Ýatdagalyjy hepdelik
Türkmen halky ýetip gelen 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen garşy aldy. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde geçirilen hepdelik hem, täze ýylyň belent maksatly ady bilen baglanyşdyryldy. Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan hepdelik ýokary depginde dowam etdirilip, meýilnamada görkezilen çäreler birkemsiz ýerine ýetirildi. Harby gullukçylar syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli maglumatlar, ýurdumyzdaky we dünýädäki habarlar, täzelikler bilen gündelik tanyşdyryldy. Gullugymyzyň Okuw merkezlerinde tälim alýan ýaş esgerleriň ruhy-ahlak ýagdaýlaryny öwrenmek, wagyz-nesihat işlerini geçirmek maksady bilen, dolandyryşyň serkerdeleri tarapyndan olaryň arasynda ýörite işler geçirildi. Şonuň ýaly-da, ähli harby bölümleriň şahsy düzüminiň arasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň many-mazmunyny açyp görkezýän çäreler bilen bir hatarda, howanyň aýazly günleriniň dowam etmegi bilen baglanyşykly, şeýle-de ýangyn howpsuzlyk kadalary barada, ýiti öýken sowuklama we beýleki ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de beýleki möhüm wakalar boýunça okuw sapaklary, wagyz-nesihat hem-de beýleki çäreler guraldy. Hepdeligiň dowamynda harby gullukçylaryň, esasan hem esgerleriň ahlak-ruhy ýagdaýy nazarda tutulyp, Gullugymyzyň degişli gulluklary tarapyn