"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Sarpaly senetkärler

Düýn ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň meseleleri we dünýä tejribesi» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň guramagynda geçirilen maslahata köpöwüşginli milli senetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Bilşimiz ýaly, senetçilik bilen meşgullanýanlaryň işi hemişe-de senaly sözler bilen taryplanyp gelipdir. Halk paýhasy siňen atalar sözünde hem ol giňden beýan edilipdir: «Hünärli ýigit hor bolmaz», «Hünärliniň hormaty artyk». «Elleriňe güller bitsin!» diýlip alkyşlanýan, «on barmagyndan dür dökülýän» senetçiler şu güne çenli arzylanyp gelýär. Olar muňa aňryýany bilen mynasyp. Munuň şeýledigine maslahatyň dowamynda edilen çykyşlardan hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Hemmämiziň borjumyz

Gyzgyn howaly günlerde öri meýdanlarynda ýangyn howpunyň döremek ähtimallygy ýüze çykýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy öri-sähra meýdanlarynda ýangyn döremek ähtimallyk howpunyň öňüni almak maksady bilen, şu aşakdakylary ýatladýar. Öri meýdanlarynda ot ýakylmazdan öň, ýarym metr çuňlukda gazylan oý ýer taýýarlanyp, oduň daş-töwerege ýaýramazlygyny üpjün etmeli. Ody howanyň şemalsyz wagtynda ýakmaga rugsat berilýär. Onuň daş-töweregi (15 metr) guran ot-çöplerden arassalanmalydyr. Ody ulanylandan soň, suw sepip ýa-da gum sürüp, doly söndürmeli, ol ýerden gitmezden öň, oduň ýakylan ýerinden uçgunyň çykmaýandygyna doly göz ýetirilmelidir.

Geňeşli il

Milli demokratik we hukuk ýörelgeleri öz gözbaşyny uzak asyrlardan alyp gaýdýar. Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhyna ser salanyňda, «Köpüň dilegi köl bolar» diýlişi ýaly, türkmen jemgyýetiniň her bir döwletli işi köpçülik bilen maslahatlaşylyp çözülipdir. Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesinden, ata-babalarymyzyň ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden, milli demokratik ýörelgelerinden ugur alyp, ilatyň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisi demokratik ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Adam hukuklarynyň dabaralanmagy

Esasy Kanunymyzyň girişiniň: «Biz, Türkmenistanyň halky...» diýen sözler bilen başlanmagy Konstitusiýanyň halkyň adyndan kabul edilýänliginiň beýanydyr. Sebäbi tutuş döwlet, onuň ýerleşýän çägi, ýerasty we ýerüsti baýlyklary, medeni-taryhy ýadygärlikleri bütin halkyň eýeçiligine degişli bolup durýar. Döwletiň döremeginiň özi hem halkyň erk-ygtyýary bilen baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem döwlet islendik syýasy hereketi amala aşyranda, islendik kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edende halkyň adyndan çykyş edýär hem-de onuň ähli işi diňe halkyň bähbidine gönükdirilýär.

Ýangyndan ägä boluň!

Hormatly ildeşler, ýurdumyzyň raýatlarynyň her biri tebigatda özüňi dogry alyp barmagyň kadalaryny anyk bilmelidirler we olary birin-birin ýerine ýetirmegi endik edinmelidir. Bu kadalar ýönekeý. Şu wajyp wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy öz maslahatlary bilen mähriban watandaşlarymyza ýüzlenip, şulary ýatladýar: — Tebigatyň gözel ýerlerinde, tokaý seýilgählerinde, öri, sähra meýdanlarynda açyk ot ýakmak, çilim çekmek, söndürilmedik otluçöpi taşlamak, uçgun berijileri ulanmak, çüýşe gaplaryny, aýna böleklerini we zir-zibilleri taşlap gitmek, çagalary gözegçiliksiz galdyryp, ot oýnamaklaryna ýol bermek, awtoulaglary ot-çöpli meýdanlara salmak, ol ýerlerde awtoulaglara tehniki hyzmatlary geçirmek gadagan edilýär.

Türkmenistan — parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň Watany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary Ýer ýüzünde giň goldawa eýe bolýar. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny aýratyn bellemek bolar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 6-njy iýulynda ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren ikitaraplaýyn we giňişleýin düzümdäki gepleşiklerinde ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary barada durlup geçildi. Döwlet Baştutanymyz: «Biziň strategik dialogymyzyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdanymyzda, ählumumy howpsuzlyga; sebit ýagdaýlaryna; durnukly ösüşe; ynsanperwer meselelere üns bermeli diýip hasap edýärin. Häzirki şertlerde dartgynly ýagdaýlaryň öňüni almaga we dialog üçin mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen anyk çäreleriň görülmegi zerurdyr. Bu ugurda gatnaşyklaryň yzygiderli usullaryny ýola goýmak möhümdir» diýip bellemek bilen, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatda ugur alýan esasy ýörelgelerini beýan etdi.

Halk Maslahaty — beýik işlere badalga

Geňeşli iliň döwletli ýoly Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleri wagyz etmek we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän taryhy çözgütleriň möhüm ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, «Halk Maslahaty — döwletli ýörelgelere badalga» atly maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.

Beýik ösüşleriň rowaçlanýan mekany

Ata Watanymyz saýlap alan döredijilikli daşary syýasy ugry bilen okgunly öňe barýar. Bu syýasatyň nobatdaky döwür üçin esasy ugurlary 2022 — 2028-nji ýyllar üçin degişli Konsepsiýada bellenilendir. Ýer ýüzüniň parahatçylygynda, halklaryň birek-birek bilen ynanyşyp, howpsuz, asuda, abadan durmuşda ýaşamagynda bagtyň hakyky keşbini görüp bolýar. Muňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky oňyn başlangyçlarynyň älem içre belent ykrarnama eýe bolmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boljak taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi Milletler Bileleşigi tarapyndan bu sebite aýratyn uly üns berilýändiginiň alamatydyr. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda gyrgyz topragynda geçirilen konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiz sebitleýin medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumynyň işini ýola goýmak baradaky teklibi öňe sürdi. Bu babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek esasy orunda kesgitlenilýär. Şunlukd

Medeni miras we halkara hukugy

Ýurdumyzda halkymyzyň taryhy we medeni mirasy aýratyn sarpalanýan gymmatlyk bolup, ol bütindünýä medeni mirasynyň düzüm bölegidir. Türkmenistan dünýäniň ençeme ýurtlarynyň alymlarynyň ünsüni özüne çekýän Gündogaryň gadymy siwilizasiýasynyň ojagy hasaplanýar. Dünýäde ýaşaýan her bir halkyň özüne degişli aýratynlyklary, özboluşly medeni mirasy bar. Türkmenistan dünýä ösüşiniň genji-hazynasyna girýän maddy we ruhy medeniýetiň köp sanly ýadygärliklerinde saklanyp galan täsin mirasa eýedir. Ýurdumyz taryhy-medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda halkara guramalar bilen giň hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy (ÝUNESKO) bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyz halkara hukuk kadalaryny ileri tutmak bilen, halkara resminamalaryň ençemesine goşuldy. Olaryň hatarynda «Medeni miras» diýen düşünjäni kesgitleýän, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny, Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny, Edebi we çeper eserleri goramak boýunça Bern Konwensiýasyny hem-de Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Gaaga Konwensiýasyny görkezmek bolar.

Çeper elli zenanlaryň üstünligi

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde çeper elli, halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň gülläp ösmegine goşantlaryny goşýan, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşigine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinden keçe senetçiligi bilen meşgullanýan zenanlar gatnaşdylar.

Sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti

Ýurdumyzyň gazanýan ýokary ösüş sepgitleriniň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa eýlenen döwletli başlangyçlary, öňe süren durmuş-ykdysady ösüş we özgertmeler maksatnamalary durýar.  «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy we oýlanyşykly döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda dünýäniň ösen tejribesini hem-de öňegidişliklerini nazara alyp, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazaryýet bilimlerine we öňdebaryjy ylymlara esaslanan sanly ykdysadyýeti döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ykdysadyýeti üstünlikli sanlylaşdyrmagyň möhüm şerti ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna maglumat- aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak arkaly döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň elektron görnüşde ýerine ýetirilmeginiň gazanylmagy we sanly hökümet ulgamynyň ornaşdyrylmagydyr. Dünýäde birinji onluga girýän ýurtlarda döwlet tarapyndan hödürlenýän hyzmatlary sanlylaşdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilen ähli möhüm işler dört sany esasy tapgyrdan ybarat bolup, olar maglumat, interaktiw, tranzaksion, transformasion tapgyrlardyr.

Magtymgulynyň döredijiliginde tebigatyň waspy

Beýik Magtymguly Pyragy halkyň durmuşynyň ähli taraplaryndan söz açýan şygyrlary, ölmez-ýitmez eserleri döreden dünýä belli şahyrlaryň hatarynda durýar. Onuň diwanynda Watan, il-gün, adamkärçilik, mertlik, gahrymançylyk, ar-namys..., umuman, ähli meseleler hakyndaky garaýyşlar, oý-pikirler beýan edilen goşgular bar. Başga bir şahyryň aýdyşy ýaly, ol «daň sazyna çenli okan» adama örän köp zat berýär... Magtymgulynyň tebigat, onuň gözellikleri bilen baglanyşykly goşgulary-da az däl. Olar asman-Zemin, dag-dere, duman-sil, gar-ýagyş, çöl-beýewan... barada söhbet açýar. Şol goşgular beýik şahyryň öz Watanyna, onuň ajaýyp tebigatyna çäksiz söýgüsini, ynsanperwerligini, pähim-paýhaslylygyny şöhlelendirýär. Şonuň bilen birlikde-de, olaryň tebigatyň görnüşlerini suratlandyrmakda ýeten derejesi haýran galdyrýar.

Mekdep bazarlary ilatyň hyzmatynda

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 19-njy iýulynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramak, okuwçylar we talyplar üçin zerur harytlar bilen üpjün etmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, 1-nji awgustdan welaýatymyzyň dürli künjeginde mekdep bazarlary, göçme söwda nokatlary hereket edip başlady. Şadyýan tomsuň ahyrky aýy çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Täze okuw ýylynyň öň ýanynda ak mekdebe zerur bolan harytlary satyn alýan çagajyklaryň ýüzlerindäki şatlygy olaryň okuw ýylyna batly gadamlar bilen barýandygyny alamatlandyrýar. Ýeri gelende bellesek, mekdep harytlaryny halkymyza sanly ulgam arkaly hödürlemek we eltip bermek hyzmatlary hem ýola goýuldy. Häzirki wagtda welaýatymyzda göçme söwda nokatlary hereket edip, olarda okuwçy we talyp ýaşlara zerur harytlar bar.

Aşgabat — ajaýyp sungat eseri

Özüniň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şöhratly ösüşleriniň nyşanyna öwrülen paýtagtymyz bu gün dünýäniň has ösen we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Her bir ýyl şanly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler arkaly ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar, ak şäherimiz Aşgabadyň keşbinde bolsa ak mermere beslenen belent binalaryň hatary barha uzaýar. Dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem şeýle ajaýyp binalar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň buýsanjyny goşalandyrdy. Aýratyn hem, gojaman Köpetdagyň eteginde ör-boýuna galan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi şanly ýylymyzyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşige

Döwletiň hem jemgyýetiň gymmatly baýlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň işi halkara derejelere laýyklykda kämilleşdirildi we ösdürildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ýerine ýetirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň şeýle derejelere ýetmegine uly itergi berdi.

Ak arzuwlar bilen ak mekdebe

Häzirki wagtda ýurdumyzda barha golaýlaýan 2024 — 2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Paýtagtymyzyň «Teke» bazarynda, «Gülüstan» döwlet söwda merkezinde, «Altyn asyr» Gündogar bazarynda, şeýle hem birnäçe söwda nokatlarynda mekdep harytlarynyň bazarlaryny guramak indi asylly däbe öwrüldi. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň söwda we dynç alyş merkezleriniň, bazarlarynyň ýanlarynda guralan mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlarynyň gelim-gidimi barha artýar. Hepdäniň ähli günlerinde söwda etmäge mümkinçilik döredilen bu bazarlaryň harytlarynyň uly böleginiň ýurdumyzda öndürilen önümlerdigini aýtmak has-da ýakymly. Şeýle göçme söwda nokatlarynyň biri bolan, «Bereketli» bazarynyň meýdançasynda guralan mekdep bazarynda bolanymyzda, ata-eneleri bilen okuw esbaplarynyň dürli görnüşlerini, okuw lybaslaryny, sport egin-eşiklerini we beýleki zerur gerekli harytlaryny satyn almaga gelen ýaşajyk raýatlarymyzyň, talyp ýaşlaryň örän köpdügine göz ýetirdik.

Sport — sagdynlyk

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan gözel Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, sport işjeňligini ösdürmek, bu ugruň dürli görnüşleri boýunça ýaş türgenleri taýýarlamak wezipeleri döwlet durmuşynyň esasy ugry hökmünde üns merkezinde saklanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu babatdaky başlangyçlaryny ýokary derejede durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ulgamyň döwrebap derejede kämilleşdirilmeginiň netijesinde, häzirki wagtda sportuň dürli görnüşleri boýunça Aziýa hem-de dünýä çempionatlarynda altyndyr kümüş medallaryň köp sanlysyny gazanýan ýaş türgenleriň sany barha köpelýär. Ýurdumyzyň paýtagtyndan başlap, welaýat merkezlerinde, etraplarda, hatda obalarda gurlan we gurulýan sport mekdepleridir desgalarynda dürli olimpiadalara, ýaryşlara ýaşlary taýýarlamak babatda uly işler alnyp barylýar. Kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu desgalarda geçilýän türgenleşik işleri türgenleriň beden taýdan taplanmagyna we ýokary taýýarlykly güýje eýe bolmagyna uly mümkinçilik berýär. Bu işler türkmen türgenleriniň çempionatlarda ýokary netijeleri gazanmagyna getirýär hem-de dünýäniň sport söýüjileriniň ünsüni özüne çekýär.

Algyn pendim, jigerbendim!

Halallyk — ömrüň diregi Adamzat durmuşynda halallyk diýen düşünje kalplara, aňlara siňip galypdyr. «Halala hasap bar» diýen halk pähiminde hem halallyk ýaly häsiýetiň durmuşymyza giňden ornaşandygyny görüp bilýäris. Halallyk — ömrüň diregi, eliň rysgaly. Hikmetli kitaplaryň gatlarynda danalaryň, ulamalaryň halallyk barada edýän wesýetleri durmuş hakykatyndan üzňe däldir. Ata-babalarymyz halallyga ýanalýan dört häsiýeti wesýet edipdirler. Olar: lebzi halallyk, süňňi halallyk, zandy halallyk we kesbi halallykdyr.

Gündogaryň danasy

Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragy döwürleriň we köňülleriň şahyrydyr. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde akyldaryň paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde seleňläp duran heýkeliniň gurulmagynda aýratyn many bar. Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň «Türkmeniň» goşgusyndan hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan ganatly setirler ýazylan binýadyň beýikligi 25 metre deňdir. Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumynda dünýä ýurtlarynyň ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkelleri hem ýerleşdirilen. Magtymguly Pyragy umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Ol döwrüniň ähli wakalaryny özüniň goşgy setirlerinde beýan edipdir, adamlary ynsanperwerlige, watansöýüjilige, mertlige we ahlaklylyga çagyrypdyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda beýik şahyryň döredijiligine düýpli seljerme berip: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr» diýip belleýär.

Şadyýan tomus

Kiçi futbol boýunça ýaryş guraldy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim almagy hem-de şadyýan dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Tomus paslynyň ajaýyp günlerinde bagtyýar nesiller döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilýän sport bäsleşikleri, gezelençler we beýleki dürli çäreler uly ruhubelentlige beslenýär.