Agaja dil bitiren
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz, halypa-şägirtlik ýolumyz täze röwüşde dowam etdirilýär. Gadymy milli senetçiligimiz hem ajaýyp zamanamyzda täze öwüşgin, döwrebap many-mazmun bilen baýlaşdy. Senetçiligiň irki medeni-durmuş gymmatlyklaryna degişli bolan ugurlarynyň biri-de agaç ussaçylygydyr. Ine, şol günem welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde amaly-haşam sungatynyň we el işleriniň, gadymy senetçilik önümleriniň sergisine syn etmäge bardym. Şonda eline agaç böleklerini alyp, ýaşlara nämedir bir zatlary düşündirip oturan agaç ussasy bada-bat ünsümi özüne çekdi. Ol Türkmenbaşy şäherinden gelen agaç ussasy, onda-da dutar ýasamagyň ussady Orazmuhammet Orazmuhammedow eken. Ussanyň elinden çykan dutarlary synlanyňda, bagşynyň belent owaz bilen: