"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi»

Gadyrly çagalar, «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň surat çekmek we maket ýasamak ugry boýunça ýeňijileriniň eserlerini size hödürleýäris. Eserlerde ýaş nesilleriň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlary, çäksiz söýgüsi öz beýanyny tapýar. Döredijilik bäsleşiginiň maksady hem täze zehinleri ýüze çykarmakdan ybarat bolup, eserlerde «Dünýä dursun parahat!» diýen tema aýdyň şöhlelenýär. Geljegine uly umyt bildirilýän ýaş zehinlerimize döredijilik ýolunda üstünlikleri arzuw edýäris.

Bäsleşigiň ýeňijileri

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 12-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda geçirilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy boldy. Ol Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Bäsleşik işjeň häsiýete eýe bolup, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we şäherlerinden mekdep okuwçylarynyň ençemesi gatnaşdylar. Bäsleşik üç ugur: düzme ýazmak, surat çekmek we maket ýasamak boýunça guralyp, ol ilki mekdep, etrap-şäher we welaýat derejelerinde geçirildi. Şol tapgyrlarda ýeňiji bolan işler döwlet tapgyryna hödürlenildi we olardan iň gowulary emin agzalary tarapyndan saýlanylyp alyndy. Netijede, her ugur boýunça I, II, III orunlary eýelän okuwçylar kesgitlenildi.

Kalplary joşgunly ýaşlar

Watanymyz — arzuwly ýaşlaryň arzyly islegleriniň hasyl bolýan mekany. Bu gün ençeme ýaşlaryň arzuwlary öz wysalyna gowuşdy, ýagny olar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada eýe boldular. Şolaryň hatarynda bolmak bagty maňa-da nesip etdi. Öňdebaryjy ýaşlaryň hatarynda bolmak, elbetde, örän buýsandyryjy. Döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryň arasynda mekdep okuwçylarynyň bolmagy hem bizi diýseň guwandyrýar. Şol sebäpli žurnalymyzyň şu sanynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan mekdep okuwçylarynyň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik. Umytaly GURBANOW, Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy:

«2025»-iň gutlaglary

Goýny gül Diýarymyzyň görküne çaga gözi bilen seredip bolaýsa! Hasam şu günler. Çünki ýurdumyza olaryň iň söýgüli baýramy — Täze ýyl gelýär! Özüniň garaşylmadyk sowgatlary, üýtgeşik tagamnamasy, täsinje gutlaglary bilen adamlaryň, aýratyn-da, körpeleriň hakydasynda ýylboýy ýakymly ýatlama bolup galýandygy üçinem Täze ýyl beýleki baýramlardan has şüweleňli. Ine-de, arzylanyp garaşylýan Täze 2025-nji ýylyň Diýarymyzyň mübärek bosagasyndan ätlemegine az pursat galdy. Biz hem körpelerimize, olaryň ene-atalaryna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli redaksiýamyzyň adyndan garaşylmadyk baýramçylyk gutlaglaryny ýetirmegiň aladasynda kän gezdik. Ahyram «2025»-iň gutlaglary» atly seslenme bilen « ** – 20 – 25» telefon belgilerine jaň edip, olaryň ýürek buýsançlaryny, Täze ýyl gutlaglaryny halkymyza ýetirmegi ýüregimize düwdük. Elbetde, jaň eden belgilerimiziň eýeleri bu tötänlige haýran galsalar-da, teklibimizi goldap, özleriniň Täze ýyl gutlaglaryny biziň bilen paýlaşdylar. Bizem başardygymyzdan ony sözme-söz size ýetirýäris. «** – 20 – 25».

«Alo, salam, «Güneş» žurnalymy?!»

Sözbaşy edip goýan jümlämizi eşide-eşide eýýäm bu ýylam ahyrlap barýar. Nesip bolsa, ýene sanlyja günlerden tutuş ynsanyýetiň gatnaşmagynda ýazylýan «Ömür» atly kitabyň täze sahypasy açylar, ýagny Täze ýyl geler. Ynsan, köplenç, ýyl çalşygynda yzyna seredip, ýaşan günleri hakynda uzakdan-uzak gürrüň edesi gelýär. Bizem şol islegden ugur alyp, baýramçylyk sanymyzda agzybir işgärlerimiz bilen ýylyň dowamynda žurnalymyzyň sahypalarynda mynasyp çykyş eden zehinlije ýaş awtorlar, her sanymyza intizarlyk bilen garaşýan söýgüli muşdaklar, girizilen täze rubrikalarymyzyň körpeje okyjylarymyza we olaryň ene-atalaryna täsiri hakynda gysgajyk gürrüň etmegi makul bildik. Birdenem, redaksiýamyza jaň geldi: — Alo, salam, «Güneş» žurnalymy?!

Oýlan, pikirlen!

Geliň, krossword çözeliň! Täze ýyl arçasy

Aýazbabanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda atlandyrylyşy:

Özbegistanda: Kor Bobo we Aýoz Bobo; Gazagystanda: Aýaz-ata we Kolotun Aga;

Türkmen halky — gursagy Allaly halk

Ýagşy işler asylly däp-dessurlardan başlanýar Halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleri, maşgala gymmatlyklary häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýär. 11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berilmegi muny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.

Gapydaky hat (Durmuş we biz)

Bu gün kakam gaty gijikdi-le, işden geler wagtyndan on minut ötüpdir. Gapymyz hem kakylman geçdi. Diňe iniňi tikenekledýän harasat mahal-mahal penjirämizi kakyp ötýär. Öýde ejem ikimiz. Ýanyp duran ýekeje şem. Daşarda bolsa dekabr. Ejem görgüli meni garaşmak duýgusyndan halas etmek üçin erteki gürrüň bermäge durdy. Wakalaryň iň gyzykly ýerini aýdyp başlanynda kakam hakydamda janlanyp, kalbym eleniberýär. Bütinleý ertekiden ünsüm sowulýar. Wiý, ýogsa-da, kakam maňa her gün şokolad getirip berýärdi ahyryn, ol bu gün nähili şokolad getirerkä? Men ol gün, hakykatdan-da, kakama garaşdymmykam ýa-da şokoladyma? Belki, şokolada garaşan bolmagymam ahmal, ýöne şokoladam kakaň getirende süýji bolýar ahyryn. Dünýäniň ähli kakalary öz çagalaryna şokolad getirýäni üçinem söýülmäge haklydyr! Dünýäniň ähli çagalary bagtlydyrlar. Hemmelerem kakalaryna garaşýar ahyryn.

Sergi bäsleşigi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Bitaraplyk baýramy — parahatlyk aýdymy» atly şygar astynda sergi bäsleşigi geçirildi. Ol nakgaşçylyk, halyçylyk, grafika, çeperçilik sungatynyň ugurlary hem-de Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy wasp etmekden ybarat boldy. Bäsleşik bir tapgyrda geçirilip, oňa gatnaşdyrylan işler sergide Watanymyzyň gözelligi, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň asuda-parahatlygy, halkymyzyň ruhy dünýäsi, medeni-mirasy we häzirki döwürde ýeten sepgitleri bilen şöhlelendirildi. Netijede, 1-nji orna Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Gülnäzik Tozanlyýewa, 4-nji synp okuwçysy Şahlo Žasurbekowa 1-nji synp okuwçysy Bibipatma Mämmedowa, 2-nji synp okuwçysy Leýli Orazgeldiýewa, 2-nji orna şu mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Mähriban Aşyrowa, 2-nji synp okuwçysy Hatyça  Hudaýbergenowa, 3-nji synp okuwçysy Mylaýym Karajanowa, 1-nji synp okuwçysy Çaraz Rawşanowa, 3-nji orna mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Begzad Matýakubow, 1-nji synp okuwçysy Roza Saidowa, 2-nji synp okuwçysy Suleýman Jabbarow, 4-nji synp okuwçysy Meňli Ödäýewa dagy mynasyp boldular. Sergi bäsleşiginde ýeňiş gazanan okuwçylara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň Hormat hatlary we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Edep — altyn, terbiýe — hazyna

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Esenguly etrap geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edara-kärhanalarda zähmet çekýän gyz-gelinleriň arasynda ene-mamalarymyzdan miras galan milliligi, asyllylygy, ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik. Duşuşykda çykyş edenler maşgala agzybirligi, maşgalada çaganyň we ene-atanyň orny barada giňişleýin durup geçdiler. Her bir maşgalada çaga terbiýesine aýratyn üns berilmelidigini  ündediler. Milliligimize, asylly däp-dessurlarymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow konsertiň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi

TOÝLARY-TOÝLARA ULAŞÝAN, DIÝARYM Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyzyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere, toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle bagtyýarlygyň saýasynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bolelin, eşretli ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Wagyz-nesihat çäreleri

EDEP-TERBIÝELILIK — ÝAŞLARYŇ ÝARAŞYGY Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmäge gönükdirilen wezipelerinden ugur alnyp terbiýeçilik çäreleri geçirilýär. Golaýda şeýle çäreleriň biri etrapdaky 10-njy orta mekdepde geçirildi. Çäräni TKA-nyň etrap birleşmesi TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurady. Oňa ýokarda atlary agzalan guramalaryň işgärleri, 1,15-nji orta mekdepleriň mugallymlary, 10-njy orta mekdebiň mugallymlary we ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

Parahatçylykda çagalaryň sesi

Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralan «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileriniň sylaglanylyş dabarasy Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde geçirildi.

Ajaýyp kitap halkymyza sowgat

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň guramagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Beýik ýüpek ýoly» myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň hünärmenleri we il ýaşululary gatnaşdy. Dabarada çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere, taryhy wakalara  beslenýän günlerinde,  Halkara Bitaraplyk baýramynyň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň halkymyza gowuşmagynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm wakalaryň biri  bolandygyny nygtadylar. Olar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şanly taryhy hem-de häzirki ösüşi barada giňişleýin maglumatlary öz içine alan eseriň ylmy we taryhy nukdaýnazardan dünýä jemgyýetçiligi üçin hem baý çeşme bolup durýandygyny bellediler.

Arkadag şäheri Quality Choice Prize 2024 baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň ilkinji “akylly” we durnukly ösýän Arkadag şäherine duşenbe güni Wenada Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň (ESQR) “Hil taýdan saýlama baýragy 2024” (Quality Choice Prize 2024) atly abraýly sylagy gowşuryldy. Çäräniň guraýjysy bolup çykyş eden Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýeti her ýyl şähergurluşyk, saglygy goraýyş we energiýa tygşytlylyk ýaly ugurlarda hil dolandyryşda ýetilen üstünlikleri höweslendirýär. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy habar berýär. Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa tejribeler bilen utgaşýan ýokary şähergurluşyk ülňüleriniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin sylaglanyldy. Bu baýrak durnukly şähergurluşyk nusgasy hökmünde şäheriň ýeten sepgitlerini nygtaýar.

Gökdepede Gurbanguly Berdimuhamedowyň Käbä zyýaratyna bagyşlanyp sadaka berildi

Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna bagyşlanyp sadaka berildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi. Halkara “Bitewi suw” sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna amala aşyran saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Mekke şäherine zyýarat etdi. Mukaddes Käbäniň ýanynda ol Türkmenistanyň gülläp ösmegini, halkyň abadançylygyny, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurduň öňe gitmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini dileg edip namaz okady.

Daşoguz şäherinde "KAMAZ" awtotehnikany abatlaýyş we hyzmat ediş boýunça Okuw-hyzmat merkezi açyldy

Daşoguz şäherinde "KAMAZ" awtotehnikany abatlaýyş we hyzmat ediş boýunça Okuw-hyzmat merkeziniñ täze iki gatly modul görnüşli binasy ulanmaga tabşyryldy. Resmi türkmen metbugat gullugyna görä, açylyş dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniñ wekilleri, Halk Maslahatynyñ agzalary we Türkmenistanyñ Mejlisiniñ deputatlary, Daşoguz welaýatynyñ Kärdeşler arkalaşyklar bileleşikleriniñ, Türkmenistanyñ Demokratik partiýasynyñ Daşoguz welaýat komitetiniñ hünärmenleri, il-ýaşulylar, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.

Ruhy gymmatlyklary sarpalap

Mälim bolşy ýaly, 11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde sadaka berlip, oňa Milli Liderimiz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz, şeýle hem köp sanly ildeşlerimiz gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna berlen bu sadaka halkymyzyň asyrlarboýy eýerip gelýän ruhy däp-dessurlarynyň, häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir güwäsine öwrüldi. Sadaka gatnaşan ýaşuly nesliň wekilleri ýürek sözlerini şeýle beýan edýärler: