Raýatlaryň bähbitleriniň goragynda
Ýurdumyzda islendik pudakda zähmet gatnaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny sazlaşykly ösdürmekde jemgyýetçilik guramalaryna hem wajyp orun degişlidir. Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmeleri döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, telekeçiler we olaryň birleşikleri bilen özara gatnaşyklarynda işgärleriň durmuş-ykdysady, zähmet hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik edýärler hem-de goraýarlar. Işgärleriň kärdeşler arkalaşyklary guramalaryna erkin birleşmäge haky bardyr. Ýurdumyzda kärdeşler arkalaşyklaryny döretmegiň we olaryň hereket etmeginiň guramaçylyk-hukuk esaslary, hukuklary we işleriniň kepillikleri 2013-nji ýylda kabul edilen «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenýär. Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda kärdeşler arkalaşyklary işçi güýjüniň zähmet şertleri bilen üpjün edilmegi, durmuş adalatlylygynyň, netijeli we ynsanperwer ykdysadyýetiň ýola goýulmagy, zähmet çygrynda zähmetkeşleriň hukuklaryny we bähbitlerini goramak ýaly wezipeleri ýerine ýetirýärler. Zähmet hyzmatdaşlygynyň çäklerinde kärdeşler arkalaşyklary guramalary zähmet hakyny tölemegiň görnüşi, ulgamy, möçberi, pul sylaglary, kömek pullary, kepillikler, zähmete hak tölemegi kadalaşdyrmagyň usullary, iş bilen üpjünçilik we işsizligiň öňüni almak, işgärleriň hünär taýdan okadylmagyny,