"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Täze ýyl henekleri

Täze ýyl baýramynyň bosagasynda aýgytlaýjy oýna çykmaga taýýarlanýan hokkeý toparynyň tälimçisi janygyp oýunçylaryny ruhlandyrýar: — Men size ynanýan. Ba-ar gujur-gaýratyňyzy görkeziň-de, bu oýunda ýeňiş gazanyň. Meniň Täze ýylyma ýeňşi sowgat etjekdigiňize birjigem şübhäm ýok.

Täze ýyl sütüni

* 15-nji dekabrda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlarynda Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň Täze ýyl baýramynyň baş arçasy «Älem» medeni-dynç alyş meýdançasynda oturdyldy. * Täze ýyl gijesinde Gwineýanyň ýaşaýjylary köçelerde öz pilleri bilen aýlanyp, tans edip şatlanýarlar. Haçan-da, piller köçeden geçip barýan wagty olaryň burny haýsy adama degse, geljek ýylda ol kişiniň uly bagta eýe boljakdygyna ynanýarlar.

Täze ýyl däpleri

Täze ýyl bilen bagly her döwletiň, her milletiň özboluşly däpleri bar. Geliň, şol däpleriň käbirleri bilen tanşalyň! — Mikroneziýanyň ilaty her ýylyň 1-nji ýanwaryny öz atlaryny üýtgetmek bilen başlaýarlar. Täze tapan atlaryny bolsa, öz garyndaşlarynyň gulagyna pyşyrdap aýdýarlar.

Bagtyýar geljegiň buşlukçysy

Esenguly etrap häkimligi we etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde baş arçanyň ýanynda Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak maksady bilen şadyýan çagalaryň gatnaşmagynda «Gel, Täze ýyl, bagt paýlap ilime» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirdik. Dabaraly çärede bagtyýar çagalar özleriniň ýürek buýsançlaryny goşgularyň, aýdymdyr sazlaryň  üsti bilen beýan etdiler. Degişmelerdir joşgunly tanslary ýerine ýetiren medeniýet işgärleriniň çykyşlary bu ýere ýygnananlarda uly täsir galdyrdy. Alys ýollary söküp gelen Aýazbaba we Garpamyk bagtyýar körpeleriň şatlygyna şatlyk goşdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy baky bagtyýarlykda  ýaşadýan, eşretli ertirlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize  tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Sagdyn ruhly ýaşlar — Watanymyzyň daýanjy

Etrek etrabyndaky 8-nji orta mekdepde etrabyň bilim bölümi, etrap prokuraturasy we etrap polisiýa bölümi bilen bilelikde «Sagdyn ruhly ýaşlar —  Watanymyzyň daýanjy» atly wagyz-ündew çäresini geçirdik. Oňa etrap merkezindäki orta mekdepleriň mugallymlary we ýokary synp okuwçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýaşulular, eneler gatnaşdylar. Çärede edilen çykyşlarda ýaşlara köpçülik ýerlerinde tertip-düzgüni berk berjaý etmek, boş wagtlarynda sport bilen meşgullanmak ündeldi. Ýaşlar sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuş hemrasyna öwürjekdiklerini, okap, öwrenip, Watanymyza, ene-ata, ile-güne haýyrly adamlar bolup ýetişmegi maksat edinýändiklerini buýsanç bilen bellediler. Her bir işde görelde bolýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Döwletli tutumlar rowaç alýar

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, tutuş ýurdumyz babatda bolşy ýaly, gadymy Ahal ýaýlasyny-da ajaýyp ösüş-özgertmelere besledi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň bu sebitinde şu ýyl amala aşyrylan giň gerimli oňyn işler, şol sanda gurlup ulanylmaga berlen täze, döwrebap binadyr desgalar göwnüňi galkyndyrýar. Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň depginini artdyrmakda, ähli pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň ösüşini pugtalandyrmakda, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda bu işleriň ähmiýeti iňňän uludyr. Ösüş-özgertmelere beslenen şanly ýylda welaýatyň çäginde dürli maksatly desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanyşa berilmegi guwançly wakalaryň üstüni ýetirdi. 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäherinde gurlan Ak bugdaý etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň e

Milli senagatyň möhüm pudagy

Türkmenistan tarapyndan özara bähbitli we deňhukukly esasda milli we halkara taslamalara badalga berilmegi ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini berkidýär. Uglewodorod çig malynyň uly gorlarynyň özleşdirilmegi ykdysadyýeti depginli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýeti diňe uglewodorod serişdelerine bagly bolman, Garaşsyzlyk ýyllarynda gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge uly üns berildi. Bu bolsa önümçilik senagatynyň pudaklaýyn düzüminiň köpdürlüligini üpjün edýär we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarynyň üýtgäp durýan şertlerine baglylygyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda eksporta gönükdirilen we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek ugry bolan gaýtadan işleýän pudaklaryň hatarynda himiýa, nebitgaz himiýasy ugurlaryna hem möhüm orun degişlidir. Soňky ýyllarda gurlup ulanmaga berlen iri himiýa desgalary — Garabogazdaky ammiak we karbamid zawody, Gyýanlydaky polimer zawody, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawod hem-de beýleki köp sanly desgalar aýdylanlara doly güwä geçýär. Türkmenistan Garabogazköl aýlagynyň we ýerasty ýod-brom suwlarynyň, kristal we ýerüsti duzlaryny öz içine alýan gidromineral çig mal ätiýaçlyklary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän

Demokratik ýörelgeler berkidilýär

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizi yzygiderli ösdürmekde, milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça netijeli işler dowamly amala aşyrylýar. Ýurdumyzda şahsyýet, onuň hukuklary we erkinligi biziň jemgyýetimiziň baş gymmatlygyna öwrüldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenen kadalaryň agramly bölegi ynsanyň tebigy we mizemez hukuklarynyň kanuny taýdan kepillendirilmegine gönükdirilýär. Onda berkidilen demokratik ýörelgeler adamyň we raýatyň durmuş hem-de ykdysady kepillikleriniň, syýasy hukuklarynyň üpjün edilmegine, erkin ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu ýörelgeler öz gözbaşyny Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyndan alyp gaýdýar. Ýurdumyz bu Jarnamada berkidilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýär. Bu Jarnama 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji mejlisinde kabul edildi. Jarnama adamyň esasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň beýan edilen binýatlaýyn halkara resminamasy bolup durýar. Ählumumy Jarnamanyň şeýle möhüm ähmiýete eýedigi göz öňünde tutulyp, 1950-nji ýyldan bäri BMG-niň ýörite çözgüdi esasynda her ýylyň 10-njy dekabry «Adam hukuklarynyň güni» diýlip yglan edildi.

Baýramyňyz şatlyga beslensin!

Hormatly ildeşler! Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ildeşlerimizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlap, onuň dabaralaryny asuda geçirmegiňizi arzuw edýär we berjaý edilmeli ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ýatladýar: ● Täze ýyl baýramçylyk dabaralarynyň geçiriljek ýerlerinde elektrik enjamlardyr elektrik setleri «Sarp edijileriň elektrik enjamlardaky tehniki ulanyş düzgünleriniň» hem-de «Elektrik enjamlaryň gurluş düzgünleriniň» talaplaryna laýyk gelmelidir. Arçanyň bezeg çyralary ýangyn döremek howpunyň ýokdugyna doly göz ýetirilenden soň, ulanylyp bilner.

Bazar bolçulygy — il-günüň şatlygy

Oňa göz ýetirmek isleseň, edil şu günki gün ýurdumyzyň bazarlaryna we söwda merkezlerine baraýmaly. Ýylyň ähli paslynda-da rysgal-bereketden paýly halkymyzyň Aýazbabadyr Garpamygy, akja gardyr şöhle saçýan arçalary bize sowgat berýän Täze ýylyň öňüsyrasynda has hem şähtleri açyk, ruhlary belent. Ýüzleri gülüp duran ildeşlerimiz biri-birine mähribanlyk bilen ýüzlenip, nirede nämäniň barlygy bilen gyzyklanýarlar. Töwerekden: «Tüweleme, hemme ýerde-de zatlar bol. Döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun! Arada teleýaýlymdaky ähli zatlar bol we elýeterli bolmaly diýen sözlerini eşidip, gaty begendik» diýlen buýsançly sözler ýaňlanýar. Bu sözler hormatly Prezidentimiziň 29-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisini biygtyýar ýadyňa salýar. Şonda ýurdumyzyň söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer dekabryň 5-inden başlap, baýramçylyk söwdalary üçin ýurdumyz boýunça 850-den gowrak göçme söwda nokatlaryny guramaklygyň göz öňünde tutulýandygy baradaky hasabat bilen çykyş edipdi. Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň bazarlaryny we söwda nokatlaryny azyk harytlary, gök, bakja we miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün edip, ilatyň islegini doly kanagatlandyrmak barada tabşyryk beripdi. Azyk önümlerine diýseň bol bazarlarymyz we söwda merkezleri il aladasynyň tüýs ýerine düşendigini

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň hem-de «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýaşlyk — ömrüň gülşeni» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Welimyrat ÖWEZOW,TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.

Gymmatly taryhy-edebi hazyna

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyl iň täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalar arkaly uly üstünliklere beslenýär. Şeýle ajaýyp wakalaryň biri-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyny halkymyza peşgeş bermegidir. Bu taryhy-filosofik eser hormatly Arkadagymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhy we edebi mirasy hakyndaky toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir, şeýle-de gadymy oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde gymmaty egsilmejek çeşmedir. Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary, baý taryhy babatda durmuşa geçirilen ylmy, filosofik, çeper mazmunly işler geljekki nesillerimiz üçin gymmatly hazynamyzdyr. Hut şu jähetden alnanda, Milli Liderimiziň ilimize serpaý eden eserleri — «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Älem içre at gezer», «Janly rowaýat», «Döwlet guşy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Arşyň nepisligi», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly çuňňur pelsepä ýugrulan ajaýyp kitaplary, şol sanda «Hakyda göwheri» atly täze eseri türkmen paýhasynyň kemala gelmeginde tapylgysyz milli ruhy we medeni gymmatlygymyzdyr.

Göwün gyşa meňzemesin! (Durmuş we biz)

Gözelligi, tämizligi tebigata sowgat edip ýagýan gar daş-töweregi aklyk bilen bezedi. Bu pursat içki dünýäňde şatlyk uçgunjyklaryny emele getirýär. «Wah, şu wagt çaga bolsaň-da, gar oýnap, keýpden çyksaň. Ýa-da garda typsaň, hezil edip garadam ýasasaň...» diýip, öz ýanyňdan pikir ýumagyny çöşläbereniňi-de duýman galýaň. Asmandan düşüp, şemalyň ugruna tans oýnaýan garlar her kimem çagalyk ýatlamalaryna dolaýan bolsa gerek. Şol geçen gözel günleriň juda hezildigini diýsene. Çagakak gar ýagdygy, paltodyr elliklerimizi geýip, ejemiziň: «Daşary sowuk, kän gar oýnamaň, üşärsiňiz ýogsam. Ýykylyp, bir ýeriňizi agyrdaýsaňyz näme?» diýip berýän tabşyryklaryny-da ýadymyzdan çykaryp, göni köçä eňerdik. Ejem daşaryk goýbermejegem bolardy käteler. Onda-da doganym ikimiz her edip, hesip edip, ejemizi yrardyk. Goňşularymyzyň çagalary bilen garlaşardyk, gülşerdik, taýgançak ýollarda typyp-typyp, heziller ederdik. Şol süýji ýatlamalary ýatlamagyň özi-de saňa täsin duýgulary bagyş edýär. Süýji gussa bolsa bir ýandan göwün şelpelerini ýuwaşlyk bilen yrap geçýär... * * *

Aýazbaba çagalardan hat

Megerem, çagakak Aýazbaba hat ýazmadygymyz ýokdur. Täze ýyl golaýlasa, şindem jigim bilen Aýazbaba hat ýazyp, penjirä seredip oturyşymyz ýadyma düşýär. Şol gün: «Ýatmaly däl» diýip dilleşipdik. Barybir bolmady, uky höwesimizden üstün çykdy. Adatdakylar ýaly, Aýazbaba ýene görünmän gelip gitdi... Hawa, çagalygyň özi giden bir dünýä. Özem hiç wagt ýatdan çykmaýan, ýagşysy-ýamany bilen aňyňa kebşirlenip galýan älem. Şonuň üçin Täze ýyl şowhunyna çagalar ýaly ýürekden begenýän başga birini tapaýmak diýseň çetin. Haçan-da olar bilen söhbetdeş bolanyňda, nädip ýylgyranyňy hem duýman galýarsyň. Olaryň kiçijek ýüreklerinde besleýän arzuwlaryny eşitmek bolsa juda ýakymly. Biz hem «Nesiliň» şu sanynda körpejelerimiziň Täze ýylda Aýazbabanyň salgysyna ýollan hatlarynyň birnäçesiniň mazmunyny okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris. Bu hatlaryň gazetimiziň üsti bilen Aýazbabanyň salgysyna has çalt gowuşjakdygyna bolsa tüýs ýürekden ynanýarys. ■ Salam, Aýazbaba! Men Aşgabat şäherinden Medine. Şu ýyl men ýedi ýaşaýan. Arada ejem bilen bazarda aýlanyp ýörkäk gowy köýnek gördük. Ejem: «Täze ýyldan soň alyp bererin» diýdi. Täze ýyl agşamy ejem bilen meňzeş geýner ýaly, şol köýnekden ikimize-de sowgat edäý, Aýazbaba! Geçen ýylky ugradan gyş ädigiňiz üçinem köp sag boluň!

Aýazbaba bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

Täze ýyl golaýladygy, beýleki çagalar bilen birlikde men hem Aýazbabanyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlaýaryn. Ony hemme çagalar gowy görýär. Şonuň üçin hemişe Aýazbaba bolmagy arzuw edýärin. Sebäbi Aýazbabaň bar ýerinde çagalaryň arzuw-islegleri hasyl bolýar. Ol bir gezek jadyly hasasyny galdyrsa, sowgatlar setir-setir bolup düzüliberýär. Men häzir 6 ýaşymda, täze ýylda bolsa 7 ýaşaýaryn. Menden: «Ulalaňda kim bolasyň gelýär?» diýip sorasalar, hökman: «Aýazbaba bolasym gelýär» diýip jogap berýän. Edil Aýazbaba ýaly, meniňem adamlara şatlyk paýlasym, olary begendiresim gelýär. Ynha, görersiňiz, Aýazbaba bolamda men bu aýdanlarymyň hemmesini aňryýany bilen ýerine ýetirerin. Körpeleriň ýazan hatlaryny okaryn, diýen sowgatlaryny paýlaryn.

Nusgalyk şäher dünýäniň nazarynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamlar, «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar, emeli aňyň mümkinçilikleri ornaşdyrylyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli amatlyklar döredilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» halkara sergisinde Arkadag şäheriniň «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly baýraklara mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň nyşanydyr. 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda gurlan Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerini bütin dünýä görkezdi. «Akylly» şäherleri gurmakda has uly üstünliklere ýetmek üçin häzirki wagtda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezinde daşary ýurtly tanymal hünärmenler, inženerler, alymlar, professor-mugallymlar bilen bilelikde «akylly» öý, şäher we zatlaryň interneti, olaryň dolandyrylmagyny, kiberhowpsuzlygyn

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Täsirli geçdi Golaýda Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdepde TDP-niň etrap komiteti etrap bilim bölümi bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Dabara etrapdaky 3-nji, 24-nji, 17-nji we 29-njy orta mekdepleriň mugallymlary gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabaralary

Täze ýyl gelýär Wekilbazar etrabynyň gözel künjeginde ýerleşýän “Belent” toý mekanynda täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Wekilbazar etrap häkimligi Mary etrap häkimligi, TMÝG-niň Wekilbazar hem-de Mary etrap geňeşleri, Wekilbazar etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde «Arkadagly Gahryman Serdar bilen, eziz Diýar bagta ýar, ak arzuwlara beslenip Täze ýyl gelýär» ady bilen baýramçylyk çäresini geçirdi.

Wagyz-nesihat çäresi

Tertip-düzgün ündeldi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şan-şöhrata beslenen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja gün galdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda uludan bellenilip geçilýän Täze ýyl baýramyna taýýarlyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu baýramçylygyň şatlykly toýlanylmagyny üpjün etmek bolsa, özümize bagly.

Adamzadyň ýoluny ýagtyldan ruhy şamçyrag

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly geçmişine berilýän bahalar, ol baradaky pikir ýöretmeler aýratyn ünsüňi özüne çekýär. Kitapda ilkibaşdan ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biriniň milli buýsanç arkaly kemala gelýändigi, milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhynyň durandygy barada öňe sürülýän pikirleri gaýta-gaýta okaýarsyň. Hakykatdanam, geçmişe göz aýlasaň, dünýäniň kämilleşmegine, halklaryň biri-birine ýakynlaşmagyna, parahatçylygyň pugtalanyp, halkara gatnaşyklaryň ösmegine ata-babalarymyzyň goşan goşandy az däl. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda bu barada örän parasatlylyk bilen pikir ýöredilýär. Gahryman Arkadagymyz taryhy döwürler hakynda alymlarymyzyň ýazan ylmy işlerini hem täze pikir-düşünjeler, kesgitlemeler bilen ýerlikli baýlaşdyrypdyr. Bu bolsa örän ýerine düşüpdir. Kitapda öňe sürülýän gymmatly oý-pikirler, gelinýän netijeler, kämillige gönükdirýän ugurlar biziň üçin uly bir mekdepdir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu eser bütin halkymyza ýapylan Täze ýyl sowgady boldy. Biz bu ajaýyp kitaby adamzadyň ýoluny ýagtyldan ruhy şamçyrag hökmünde kabul edýäris.