"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Döwletlilik taglymaty dünýä nusgalyk

Jemgyýetiň ösüşindäki demokratik ýörelgeler milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürüldi. Munuň özi bu ugurdaky düýpli özgertmeleriň esasyny goýdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk edarasy işini ykdysady özgertmeleriň we medeni-durmuş ulgamynyň ösüşleriniň esaslaryny goýýan kanunlary işläp taýýarlamaga we kabul etmäge gönükdirdi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda täze kanunlar kabul edildi, öňden hereket edýänleriniň üsti üýtgetmeler we goşmaçalar bilen doldurylyp duruldy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we medeni-durmuş ulgamynda gazanylan oňyn netijeler ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk ulgamynyň barha kämilleşýändigine anyk subutnamadyr.

Ajap eýýamyň aýdyň ýoly

Arkadag Gursagyňda saklap peder yhlasyn,

Wagyz - nesihat çäreleri

Okuw - maslahat geçirildi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-günümiziň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmekde uly tagallalar edilýär. Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işlerini guramaçylykly ýola goýmak, şeýle ýagdaýlara hemişe taýýar bolmak bilen bagly wezipelere-de hemişe uly üns berilýär. Şu maksat bilen golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda okuw-maslahat geçirildi. Maslahata welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, etrap, şäher häkimleriniň orunbasarlary, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdeleri, şu müdirligiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň şahsy düzümi gatnaşdylar.

Ýaşlar hakda alada

Tutumly işleriň maksatnamasy Her bir güni toýa, ýakymly wakalara utgaşýan zamanamyzda ýaşamagyň guwanjy barada söz açylanda eziz Diýarymyzyň özgerişli keşbiniň goýnuna dolýarsyň. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2020-nji ýyl uly üstünlikler, şanly wakalar bilen jemlenip, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy.

Asudalygyň goragynda

Döwrüň talabyna eýerilýär Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda döredijilikli zähmet çekýän türkmen halky bagtyýar geljegine barýar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýuny mynasyp zähmet sowgatly garşylamagy maksat edinýän il-günümiziň rahat, abadan durmuşyny üpjün etmegem döwrüň zerur meselesi bolup durýar.

Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslary

Eziz Watanymyzyň aýdyň geljegi üçin gündelik zähmetiň bilen nusga görkezmek mukaddes işdir. Zähmet çekmek, öz islegiňe görä hünär, kär we iş ýeriňi saýlap almak, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertleri her bir adamyň konstitusion hukugy bolup durýar. Mejbury zähmet we çaga zähmeti gadagandyr. Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr. Onuň möçberi döwlet tarapyndan bellenilen iň pes zähmet hakynyň möçberinden az bolup bilmez. Bu hukuklar baradaky kadalar Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde giňişleýin öz beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, raýatlaryň zähmet çekmäge konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmegi üçin zerur durmuş-hukuk şertlerini we kepilliklerini döredýän, işgärler bilen iş berijileriň arasynda zähmet gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirýän Türkmenistanyň Zähmet kodeksi 2009-njy ýylda kabul edildi. Şondan bäri geçen döwrüň içinde ähli ulgamlarda giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Ykdysadyýetiň gurluş düzüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýy artdyryldy. Şoňa görä hem zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň zerurlygy ýüze çykdy. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki wagtda milli parlamentiň deputatlary tarapyndan kodeksiň bitewüligini üpjün etmek hem-de ony ulanmagyň amatly şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň rejelenen görnüşiniň üstünde işlenilýär.

Aýdyň geljegi nazarlap

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň, durmuşa geçirilýän taslamalaryň her biri, ilkinji nobatda, ösüşlerimize gönükdirilýär. Edil şonuň ýaly-da halkymyzyň bähbitlerine gulluk edýär. Ata Watanymyzyň ak mermere beslenen paýtagty Aşgabatda, welaýat we etrap merkezlerinde, şäherlerde, obalarda gurulýan çagalar baglary, saglyk öýleri, mekdepler, medeniýet ojaklarydyr sport desgalary halkymyzyň eşretli, bagtyýar ýaşaýşy üçindir. Milli Liderimiziň raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny nusgalyk derejä çykarmak ugrunda edýän aladalary oňyn netije berýär. Aýratyn-da, soňky ýyllarda ýurdumyzda ýerli gurluşyk materiallaryny öndürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň aglaba bölegi senagat kärhanalarynyň paýyna düşýär. Kärhanalar gurluşyk materiallary bilen bir hatarda, nebitgaz we energetika pudagy üçin enjamlaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny hem öndürýärler. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap önümleri bilen tapawutlanýan senagat kärhanalarynyň bolsa sany barha artýar.

Döwrebap şertlerden ruhlanyp

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň ösüşini hemişe üns merkezinde saklaýar. Hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda sanly ulgam arkaly medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça geçiren iş maslahatynda hem bu hakykat aýdyň ýüze çykdy. Gahryman Arkadagymyz şol iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň pugta maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilendigi we onuň ähli mümkinçilikleriniň herekete girizilmeginiň wajypdygy barada aýdanlary biz — medeniýet işgärlerini işimize has-da jogapkärli çemeleşmäge borçly edýär. Hormatly Prezidentimiz kitaphana işini ösdürmegiň meselesine hem ünsi çekip, şonuň bilen baglanyşykly elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadynyň we kitaplarynyň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy boýunça işleri geçirip, sanly kitaphana hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegine gönükdirilen işleri dowam etmek boýunça anyk wezipeleri öňümizde goýdy.

Bir asyryň şaýady

Bu gün 100 ýaşy arka atyp, bir asyryň şaýady bolan uruş hem zähmet weterany Hally Esenow, «Alla ýalkasa ýaş berer, bendesi ýalkasa — aş» diýlişi ýaly, Hakdan ýalkawly, il-günden sylagly adam. Onuň iki ogly, bir gyzy, on bäş agtygy, on ýedi çowlugy bar. Gyzy Bibisoltan Esenguly etrap çeper halyçylyk kärhanasynda halyçy bolup işläp, hormatly dynç alşa çykypdyr. Uly ogly Omargylyç «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde operator, körpesi Kerim Balkan sement zawodynda sürüji bolup zähmet çekýär. Gelinleri Ogultäçdir Rejepbibi geçmişiň şaýady, bagtyýarlyk döwrümiziň ýaşulusy bolan gaýynatasynyň halkymyzyň milli edep kadalary barada berýän öwüt-ündewleriniň durmuşda hemişe özlerine goldaw bolýandygyny aýdýarlar. Hally aga 1921-nji ýylyň 10-njy fewralynda Esenguly etrabynyň Ajyýap obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ol 15 ýaşynda obada döredilen  kolhozda hasapçy bolup işe başlaýar.

Paýhas çeşmesi

Ýer-ýurt üýtgär, adamzat üýtgemez. *  *  *

Salamdan başlanýar sylagdyr sarpa

— Salamälik! — Waleýkimessalam!

Göz edebi hakda oýlanyp...

Ýaradylyşda janly-jandarlara (ynsana, haýwana) jemgyýet, tebigat bilen sazlaşygy emele getirmek üçin, birnäçe syna peşgeş berlipdir. Ötenlerimiz şol synalaryň durmuşda ulanylyş edebi hakynda türkmençilik ýol-ýörelgeleriniň kadalaryny hem bize miras goýup gidipdirler. Muňa Azadynyň, Magtymgulynyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Keý-Kowusyň, Mäne Babanyň, Lukman Hekimiň... ynsanperwer edebi ýadygärlikleri mysal bolup biler. Şeýle hem bu hakykaty Gahryman Arkadagymyzyň bize sowgat beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda getirilýän ençeme tymsallardyr rowaýatlar hem aýdyňlygy bilen subut edýär. Men şu ýazgymda ynsan kowumyna bagyş edilen synalaryň diňe göz bilen baglanyşykly edep-terbiýesi hakynda gürrüň etmekligi maksat edindim. Göz diýen närse — adama daş-töweregimizdäki bolup geçýän ähli wakalary görmek üçin berlen syna. Her kim öz gözi bilen gören we görýän zatlary esasynda pikir ýöredip bilýär. Pederlerimiz «Gözüň görmeli zady-da bar, görmesiz zady-da bar» diýen taglyma gulluk edipdirler.

Bagtyýar nesilleriň buýsanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, zähmet çekmegi üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Türkmeniň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygy we kadaly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir» diýip, aýratyn nygtaýar. Şoňa görä, ýurdumyzyň ýaşlar syýasaty ýaş raýatlarymyzyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, ýaşlar üçin hukuk, durmuş, ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmäge gönükdirilendir. Şeýle hem hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek, ýaş raýatlarda watançylyk, türkmen halkynyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmak sypatlaryny ösdürmek, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyň häzirki zaman ugurlaryna ýaş raýatlaryň aňly-düşünjeli gatnaşmaklaryny gazanmak möhüm wezipedir. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, şeýle hem milli Liderimiziň şu ýylyň 8-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny görkezmek bolar.

Ene mähri zyýada

Durmuşda her bir zadyň öz lezzeti, süýji ýatlamasy bolýar. Meniň üçin enemiň mähriban keşbi, öwüt-ündewden pürepür mylaýym sesi, şirin hüwdüsi unudylmajak ýatlama, çagalyk ýyllarymyň bagtyýar günleri. Aramyzda bolmasa-da, süýji ýatlamalarymda ýaşaýan garry enem Bibi Pälwanowa çagalyk durmuşymyň aýrylmaz bölegi. Ine, enem janyň hat-pet ýazmak üçin ulanan uly stoly. Ine-de, meniň doganym Abdyrahmandyr dostum Mekan bilen bileje oturan oturgyçlarymyz. Şu ýerde oturyp, garry enemiň okap berýän gyzykly ertekilerini «bir gulaga öwrülip» diňlärdik. Otagda ähli zat şol öňküligine dur, hiç zat üýtgemändir. Garry enem bize çagalykdan okap-ýazmagy öwretdi. Men garry enemiň otagyna ýygy-ýygydan barardym. Ol alymdy, taryh ylymlarynyň doktorydy, akademikdi. Hanha, otagdaky kitap tekjesinde onuň okan birgiden kitaplary dur. Mugallymymyz maňa: «Eneň otagy kitaphana meňzeýär, bärde ylymlaryň ähli ugruna degişli kitaplar bar, olar diýseň köp» diýerdi. Atamyň gürrüň bermegine görä, enem talyplyk ýyllarynda talyp hakynyň dörtden bir bölegini kitap satyn almaga sarp eder ekeni. Ine, şeýdip hem onuň şahsy kitaphanasy emele gelipdir.

Raýatlaryň bähbitleriniň goragynda

Ýurdumyzda islendik pudakda zähmet gatnaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny sazlaşykly ösdürmekde jemgyýetçilik guramalaryna hem wajyp orun degişlidir. Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmeleri döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, telekeçiler we olaryň birleşikleri bilen özara gatnaşyklarynda işgärleriň durmuş-ykdysady, zähmet hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik edýärler hem-de goraýarlar. Işgärleriň kärdeşler arkalaşyklary guramalaryna erkin birleşmäge haky bardyr. Ýurdumyzda kärdeşler arkalaşyklaryny döretmegiň we olaryň hereket etmeginiň guramaçylyk-hukuk esaslary, hukuklary we işleriniň kepillikleri 2013-nji ýylda kabul edilen  «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenýär. Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda kärdeşler arkalaşyklary işçi güýjüniň zähmet şertleri bilen üpjün edilmegi, durmuş adalatlylygynyň, netijeli we ynsanperwer ykdysadyýetiň ýola goýulmagy, zähmet çygrynda zähmetkeşleriň hukuklaryny we bähbitlerini goramak ýaly wezipeleri ýerine ýetirýärler. Zähmet hyzmatdaşlygynyň çäklerinde kärdeşler arkalaşyklary guramalary zähmet hakyny tölemegiň görnüşi, ulgamy, möçberi, pul sylaglary, kömek pullary, kepillikler, zähmete hak tölemegi kadalaşdyrmagyň usullary, iş bilen üpjünçilik we işsizligiň öňüni almak, işgärleriň hünär taýdan okadylmagyny,

Keşbi ajaýyp Aşgabat

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-parasaty bilen amala aşyrylýan köpugurly özgertmeleriň netijesinde halkymyz bagtyýar ýaşaýşa eýe boldy. Ýurdumyzda bilimli ýaş nesil kemala geldi. Watan her bir ynsan ýüreginde nur saçyp, tugumyz belentde parlaýar. Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän mähriban paýtagtymyz bu gün bagtyýar halkymyzyň göz-guwanjyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Aşgabatda ençeme medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi.

Bagtyýar döwrüň eýeleri

Ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde «Ýaşlar syýasaty –döwlet berkararlygynyň berk binýadydyr» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türgenleşikleriň geçirilişi bilen tanyşlygy mahalynda öňde goýan wezipelerinden hem-de ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, ýaşlarda milli mirasymyza, zähmete sarpany döretmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan», «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp geçirilen bu maslahata okuw jaýynyň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Dabarada ilki bilen mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Nurýagdy Orazdurdyýew çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakyndaky döwlet syýasatynyň türkmen ýaşlary üçin döwrebap bilim-terbiýe almaga, kär-hünär öwrenmäge, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini giňden açmaga, ata Watanymyza wepaly ýaşlar, kämil şahsyýetler bolup ýetişmäge giň mümkinçilikleri döredýändigi dogrusynda täsirli gürrüň etdi.

Sazlaşykly hem bökdençsiz işledilýär

Öňdebaryjy, iň täze inženerçilik-tehniki çözgütler esasynda Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde welaýat merkezinde gurlan Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň zähmet topary ilaty we welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde nusgalyk işleri alyp barýar. Ekologiýa taýdan arassa ýangyçda — tebigy gazda işleýän «General Electric» amerikan kompaniýasynyň gazturbinalarynyň ikisi oturdylan bu stansiýada häzirki zaman tehnologiýalarynyň ygtybarly ulanylmagy welaýatymyzyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Ekologiýa taýdan howpsuz şertlerde ulanylýan bu stansiýanyň bökdençsiz işledilmegi welaýatymyzyň senagatynyň pajarlap ösmegine giň ýol açdy. Soňky ýyllarda welaýatymyzyň dürli künjeklerinde täze elektrik ulgamlarynyň çekilmegi, öňki hereket edýänleriniň onlarça kilometriniň abatlanylmagy, täze transformator beketleriniň we paýlaýjy ulgamlaryň ulanylmaga berilmegi elektrik energiýasynyň welaýatyň ähli ýerine bökdençsiz ýetirilmegine şert döredýär.

Saýlawlara taýýarlyk görülýär

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka öwrüljek bu çärä giňden taýýarlyk görülýär. Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 6-njy fewralda dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi. Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler. Olaryň barşynda ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasyna halk wekili bolmaga has mynasyp dalaşgärler görkezilýär. Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibine laýyklykda, syýasy partiýalar, raýat toparlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary bolan wekilleriniň üsti bilen, Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärligi hödürläp bilýärler.

Sanly ulgam arkaly okuw maslahaty

Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda göni wideoaragatnaşyk arkaly, durmuş hyzmatyny edýän döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň durmuş işi boýunça ýolbaşçylary üçin «Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly maksatnamasynyň çäklerinde okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäher häkimlikleriniň işgärleri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Körler we kerler jemgyýetiniň, Maýyplaryň merkezi bedenterbiýe-sport klubynyň ähli welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki wekilleri hem-de «Ýeňme» jemgyýetçilik birleşmesiniň, «Keýik okara» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Bäş günläp dowam eden okuw maslahatynyň gün tertibine laýyklykda mowzuklaýyn okuwlar geçildi. Şeýle hem, durmuş hyzmaty ulgamy boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler, olaryň berýän netijeleri barada özara pikir alşyldy, täze teklipler orta atyldy.