"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ýangyndan ägä boluň!

Berjaý edilmeli düzgünler Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, şulary ýatladýar:

Awazanyň owazy

Gojaman Hazaryň türkmen kenaryndaky arassa çägeli, bejeriş ähmiýetli howasy, jana şypaly suwy bilen tanalýan, dürli ýaşdaky adamlary öz gözelliklerine bendiwan eýleýän, seýil-syýahata çagyrýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün ýurdumyzyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýere öz saglygyny berkitmek we dynç almak maksady bilen gelýän myhmanlar döredilen mümkinçiliklerden hoşal bolup, bagtyýar döwrümize buýsanýarlar. Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde guralýan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine badalga berildi. Çärelere şu ýylyň 26 — 30-njy martynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan hem-de paýtagtymyzda ýerleşýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar gatnaşýarlar. Bu halkara ders olimpiadasy ýaş nesilleri bilime höweslendirmekde, zehinlerini açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy. «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar 1 — 10-njy awgust aralygynda geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreler

Giň dünýäniň geň habarlary

«Tigir» diýseň, tigir däl ABŞ-nyň Illinois uniwersitetiniň alymlarynyň oýlap tapan ýeke tigirli «Ringbot» atly roboty ykjamlygy, netijeliligi we özbaşdak hereket etmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Ol päsgelçiliklerden geçmäge, öz ugruny kesgitlemäge, hatda basgançaklar arkaly hereket etmäge hem ukyplydyr. Önümçiligiň synag-tejribe tapgyryndan üstünlikli geçen robotyň tehniki mümkinçilikleri häzirki wagtda has-da kämilleşdirilýär. Ondan şäheriň çäginde çaparçylyk hyzmatyny amala aşyrmakda, oba hojalygynda hasyly ýygnamakda we ekinlere ideg etmekde peýdalanmaklyk göz öňünde tutulýar. Şeýle-de onuň mümkinçiligi çäkli adamlaryň hereketini, işjeňligini üpjün etmekdäki mümkinçilikleri öwrenilýär.

Sapaly tomsuň şatlygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu parasatly sözlerinden ugur alyp, eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösüşine, ylym we saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, sagdyn durmuş ýörelgelerine gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar. Körpejelerimiz Diýarymyzyň çägindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alşyň üçünji tapgyrynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde wagtlaryny şadyýanlykda geçirýärler. Şadyýan çagajyklaryň birnäçesi Gökdere jülgesindäki köpsanly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Bu ýerdäki körpeleriň gülki sesleri ajaýyp mukam bolup ýaňlanýar. Çagalaryň dynç alyş möwsüminde edilýän işler barada Gökdere jülgesindäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň uly mugallymy Nargül Orazgeldiýewa şeýle gürrüň berdi: — Gökdere jülgesindäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň üçünji möwsüminde öz saglyklaryny berkitmek üçin ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bagtyýar ýaşlarymyzyň 550-ä golaýy geldi. Olaryň her gününiň manyly we şadyýan geçmegi üçin ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Çagalar öz deň-duşlary bilen ýakyndan tanşyp, dostl

Gyzykly geçen bäsleşik

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzyň geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň gülleri bolan ýaş nesillerimiziň kamil bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, sagdyn ösmegi, watansöýüjilik ruhunda we asylly ýörelgeler esasynda terbiýelenmegi, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu günler gözel Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş günleri şadyýanlykda dowam edýär. Düýn Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň bilelikde guramaklarynda Gökderäniň şypaly goýnunda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň arasynda mekdep okuwçylaryndan düzülen ýaş ýangyn söndüriş topar agzalarynyň ýygyndy toparlary ýangyn-amaly sport bäsleşigine gatnaşdylar.

Gojaman Hazar: dostluk, parahatçylyk söýüjilik deňzi

12-nji awgust — Hazar deňziniň güni Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, baý döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara hukugynyň deňhukukly subýekti we BMG-niň doly hukukly agzasy hökmünde möhüm halkara tebigaty goraýyş ylalaşyklarynyň işjeň gatnaşyjysy hökmünde giňden tanalýar. Olaryň hatarynda Biologik dürlülik hakyndaky Konwensiýa we Kartahen teswirnamasy, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasy, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy we beýlekiler bar. Şeýle-de, Türkmenistan Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň, onuň Monreal teswirnamasynyň, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna gözegçilik etmek hakyndaky Bazel konwensiýasynyň, Maglumatlaryň elýeterliligi hakyndaky Orhus konwensiýasynyň, Suwly-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasynyň gatnaşyjysy bolup durýar. Biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleri bilen we Merkezi Aziýa sebitinde daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Munuň şeýledigine Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Tähran Çarçuwaly konwensiýasy we Durnukly ösüş boýunça Aşgabat Çarçuwaly konwensiýasy şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Hazaryň ylalaşyk hem hyzmatdaşlyk deňzine öwrülmegi baradaky garaýşy hem dün

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Seýrek ýagdaýda bolsa-da, hamallar özlerini işlerine höweslendirmek üçin käbir üýtgeşmelere zerurlyk duýýarlar. Geljek hepdede hem garaşýan täzelikleriňiz hakynda biraz artykmaç pikirlenersiňiz. Ýöne käwagtlar garaşmagyň ýeterlik bolmaýandygyny, gerek ýerinde hereket etmegiň zerurdygyny hem unutmaň!

Mekdep bazarlarynda söwda gyzyşýar

Her ýyl täze okuw ýylynyň bosagasynda ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da mekdep bazarlary işläp başlaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstümizdäki aýynyň ilkinji gününde hem bu işe guramaçylykly girişildi. Welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginde bize habar berişlerine görä, etrapdyr şäherlerimizdäki ýaşaýyş jaý toplumlarynda, daýhan bazarlarynyň ýanynda göçme söwda nokatlarynyň 51-si hereket edýär. Şonuň ýaly-da birleşige degişli dükanlaryň 570-sinde hem mekdep burçlary döredildi. Alyjylara oňaýly bolmagy üçin bu söwda nokatlary ir säherden tä giç öýläne çenli dynç alyş günsüz işledilýär.

Kämilligiň ýolunda

Eziz Diýarymyzda ýaş nesilleri sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda ähli jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hem paýyna uly jogapkärçilik düşýär. Bu möhüm we jogapkärli wezipeleri birkemsiz berjaý etmek bolsa, harby gullukçylarymyzdan ylymlylygy, bilimliligi, syýasy taýdan düşünjeliligi, ýokary hünär taýýarlylygyny talap edýär. Döwlet migrasiýa gullugymyzyň harby gullukçylarynyň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakda gullugyň merkezi edarasynyň Okuw bölüminiň binýadynda döredilen kitaphanamyzyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitaphanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan dörän ajaýyp kitaplar we ata Watanymyzyň bedew bady bilen ynamly öňe barýan ösüşli ýoluny beýan edýän suratly diwarlyklar, gazet-žurnallar bar. Kitaphanamyz ýurdumyzyň ösüşini, özgerişini açyp görkezýän döwrebap ylham hazynasydyr. Şeýle hem bu kitaphanada taryhda öçmejek yz galdyran türkmen serkerdeleriniň gahrymançylykly ýollaryny beýan edýän birnäçe taryhy kitaplar hem bar. Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mollanepesiň we türkmen edebiýatynyň g

Belent maksatlar rowaç alýar

Ýeňişli menzilleriň guwanjy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde tutumly işleriň gerimi giňäp, belent maksatlar rowaç alýar. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde sazlaşykly ösdürmekde ynamly gadamlaryň bady artýar. Şol bir wagtda döwletimiziň halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň giň möçberli işlerde durmuşa geçirilýändigini doly aýdyň edýär. Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýeňişli sepgitleri guwanç duýgusyny döredýär. Geçen aýyň başynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, üstümizdäki ýylyň alty aýynyň jemlerine seljerme berdi. Şu ýylyň birinji ýarymynyň görkezijilerinden görnüşi ýaly, ýurdumyz durmuş-ykdysady babatda sazlaşykly ösdürilýär. Diýarymyzyň çar künjeginde dürli kuwwatlykly önümçilik kärhanalarynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Durmuş-medeni maksatly ymaratlardyr desgalaryň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Mekdepleriň we çagalar baglarynyň döwrebap, owadan binalarynyň gurluşygy

Milli ýörelgeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalarynyň netijesinde halkymyzyň ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly ynsanperwer gatnaşyklary, dost-doganlygy pugtalandyrmak baradaky milli ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halky öz ata-babalaryndan gözbaş alyp gaýdýan milli edep-ekramy, ajaýyp gylyk-häsiýetleri bilen şu günki ösüp gelýän ýaş neslini terbiýeleýär. Terbiýe — munuň özi ynsanyň ýüreginde bar bolan gowy häsiýetlerini ýüze çykarmaga täsir etmegini we daşky gurşawyň oňat ýörelgelerini endik etmegini gazanmakdyr. Ynsany halal we ruhubelent ýaşamaga, mydama netijeli hereketde bolmaga gönükdirmekdir. Adamlarda gowy zatlary söýmek, ýaramaz endikleri ýigrenmek häsiýetini oýarmakdyr. 

Sarpaly sen, sylagly sen, Watanym!

Biziň Garaşsyzlyk alyp galkynan, hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolup dünýä dolan eziz Watanymyz bar. Şeýle ajaýyp Diýarda ýaşamak, döretmek, gurmak biziň her birimiz üçin çuňňur buýsançdyr. Şol belent buýsanç bilen zähmet çekilýän ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýar. Bu bolsa halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygaryna beslenmegi bolsa, has hem ýokary zähmet joşgunyny döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň ýetip gelýän şanly baýramçylygyna sowgatly barmak hemmeleriň belent borjuna öwrüldi. Häzirki günlerde çekilýän joşgunly zähmet munuň dogrudan hem şeýledigine şaýatlyk edýär.

Köňülleriň ylham çeşmesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusynyň ady şygar edinilen üstümizdäki ýylyň guwançly menzilleri ýeňişlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Gündogaryň akyldary, filosof, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýy şu ýylymyzyň şanyna şan goşdy. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýramçylygy taryhy waka bolmak bilen, beýik söz ussadynyň sylag-sarpasynyň buýsançly ýaňy alyslara aşdy. Beýik şahyrymyzyň uly toýunyň halkara derejesinde baýram edilmegi onuň edebi mirasynyň iňňän uly ähmiýetine şaýatlyk edýär. Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen halky üçin tapylgysyz terbiýe mekdebi bolup durýar. Her bir setiri Watana, türkmen topragyna çäksiz söýgä ýugrulan şygyrlarynda watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk çeper beýan edilýär. Dana şahyrymyzyň edep-terbiýä, ahlaklylyga, lebzihalallyga, zähmetsöýerlige çagyryşly şygyrlary türkmen halkynyň aňyna ymykly ornap, köňüllerimiziň ylham çeşmesi bolup hyzmat edip gelýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi hazynasy dogrusynda gürrüň açylanda asyrlar aşsa-da, beýik şahyrymyzyň dürler hazynasy bolan eserleriniň ähmiýetiniň üýtgewsiz saklanyp galýandygyny bellemelidi

Eşretli ýaşaýşyň hem-de abadan durmuşyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak babatda tutumly işler alnyp barylýar. Jemgyýetiň sagdynlygy ýurdumyzyň ösüşiniň berk binýady bolmak bilen, eşretli ýaşaýşyň hem-de abadan durmuşyň gözbaşydyr. Ýurdumyzyň daýanjy bolan ýaşlaryň sagdyn ösüp-ulalmaklary, bedenterbiýäni we sporty hemra edinmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, uzak we ýakyn geljegi nazarlaýan maksatnamalar kabul edilýär, kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak, temmäkä garşy göreşmek, alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak, ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagyny gazanmak babatda kanunlaryň, maksatnamalaryň kabul edilmegi ynsan saglygy baradaky aladanyň «Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdygyny açyk-aýdyň görkezýär. Berkarar ýurdumyzda ynsan saglygyna zyýanly endikleriň garşysyna aýgytly göreş alnyp barylýar. Neşe maddalarynyň, alkogolyň, temmäkiniň adam saglygyna ýetirýän zyýany örän uludyr. Ýaramaz endikler adam ömr

Çaga — eziz, edebi ondan hem eziz

ABADAN ERTIRIMIZIŇ NESILLERI ÝETIŞÝÄR Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň kämil bilim, asylly terbiýe almagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Hut şol maksat bilen bakja-bagymyzyň işgärleri özleriniň wezipe-borçlaryna oňat hem dogry düşünip, körpe neslimize bilim-terbiýe bermegiň inçe ýollaryny gözleýärler. Bagymyzda 527 çaga terbiýelenýär. Olar uly bakja, kiçi bakja, orta ýaşly, mekdebe taýýarlaýyş toparyna bölünýärler. Terbiýeçilerdir mugallymlar çagalaryň dogry iýmitlenmegine, asuda, rahat dynç almagyna gözegçilik edip, olaryň zehinli, bilimli, edepli çagalar bolup ýetişmegi ugrunda aladalanýarlar. Terbiýeçileriň şeýle yhlasly zähmeti öz miwesini hem berýär. Has takygy, çagalar bakja-bagymyzyň körpeleri etrap, welaýat boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda guralýan dürli bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Hazaryň kenarynda ýaňlanýar dostluk mukamy

Ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky giň gerimli aladalar eziz Watanymyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwürdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze taryhy eýýamyň möhüm aýratynlygyna öwrülen bu ýörelge mazmun baýlygyna eýe bolýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde indi birnäçe gün bäri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şatlyk-şowhunda dowam edip gelýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri şeýle buýsançly hakykatyň mynasyp beýanyna öwrülýär. Hazaryň türkmen kenaryny baýramçylyk ruhuna beslän bu çärelere Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary bilen birlikde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan çagalar hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar ýokary işjeňlikde gatnaşýarlar. Russiýaly okuwçylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart aýynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda birinji orny eýeläp, şeýle mümkinçilige eýe boldular. Russiýaly mekdep okuwçylaryna gazanan üstünlikleri üçin gymmatbahaly sowgatlar bilen

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Demokratik ýörelgeleriň zamanasy Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz ähli ugurlar boýunça ösüş-özgerişli döwri başdan geçirýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşli talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Bu bolsa, döwletimiziň we raýat jemgyýetimiziň durnukly ösüşine bähbitli täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär.

Wajyp meseläniň çözgüdi

Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzyň ýollarynyň ak ýollar bolmagyny gazanmagy hemişe üns merkezinde saklap, bu mesele bilen bagly möhüm wezipeleri öňde goýýar. Çünki, köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyny üpjün etmek ömrümiziň rahatlygyny, maşgalalarymyzyň abadanlygyny kepillendirýär. Aslynda, köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy hemmeleriň aladasy bolmalydyr. Bu ählihalk işine döwlet Baştutanymyz iňňän uly ähmiýet berip, ýurdumyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmak bilen bagly işlere badalga berýär. Mysal üçin, her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk ählihalk işine öwrülýär we il-günümiziň uly goldawyna eýe bolýar. Bu çäräniň maksady bolsa, köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyny üpjün edip, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny gazanmakdan ybaratdyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da döwlet derejesinde geçiriljek ählihalk çärelerine biziň etrabymyzda-da ykjam taýýarlyk görülýär. Çünki, ak ýollarymyz ömrümiziň rahatlygy, maşgalalarymyzyň abadanlygy bilen berk baglanyşyklydyr.

Awazada dynç alýan çagalara söz berýäris

Timur TAZEÝEW,Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherindäki 131-nji liseýiň okuwçysy: — Arkadag şäherinde geçirilen mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolan çagalar hökmünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde on gün dynç alýandygymyz üçin örän şat. Türkmen doganlarymyz bizi diýseň mähirli garşyladylar. Bu ýerde birnäçe türkmen deň-duşlarymyz bilen dostlaşdyk. Medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri biziň üçin diýseň täsirli hem gyzykly.

Çäreler täsirli geçýär

        Awazanyň gözel künjegine dynç almaga gelen çagalar we Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary häzirki wagtda dynç alşyň täsirli günlerini başdan geçirýärler. Bu gün çagalaryň dynç alşy deňiz kenaryna  gezelençden başlandy. Çagalaryň dynç alşy «Daýanç» sagaldyş merkezindäki medeni  çäreler bilen utgaşdy. Merkezde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda çagalar Magtymguly Pyragynyň  dürli dillere terjime edilen şygyrlaryny ýatdan aýtdylar. Çeper okaýyşlary hem ýerine ýetirdiler.