Harby bilime ilkinji ädim
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň serkerdelik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde 1-nji ýyl harby okuwçylaryň harby kasam kabul edişlik dabarasy guraldy. Şatlyk-şowhuna beslenen bu dabaraly çäräniň welaýat kitaphanasynyň öňünde geçirilmeginiň aýratynlygy hem ýaş nesilleriň kitap äleminiň ummanynda gulaçlap, gerekli menzillerine dogry barmagy üçin ýol görkezijisi boldy. Meşhur türkmen serkerdesi Alp Arslanyň adyny buýsanç bilen göterýän harby mekdebimizde hem harby okuwçylaryň bilim-terbiýe almagy üçin ähli zerur şertler döredilendir. Mekdebimiziň kitaphanasyndaky kitaplar harby okuwçylarymyzyň bilimlerini çuňňur ele almagynda özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Geçmişden ugur alyp, türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan, şanly geljege sary öňe alyp barýan hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýarys! Biz — ýaşlara okamaga, döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!