"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Baky bagtyýarlygyň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda berkarar Watanymyz bedew bady bilen ösýär, özgerýär. Gurulýan döwrebap binalardyr desgalar Diýarymyzyň barha özgerýän keşbine sazlaşyk we gözellik goşýar. Bu bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň paýtagtynda bina edilýän bir-birinden belent, kaşaň ymaratlaryň, ýaşaýyş toplumlaryň hatary giňeýär, Watanymyzyň sebitlerinde gurulýan döwrebap obalaryň we şäherçeleriň sany artýar. Gurluşyklary alnyp barylýan döwrebap obalaryň hatarynda welaýatymyzyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag, Owadandepe geňeşlikleriniň, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çägindäki gurluşyk taslamalaryny bellemek bolar. Agzalan täze, döwrebap obalaryň her birinde bir gatly ýaşaýyş jaýlaryň ýüzlerçesinden başga-da, durmuş-medeni maksatly beýleki desgalaryň gurulýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi, täze gurulýan nusgalyk obalarda bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesine jaý toýlaryny toýlamak bagtynyň miýesser etjekdigini alamatlandyrdy.

Berjaý edilmeli düzgünler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy döwrebap ýangyn söndürijiler we ýöriteleşdirilen tehnikalardyr beýleki zerur bolan enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Bu zatlar Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň netijeli we tutanýerli işlemegine giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri tarapyndan ilatly ýerlerde, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, senagat desgalarynda, guramalarda, oba hojalyk ekinleri bilen bagly işleriň alnyp barylýan ýerlerinde, şol sanda önümçilik kärhanalarynda ýangynlaryň öňüni alyş çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak maksady bilen geçirilýän şeýle çäreleriň, düşündiriş işleriniň barşynda degişli hünärmenlere ýangyn howpsuzlyk düzgünleri boýunça degerli maslahatlar berilýär.

Zähmet — rehnet — bagt

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher zehininden dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitapdan alnan çuňňur manyly bu jümle biziň her birimize, hususan-da, ýaş nesillerimize adamy adam edýän gudratyň zähmetdigini, durmuşyň lezzetiniň zähmetdedigini, BAGT atly binany hem diňe zähmet bilen gurup bolýandygyny aýdyň açyp görkezýär. Kitabyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde edilýän söhbet hut şu meseleleriň töwereginde jemlenýär. Munuň özi düşnükli, sebäbi zähmet bilen döwletlilik düşünjeleri bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem asyrlardan aşyp, şu günlerimize gelip ýeten döwletlilik ýörelgelerimiziň esasynda durýan gymmatlyklarymyzyň biri-de merdana halkymyzyň zähmetsöýerligidir. Ýigit görki — hünär

Parahatçylygyň waspy çagalaryň döredijiliginde

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijlik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda, milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda «Dünýä dursun parahat» diýen temada düzme ýazmak boýunça Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Gurbangözel Ataýewa birinji, Magtymguly etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Tawus Mämmedowa ikinji, Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýörit

«Hemişe juwan bolaýyn» diýseňiz...

Nähilidir bir gudrat bilen hemişelik juwan galmagy kim islemez?! Munuň üçin ertekilerdäki juwanlyk şerbetleri zerurmyka?! Göräýmäge, beýle däl ýaly. Çünki juwanlygymyzy uzak wagtlap saklap bilmek, ilkinji nobatda, özümize bagly. Ýaşlygyň ýakymyny sanap tükedip bolýarmy näme?! Iň inçe duýgular, güýç, maksada okgunlylyk, gaýduwsyzlyk we ýene-ýeneler ýaşlygyň bize eçilýän serpaýlary. Ýöne ýaşlygy başdan geçirmek bilen hemişelik onuň dünýäsinde galmak deň däl. Mahal-mahal öz ýanyňdan: «Wah, şu ikinjisi başardaýsa!» diýýärsiň. Psihologlaryň aşakdaky berýän maglumatlaryny okap, hemişelik juwanlyk bilen galmagy bile başaralyňmy?!

Özgerişliklere saldamly goşant

Kärhanamyzyň hünärmenleriniň iş şertlerini edilýän talaplara laýyk getirmek bilen bir hatarda olaryň dynç almaklaryny guramak boýunça hem maksada laýyk işleri alyp barýarys. Olara zawodyň «Jennet» şypahanasyna ýeňillikli ýollamanamalar berilýär. Bu ýerden çykýan ýod-bromly suw ynsan saglygy üçin peýdaly bolup, köp dertlerden saplanmaga kömek edýär. Ondan daşary, şypahanada saglygy dikeltmäge gönükdirilen beýleki hyzmatlar hem ýokary derejede guralýar. Kärhanamyzyň ýyladyşhanasy bolup, onda dürli görnüşli subtropik ekinler, miweler, pomidor, hyýar, şugundyr, käşir ýaly gök önümler ýetişdirilýär. Olar zawodyň işgärlerine elýeterli bahalardan satylýar. Zyýanly önümçilikde işleýän hünärmenler bolsa aýratyn alada bilen gurşalýar. Olara zyýanyň öňüni alyş iýmiti mugt berilýär. Zawodda hiç bir işgär hem ünsden düşürilmeýär. Hünärmenlerimiziň birinji synpa okuwa barýan çagalaryny mekdep esbaplary bilen üpjün etmek, pensiýa çykýanlary hormat bilen dynç alşa ugratmak indi asylly däbe öwrüldi.

Bagtyýarlyk mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenýän baş şäheri Aşgabat özüniň görkana keşbi bilen halkymyzyň ýürek buýsanjyna, göz-guwanjyna öwrüldi. Şu ýyl mähriban halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly dabara bilen toýlaýar. Gözel paýtagtymyz häzirki wagtda dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Aşgabadyň binagärlik keşbiniň möhüm düzüm bölegini emele getirýän tutuşlygyna ak mermere beslenen desgalaryň arasynda döwrebap ýaşaýyş toplumlary aýratyn orun eýeleýär. Olara Parahat 7, Çoganly, Gurtly ýaşaýyş toplumlaryny, paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji, 15-nji, 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde bina edilen köpgatly ýaşaýyş jaýlaryny mysal getirmek bolar. Içinde ähli zerur şertler döredilen, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan bu ýaşaýyş jaýlary hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan ugur alnyp, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda abadan ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Mähriban paýtagtymyzda yzygiderli gurulýan ýaşaýyş toplumlarynda döwrüň iň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň giňişleýin ornaşdyrylýandygy aýratyn guwandyryjydyr. Munuň aýdyň mysalyny paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäginde bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda hem görmek bolýar. Bu öýlerde «akylly öý» taslamasynyň üstünlikli ornaşdyrylmagy ýaşaýjylaryň gündelik işlerini ýeňilleşdirip, olaryň ýa

Ajaýyp mukam Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gülläp ösýän, häzirki döwürde sebitde parahatçylyk dörediji merkeze, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülen ak şäherimiz Aşgabat beýik ösüşler bilen has-da dabaralanýar. Özüniň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, kaşaň ymaratlary bilen göreni maýyl edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyzda Aziýanyň merjen şäheri hökmünde giňden tanalýan gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagyna 140 ýyl bolýar. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi geçen sanlyja ýylyň içinde tanalmaz derejede özgerdi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Aşgabat 1881-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda ol ýurdumyzyň iň uly senagat, ylmy we medeni merkezi hasaplanýar. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheri ak mermerli binalaryň has köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Her ýylyň 25-nji maýy milli Liderimiziň Karary esasynda Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat köp taryhy wakalary başyndan geçiren gadymy şäherdir. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Aşgabadyň ösdürilmegine ägirt uly üns berilýär, munuň üçin uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär, şäherimiziň çäkleri has-da giňeldilýär. Gözel Aşgabadymyza, onuň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine, ajaýyp binagärli

Gözelligiň dürdänesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň üstünlikli özgerişinde gözel paýtagtymyzyň häzirki ösüş tapgyry halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, rahat we eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek bilen bir hatarda, döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň arasyndaky gatnaşyklary hem sazlaşykly kämilleşdirýär. Gözel paýtagtymyzda bitirilýän beýik işlere ildeşlerimiz ýürekden buýsanýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň Aşgabady hemmetaraplaýyn ösen şähere öwürmek baradaky maksatlarynyň günsaýyn rowaçlanýandygyny aýna ýaly tekiz hem owadan ýagty köçelerdir şaýollaryň, täsin suw çüwdürimleriniň, biri-birinden zyýada, göreňde haýran galdyrýan kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň, mysalynda mese-mälim görmek bolýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň täze gurlan döwrebap binalary gadymy binagärçilik sungatynyň şöhlelenmelerini özünde jemläp, aýratyn bir gözel görnüşi emele getirýär, hemmetaraplaýyn aladanyň bimöçberdigine şaýatlyk edýär.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdäniň başynda hamallaryň özlerine ynamy artar. Soňky wagtda hamallar sähel zada biynjalyk bolýarlar, şonuň üçin ýyldyzlar olara sabyrly bolmagy duýdurýar. Hamallar hepdäniň başynda gulluk borçlarynda başlangyç bilen çykyş etseler şowly bolar. Kärdeşleriňizden ýardamyňyzy gaýgyrmaň. Maddy-üpjünçilik babatda ýagdaý durnukly bolar.

Ýurdumyzyň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň ýoly bilen

31-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Döwletimiziň kanunçylyk hukuk esaslary kämilleşdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, döwletimiziň kanunçylyk hukuk esaslary hem kämilleşdirilýär. Ol bolsa ýurdumyzda bagtyýar durmuş gurşawyny emele getirýär. Halkymyzyň gündelik ýaşaýyş-durmuşy, eýeçilik hukugyna bolan ygtyýarlyklary bilen berk baglanyşykly kanunlaryň arasynda «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk esaslaryny has-da berkitdi. Kanunyň 6-njy maddasynyň 1-nji bölümine laýyklykda, gozgalmaýan emlägiň şu görnüşleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň düzgünleri bellenilýär: ýer bölekleri; binalar, desgalar, gurluşygy tamamlanmadyk obýektler; ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlar; emläk toplumlary hökmündäki kärhanalar; Türkmenistanyň kadalaşdyryş hukuk namalarynda bellenen halatlarda gozgalmaýan emlägiň başga görnüşleri.

Döwür we partiýa guramasy

SYÝASY IŞJEŇLIK: AÝDYŇ WEZIPELER, ANYK MAKSATLAR Jemgyýetiň okgunly ösüşini üpjün etmek üçin mäkäm bitewüligi we jebisligi gazanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik kada öwürmegi, Gahryman Arkadagymyzyň adalatly we ynsanperwer döwlet syýasatynyň düýp many-mazmunyny, il-halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdaky ähmiýetini, onuň dünýä möçberindäki ornuny we abraýyny giňden hem ynandyryjy wagyz etmegi özüniň baş maksady, esasy ýörelgesi hasap edýän TDP-niň Akdepe etrap komiteti 98 sany ilkinji partiýa guramasyny, 4636 sany agzany özünde jemleýär. Partiýanyň ähli işi ilkinji partiýa guramalarynyň üsti bilen ýola goýlup, olar partiýanyň ýerlerdäki daýanjydyr. Halkymyzyň döredijilik güýjüni bir ugra gönükdirip, Arkadag Prezidentimiziň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak, il-ýurt bähbitli işleriň ählisiniň başlangyjynda, wakalaryň jümmüşinde bolmak partiýa guramalarynyň alyp barýan syýasy-jemgyýetçilik işiniň esasynda durýar.

Dabaralar, bäsleşikler, çäreler

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGIÜstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp derejede dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 – 11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda yglan eden «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň golaýda Görogly etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, okuwçylar «Dünýä dursun parahat!» diýen temadan düzme ýazmak, üstümizdäki ýyly şygaryna laýyk dabaralandyrýan işleriň, baky berkararlygymyzyň şanly ýubileý toýunyň waspyny ýetirýän maket ýasamak hem-de bagtyýar durmuşymyzy şekillendiriş işinde giňden açyp görkezmek ýaly şertlerde özleriniň döredijilik ukyplaryny, zehinlerini, başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, düzme ýazmak boýunça etrapdaky 1-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nowça Töräýewa, 7-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Merjen Sabyrowa, 20-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Tylla Jumamyradowa degişlilikde 1, 2, 3-nji orunlara mynasyp boldular. Surat çekmekde 45-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sähet Babahanow 1-nji, 8-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Meňli Saryýewa 2-nji, 5-nji orta mekdebiň 8-n

Ynsanperwerligiň beýik nusgasy

Mähriban hem Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 28-nji martynda geçiren Ministrler Kabinetiniň wideoşekilli mejlisinde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek kararyna gelendigini aýan etdi. Şeýlelik bilen milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy dikeltmek boýunça bimöçber işleri alyp barýan mähriban Arkadagymyz türkmen halkynyň adamkärçilik, ejizi goldamak ynsanperwerlik ýaly gymmatly milli häsiýetlerini ýene-de bir gezek dünýä ýaýdy.

Döredeijilik bäsleşigi

Bagtyýar geljegi nazarlap, ak ýollardan bagta sary barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna batly gadamlar bilen barýarys. Çünki, bu baýram halkyň erk-isleginiň, bagtyýarlygynyň aýdyň dabaralanmasydyr. Golaýda welaýat kitaphanasynda welaýat medeniýet müdirligi, welaýat halk döredijilik merkezi bilen bilelikde “Garaşsyzlygymyzy wasp edýän şahyrlar” ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigi welaýat halk döredijiligi merkeziniň bölüm müdiri, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Annaoraz Hojamyradow açdy we şahyrlara üstünlik arzuw etdi.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Kanunlar düşündirilýär Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokarlanýar. Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda täze-täze üstünliklere, belent sepgitlere ýetilýär. Ata Watanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Munuň özi özgertmeleriň gerim almagyna mümkinçilik döredýär.

Ýüreklerde Arkadaga alkyş bar

Ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlarynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. «Iki palataly parlament ulgamy — döwlet esaslaryny pugtalandyrmagyň kepili» ady bilen geçirilen maslahaty ýurdumyzyň Demokratik, Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýalary Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Zenanlar birleşigi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guradylar. Maslahatyň barşynda, Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda 28-nji martda geçirilen saýlawlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky orny barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu saýlawlar türkmen döwletiniň demokratik ýörelgelerini, halk häkimiýetliliginiň esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Ýokary derejede geçirilen saýlawlar türkmen jemgyýetiniň bitewüligini hem-de jebisligini, halkymyzyň milli Liderimiziň alyp barýan syýasatyny doly goldaýandygyny ýene bir ýola görkezdi. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy ýurt Baştutanymyza halkyň ynamynyň çäksizdiginiň subutnamasy boldy. Döwlet Baştutanymyza saýlawçylaryň ýüz göterimi ses berdi.

Dün­ýä tej­ri­be­si­ni iş­jeň ula­nyp

Geçen ýekşenbede her güni şanly wakalara beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda ýene-de bir möhüm ähmiýetli syýasy çäre — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary agzybirlikde, asudalykda we giň demokratik şertlerde guramaçylykly geçirildi. Il-ýurt bähbitli syýasy çäräniň ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň milli saýlaw ulgamyna häzirki zaman dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Raýatlygyň milli we halkara hukuk kadalary bilen utgaşykly ösüşi

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdy özgertmäge gönükdirilen maksada okgunly syýasatynyň ilkinji miweleri bütin dünýäni haýran galdyrýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler jemgyýetçilik-syýasy ulgamyň öňe gitmegine, Türkmenistanyň abraýynyň dünýäde ykrar edilmegine ýardam edýär. Adamyň syýasy, ykdysady, durmuş hukuklary bilen bir hatarda, onuň raýatlyga bolan hukugyny we azatlyklaryny durmuşa geçirmek, döwletiň we jemgyýetiň demokratik ýörelgelerini we hukuk esaslaryny berkitmek ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän hem-de dünýä bileleşiginiň doly goldawyna we ykrar etmegine eýe bolýan oňyn başlangyçlary aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kanunçylyk kepillikleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy diýip yglan eden döwletimizde halkara hukugynda göz öňünde tutulan we milli kanunçylykda kepillendirilen esasy hukuklary we azatlyklary üpjün etmek üçin ähli şertler döredilmelidir» diýmek bilen, adamyň we raýatyň halkara hukugynyň kadalarynda kesgitlenen esasy hukuklaryny ykrar etmegiň we olara sarpa goýmagyň möhümdigini nygtaýar.