Hazaryň behişdi kenarynda
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda syýahatçylyk ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini üstünlikli ösdürilýän, dünýä nusgalyk taslamalaryň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda-da görmek bolýar. Bary-ýogy on bäş ýylyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy döredildi. Bu taslamanyň çäginde häzire çenli gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen, dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän, şol bir wagtyň özünde-de, binagärlik babatda biri beýlekisini asla gaýtalamaýan myhmanhanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, kottejler toplumlarynyň, attraksionly seýilgähleriň, ýokary derejeli hyzmat ediş ulgamlarynyň sany barmak büküp sanardan köp Munuň üstesine-de, Hazar deňziniň bu jenneti künjegi häzirki wagtda halkara derejesindäki duşuşyklaryň, maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryňdyr gaýry medeni çäreleriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Munuň üçin bu behişdi kenardaky milli zolakda maslahatdyr kino-konsert zallary, açyk hem-de ýapyk sport desgalary, amfiteatrlar hem ýeterlik derejede bar.