mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň sany ýyl-ýyldan artyp barýar. Bilim ojaklarynda okaýan ýaşlara dünýä ülňülerinde bilim bermek ýola goýuldy. Ýaş nesliň göwnejaý bilim we terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda bilim ojaklarynda okatmak we öwretmek işleri täze tehniki serişdeleriň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa sapagyň täsirli, hiliniň ýokary bolmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ylym-bilimiň ösüşine aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamynyň işini maksadalaýyk kämilleşdirmekde ägirt uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde dünýä tejribesiniň gazananlaryna, innowasiýalara, ýokary tehnologiýalara daýanýan häzirki zaman, döwrebap bilim ojaklary emele getirildi. Ýurdumyzyň ähli okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Okuwyň guralyşyny kämilleşdirmek maksady bilen sanly ulgama geçilýär. Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýä dillerini suwara bilýän nesil kemala gelýär. Bu babatda ýaş nesle daşary ýurt dillerini kämil derejede öwretmek işi häzirki zama

Görelde sapagyny guramak

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-njy synpynda «Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy» dersi öwredilýär. Bu okuw dersinde okuwçylar dünýä ýurtlary bilen gysgaça tanyş bolýarlar. Okuwçylaryň okuwa, bilime, geografiýa ylmyna bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, mekdebimiziň 9-njy synpynda «Dag magdan senagaty. Metallurgiýa» diýen tema boýunça görelde sapagyny guradym. Okuw ýylynyň başynda her bir okuwça dünýäniň bir döwletine degişli maglumatlary öwrenmegi tabşyrýaryn. Okuwçylar öz öwrenýän döwletiniň sudur kartasyny taýýarlaýarlar, ony doldurýarlar, baýdagynyň, döwlet tugrasynyň, uly şäherleriniň suratlaryny, şeýle hem şol döwlet barada gyzykly maglumatlary internet ulgamyndan gazet-žurnallardan, dürli kitaplardan, okuw gollanmalaryndan toplaýarlar. Onuň üçin okuwçylar mekdep kitaphanasy, hormatly Prezidentimiziň gurduryp beren kitaphanasy bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarlar. Mundan başga-da, her bir sapaga Watan täzelikleri we dünýä täzelikleri barada gürrüň edip bermegi üçin ýörite iki sany okuwçyny “syýasy habarçy” hökmünde belleýärin. Soňra okuwçylardan öýe berlen “Elektroenergetika” atly temany dil üsti bilen soradym. Sapaga her bir okuwçy öz saýlap alan ýurtlary barada maglumat toplapdyrlar. Olaryň ýerine ýetirip gelen işlerini hem bahalandyrdym.

Taryh dersini okatmagyň usulyýeti

Taryh dersi geçilende kitapdaky maglumatlar bilen birlikde, kartalardan, internet maglumatlaryndan, gazet-žurnallardan hem peýdalanmak mümkin. Okuw maksatnamasyna laýyklykda, bu ders boýunça taryhy ýadygärliklere, muzeýlere gezelençleri-syýahatlary guramak esasynda berilýän temalar hem bolýar. Taryh dersiniň okuw meýilnamalaryna ülkäni öwreniş sapaklarynyň girizilmegi okuwçylarda gözleri bilen görmek we tanyşmak höwesini döredýär. Ýokary synplarda ýurdumyzyň mirashanalaryna, ýadygärliklerine degişli temalar boýunça sapaklary talabalaýyk geçirmek möhümdir. Sapak boýunça gezelenji iki görnüşde guramak bolar: 1. Ýadygärliklere we mirashanalara gezelenç;2. Gaýybana gezelenç.

Daşary ýurt dillerini öwretmek

Mugallymlaryň orta mekdeplerde daşary ýurt dili sapagyny dürs hem-de sowatly guramagy we geçirmegi üçin onuň ähli aýratynlyklaryny bilmegi zerurdyr. Daşary ýurt dili sapaklaryny guranyňda, onuň esasy aýratynlygy okuwçylarda başarnyklary we endikleri kemala getirmekdir. Iňlis dili mugallymy sapaga başlanda okuwçylaryň hem şol dilde gürläp, sapaga gatnaşmaklaryny gazanmaly. Synpyň nobatçy okuwçysy mugallyma hasabat berende hem iňlisçe aýdylmagy zerurdyr, çünki çaga şol ýerde gündeki gürrüňleri aýtmak bilen, sözleýiş dilini kämilleşdirýär. Sapagyň maksadyna laýyklykda, mugallymyň okuwçylaryň öňünde belli bir wezipeleri goýmagy hökmandyr. Meselem: “Okuwçylar, şu günki sapagymyzda gyş paslyna degişli bolan goşgulary okarys we terjime ederis. Goşgulardaky bize nätanyş bolan sözleriň üstünde durup geçeris. Goşgynyň awtorynyň ömri, döredijiligi bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary hem öwreneris»–diýip, mugallym iňlis dilinde okuwçylara sapagyň wezipeleri dogrusynda öňünden tanyşlyk berip biler.

Bilim biziň bagtymyz

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda her bir güni ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almaga bolan höwesini has-da artdyrmak maksady bilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleri, onuň çäginde geçirilýän taslama bäsleşikleri hem şeýle mümkinçilikleriň aýdyň mysaly bolup durýar. Men hem bu taslama bäsleşigine matematika dersi boýunça gatnaşyp, öz gezegimde «Bilimde sanly ulgamyň ornaşdyrylýan döwründe okuwçylaryň okuw üstünliklerini bahalandyrmak üçin matematika boýunça testleri işläp düzmek» atly taslamamy hödürleýärin. Bu taslama işiniň täzeligi, sapaklarda okalýan, iş ýüzünde doly özleşdirilmedik mowzuklar boýunça matematika dersinde okuwçylaryň bilim derejesine baha bermek üçin işlenip düzülen testleri elektron goruna ýerleşdirmekden ybaratdyr. Şeýle zehin bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmeginiň biz — ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdaky, bilim derejesini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti diýseň uludyr. Munuň özi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleriň geljegi üçin hormatly Prezidentimiziň edýän atalyk aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Goý, ýurdumyzy ylym-bilimiň pajarlap ösýän mekanyna öwren milli Liderimiziň jany