Depesi ak çarlakly
Täsinlikler dünýäsi gojaman Hazarym! Bu gün seniň goýnuňa seýrana geldim. Eý, gojaman hem nowjuwan deňzim, seniň hem özboluşly häsiýetleriň bar. Ol ynsan eli bilen däl-de, tebigatyň emri bilen amala aşýar. Erkin, asuda dem alyp, tolkunlaryň ýuwaşlyk bilen kenara gelip, ene topragy öpüp-sypap yzyna gidişini göreniňde, gaýtalanmajak gözellikden gözüň doýmaýar. Ine, birdenem tolkunlaryň towlam-towlam bolup güwläp gaýdyşyny, dolup-daşyp, kenara keşde çekişini diýsene! Şonda sen has owadan, has eziz. Mähriban deňzim, kenaryňa gelip, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän mawy giňişligiňi synlanyňda, ynsanyň kalby heýjana gelýär. Gök deňzim, bu gün sen ýene-de parahat. Asudalyk bilen dem alyp ýatyrsyň. Örküç-örküç tolkunlaryň Gün şöhlesine kümüşsöw öwüşgin çaýyp, gözelligiň has-da artýar. Ho-ol aňyrrakda ördek-gazlar, durnalar, guwlar... peýwagtyna ýüzüşip ýörler. Ak çarlaklar bolsa tolkunlardan galmajak bolýan ýaly, al-asmanda ganat kakyp, birdenem düwlüp aşak inýärler-de, tolkunlara deger-degmez gelip, ýene-de asmana atylýarlar. Siz deňziň ýaraşygy!