"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

«Biz-ä sizi baý gördük...»

Şeýle sözleri öz içine alýan sanawaçlary aýdyp, gapyma-gapy aýlanyp ýören ýaremezançylar siziň öýüňize-de gelendir. Eline tutduran sowgat-süýjülikleriňizi alybam, goňşularyňyza okdurylandyrlar. Hawa, tämiz kalply çagalar, aslynda, päkligiň, Haka ýakynlygyň aýynyň — Orazanyň buşlukçysy! Ynha, bu gün biziň ýurdumyzda hem mukaddes Oraza aýy başlandy.

Remezan diýerler aýyň ýagşysyn

Oraza aýy geldi. Ruhy kämilligiň, özüňi taplamagyň aýy geldi. Musulmançylykda oňa haýryň, ynsanperwerligiň, sahawatyň has-da rowaçlanýan aýy hökmünde hem aýratyn ähmiýet berilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Aýyň ýagşysy» diýen şygrynda: Ýigrimi dört sagat on iki aýda,Remezan diýerler aýyň ýagşysyn —

Nesil terbiýesi — esasy mesele

Belent sepgitleri nazarlaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary esasynda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge uly üns berilýär.  Merdana halkymyz ähli döwürlerde hem ýaş nesli terbiýelemeklige uly ähmiýet berip gelipdir. Halkymyzda agzybirlik, adamkärçilik, adamlaryň ýaşyna garamazdan, birek-birege sylag-hormat goýmak ýaly däp-dessurlaryň nesilden-nesle geçip gelýändigi hemmä mälimdir. Çaganyň ýokary ahlakly bolup ýetişmeginde edep-terbiýäniň ähmiýeti örän uly bolup, ol ene süýdi ýaly halal bolmalydyr. Häzirki wagtda geljegimiz bolan çagalara berilýän bilim-terbiýäniň derejesini ösen döwrüň talaplaryna ýetirmek, mekdebe çenli çagalar edaralarynda aňly-bilimli, ýokary taýýarlykly ýaş nesli kemala getirmek esasy meseledir.

Çagalykdan başlanýan ömür

«Adyň arşda Arkadagly Aşgabat» atly makalalar toplumyndan Bagtyýar çagalygyň, bagtdan didelerine nur çaýylan çagalaryň mesgeni hasaplanýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli gowy zatlar balalarymyzyň ygtyýarynda. Çünki özündäki ähli oňat häsiýetleri terbiýe ulgamy arkaly ogul-gyzlaryna geçirýän halkymyz perzentsöýerligi bilen taryhda uly şan-şöhrat goýupdyr. Özi iýmän iýdiren, geýmän perzendiniň egnine çolan, kirpigini kirpigine gatman, süýji hüwdüleri bilen ezizläp ýetişdiren balalaryna diňe bir öz öýüniň ýa-da obasynyň däl-de, eýsem, Watanyň ykbalyny ynanarlyk derejede mertebe menzilini bagyşlapdyr. Asly ygrar-ygtykatly, ugradan işiniň ugur almagyny, başlan ýolunyň dowamata sapmagyny ýagşy niýetlere besleýän halkymyzyň edýän il bähbitli işleri oňa aýdyň mysal bolup durýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň görküne görk goşup, uzaklardan seleňläp görnende, durmuşyň dowamly hikmetiniň syryny sözläp duran «Älem» medeni-dynç alyş merkezi sözümiziň güwäsidir. Milli Liderimiziň çagasöýer kalbynyň aýdymyna, türkmeniň çog gyzyl halylarynyň öýdümine çalymdaş bu binanyň ady älemde bellidir. Sebäbi ol 2012-nji ýylyň maý aýynda Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Oraza geldi ilime

Şu gün Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda mukaddes Oraza aýy başlanýar Obamy ýa-da şäheriň köp gatly jaýlary, parhy ýok, eljagazlaryna kiçijek ýantorba alyp, çagalygyň hezilini görüp ýören balalaryň şaňňyja sesleri töwerekden eşidilip dur. Olar agzybir, asuda, milli däp-dessurlarydyr edim-gylymlaryny başyna täç eýleýän türkmen topragyna sahawatly Oraza aýynyň gelendigini buşlaýarlar. Çagalaryň:

Ýelpewaç

Bahar pasly aram howaly bolsa-da, indi yssy günler uzakda däl. Häzirki wagtda o diýen köp ulanylmaýan hem bolsa, howanyň yssy günlerinde ýelpewaç ulanýan adamlara gabat gelinýär. Eýsem, bu ýönekeýje enjam haçan peýda bolduka?! Ýelpewaç Gündogar we Uzak Gündogar ýurtlarynda has irki döwürlerden bäri bellidir. Onuň ilkinji görnüşleri palma we lotos agaçlarynyň ýapraklaryndan ýasalypdyr. Geçirilen barlaglaryň netijesine görä, Hytaýda II asyra degişli bolan ýelpewaçlaryň üstünden barlypdyr. Olaryň tutawajy agaçdan we perden ýasalypdyr. Ilkibaşda has uly bolan ýelpewaçlaryň soňlugy bilen has kiçi, ýanyňda göterilýänleri peýda bolupdyr. Kagyzdan we ýukajyk tagta bölejiklerinden ýasalan ýelpewaçlar giň halk köpçüligi tarapyndan ulanylypdyr.

Milli demokratiýamyz dabaralanýar

Mälim bolşy ýaly, welaýatymyzda şu ýylyň 28-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynda ata Watanymyzyň ösüşleriniň hatyrasyna dürli pudaklarda göreldeli zähmet çekýän ildeşlerimiziň hem-de syýasy partiýalaryň işjeň agzalarynyň arasyndan iň mynasyp görlenler bu abraýly gurama wekil hökmünde saýlandylar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly edara hökmünde döredilmegi bilen, berkarar döwletimizde ilkinji gezek geçirilen bu saýlawlaryň tutuş ýurdumyzda we welaýatymyzda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilendigini aýratyn bellemek bolar. Asyrlaryň dowamynda pederlerimiziň pähim-paýhasyndan kemala gelen kämil milli ýörelgelerimize we halkara derejesinde ykrar edilen kadalara laýyklykda, demokratik şertlerde geçirilen bu saýlawlar ýurdumyzda adam hukuklary bilen baglanyşykly milli demokratiýamyzyň barha rowaçlyga beslenýändigini ýene bir ýola açyk-aýdyň subut etdi. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda bolup geçen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi hem-de milli Parlamentimiziň iki palataly kanun çykaryjy edara öwrülip, onuň Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň kanun çykaryjy palatasynyň — Mejlis, wekilçilikli palatasynyň bolsa, Halk Maslahaty diýlip atlandyrylmagy, di

Tebigat — biziň öýümiz

BÖTENDAGDA BAG EKILDIMälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa degişli esasy wezipeleriň biri bolup durýan Araly halas etmek bilen bagly alnyp barylýan işlerde Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärmenleriniň hem öz mynasyp goşantlaryny goşmagyny gazanmagyň zerurdygy barada tabşyryklary beripdi. Şol tabşyryklardan ugur alyp, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň bilelikde guramagynda Bötendag belentliginde Arkadag Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda başy başlanan tokaý zolagynda saýaly we pürli bag nahallaryny ekmek çäresi guramaçylykly geçirildi. Aral meselelerini çözmek babatda çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, bagy-bossanlyga büremek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Türkmen oba hojalyk institutynyň degişli kafedralarynda ýaş mugallymlaryň gatnaşmagynda şular bilen bagly ylmy-barlag işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Häzirki döwürde ekologiýany arassa saklamak, oňa täzeçe çemeleşmek işlerine yzygiderli gatnaşýan bu ýokary okuw

Üns beriň, bäsleşik!

PARAHATLYK MERKEZI AK ŞÄHERIM AŞGABAT Watanymyzyň ýüregi, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat Baş bilim müdirligi, «Bagtyýar eýýam» hususy kärhanasy bilelikde welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Parahatlyk merkezi ak şäherim Aşgabat» atly türkmen, rus we iňlis dillerinde goşgy ýazmak hem-de surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Zehinli nesiller döwrümiziň guwanjy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygyna, geljeginiň abadan bolmagyna gönükdirilýär. Gözel Diýarymyzyň nurana ertirleriniň hakyky eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almaklary, olaryň döredijilik zehinlerini, özboluşly ukyplaryny ýüze çykarmak, kämilleşdirmek üçin Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlarynyň halkara bäsleşiklerde, olimpiadalarda we döredijilik bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleri ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň aýdyň subutnamasydyr. Medeniýet halklary, döwletleri birleşdirýän ruhy güýçdür. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, medeni, taryhy we ruhy gymmatlyklary bir kökden gaýdýan türki halklaryň arasyndaky baglanyşyklary berkitmek, parahatçylygy, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, dürli bäsleşikler, forumlar we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

Remezan diýerler aýyň ýagşysyn

Şu gün haýyr-sahawatyň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýy başlandy. Bu bolsa tutuş yslam äleminde ruhy galkynyşy öňküden-de artdyrdy. Merdana halkymyz ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna eýerip, täze dogan Aýy maňlaýlaryna sylyp, köňül tämizliginiň, beden sagdynlygynyň gönezligi bolan milli ýörelgelerimizi özünde jemleýän ajaýyp pursatlary uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. Mukaddes Oraza aýy on bir aýyň soltany hasaplanýar. Onuň tutuş dowamynda ýagşy adatlary ýaýmak, bir-birege hoşamaý bolmak, hoşniýetli amallary berjaý etmek, hormat-sarpany has-da dabaralandyrmak ýaly dessurlar berjaý edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri halkymyzyň durmuşynda milli däp-dessurlarymyzyň gadyr-gymmatyny artdyrýan mana eýedigi bilen has gymmatly görülýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda agzybirligi, jemgyýetiň sazlaşygyny we jebisligini pugtalandyrmak, gadymdan gelýän milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmek baradaky ajaýyp başlangyçlary, amala aşyrýan beýik işleri täze ösüşleriň belent sepgitlerine mynasyp itergi bolýar. Bu ýurdumyzda ruhy päkligiň, haýyr-sahawatyň aýy hasaplanýan mukaddes Orazanyň tutuş dowamynda amal edilýän ýörelgeleriň mysalynda hem has aýdyň görünýär.

Kesbinden kemal tapan

Golaýda welaýat kitaphanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Ahal, Mary welaýat kitaphanalarynyň arasynda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Annatuwak Kakaýewanyň doglan gününiň 60 ýyllygyna bagyşlanan  «Kesbinden kemal tapan şahyr» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşygy welaýat kitaphanasynyň direktory Ogulhan Mätdurdyýewa giriş sözi bilen açdy, şahyryň durmuş ýoly we döredijiligi bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Annatuwak Kakaýewanyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna, Aşgabat şäherimiziň 140, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlap ýazan goşgularyny okap bermegi duşuşygyň täsirliligini artdyrdy.

Milli gymmatlyklarymyzyň çeper keşbi

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýat häkimliginiň, medeniýet, Baş bilim müdirlikleriniň, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň guramaklarynda welaýatyň höwesjeň suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, bilim işgärleriniň, halyçylarynyň arasynda «Türkmen bedewleri hem-de türkmen alabaýy milli buýsanjymyz» atly döredijilik sergi-bäsleşigi geçirildi. Sergide türkmen bedewiniň we alabaýynyň çeper keşpleri ýagly reňkde, şeýle-de ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň dänelerinden, özboluşly çeperçilik bilen döredilen heýkeltaraş işlerinde wasp edildi. Döredijilik bäsleşiginde heýkeltaraşlyk işi boýunça Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary Baýgeldi Annamedowyň «Görogly», Sapa Akbaýewiň «Türkmen bedewi», S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ýaşaýjysy, hormatly dynç alyşdaky Ýusupbaý Atajanowyň «Uçar ganat», surat çekmek boýunça Gubadag etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şasenem Gurbanowanyň «Behişdi bedew», S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 59-njy orta mekdebiň mugallymy Sadylla Döwletowyň «Bedew», Akdepe etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy Allanur Güjükowyň «Behişdi bedew», Maýa Döwletowanyň «Bedew», S.A.Nyýazow adyndaky etrap bilim bölüminiň hünärmeni Bahram Şamyradowyň «Wepaly», şu etrapdaky 55-nji orta mekdebiň okuwçysy Sewinç Klyçewanyň «Uçar ganat», Gubadag etrabynyň medeniýet bölüminiň çeper höwesjeňi

Giň dünýäniň geň habarlary

TÄSIN MUZEÝ Şweýsariýanyň Le-Brassýu şäherinde täsin muzeý ýerleşýär. Onuň täsinligi diňe bir binagärlik çözgüdinde hem däl. Ol hem sagat muzeýi, hem ussahanadyr. Binanyň umumy meýdany 2373 inedördül metre deň bolup, tegelek görnüşi emele getirýär. Ol 108-e golaý aýna panelleri bilen örtülendir. Binanyň üçegi polatdan bolup, ýaşyl maýsalar bilen örtülendir. Onuň umumy görnüşi bu sebite mahsus bolan baýyrlyklardan ylhamlanyp döredilýär. Bina daşky görnüşi babatda sagat ýaýjyklaryny ýatladýar. Muzeý-ussahana «Atelier Audemars Piguet» sagat önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýanyň serişdeleriniň hasabyna bina edilýär. Bu ýerde dünýäniň iri sagat sergileri yzygiderli guralýar.

Howpsuz iş şertleri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy bilen ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi has-da belentliklere galdy. Mähriban Prezidentimiz: «Öz hataryna bir milliondan hem gowrak agzany jemleýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi berkitmekde, raýatlarymyzyň döredijilik işjeňligini ösdürmekde, agzalaryň zähmet hukuklarynyň hemişe goragynda bolmakda asylly işleri alyp barýar» diýmek bilen ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleri giňden wagyz etmekde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň hem öňünde uly wezipeleriň durýandygyny nygtaýar.

Jemgyýetçilik guramalarynda

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. «Aşgabat — Garaşsyz döwletimiziň merjen şäheri» atly bu maslahat «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna hem-de gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa professor-mugallymlar, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylan ösüş-özgerişler, bagtyýarlygyň hem gözelligiň şäheri bolan Aşgabadymyz, türkmenistanlylaryň durmuş-zähmet goraglylygy, sagdyn jemgyýeti gurmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Il-ýurdumyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän irginsiz aladalary üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna sagbolsun aýtdylar.

Oraza — ynsanperwerligiň aýy

Şu gün hijri-kamary hasaby boýunça Remezan aýy başlanýar. Remezan aýynda agyz beklemek, haýyr-sahawat işlerini berjaý etmek ýaly asylly däpler mähriban halkymyzyň agzybirlige we bitewülige, abadançylyga, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinde döreden asylly däp-dessurlarynyň, milli gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelenmegi üçin ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çagalar bu mukaddes aýyň başlanmagynyň bir gün öňýanynda agşamara Ýaremezan aýtgylaryny şowhunly aýdyp, ýagşy arzuw-niýetler edip, täze Aýyň dogandygyny buşlaýarlar. Ildeşlerimiz bu aýda Beýik Biribardan ata Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyny dileg edip aýat-töwürler okaýarlar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen öňe sürlen ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirmekde halkymyza uly rowaçlyklary arzuw edýärler. Golaýda ýurdumyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleri, ata Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň bagtyýar ýaşaýşy, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi bilen

Şanly ýylyň çäreleri

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyryp, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny barha artdyrýar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň dabaralary parahatçylyk, agzybirlik, dost-doganlyk, asudalyk ýörelgeleri bilen dünýäde ykrar edilen Türkmenistanyň şanly ösüşiniň ýalkymyny has-da nurlandyrar. Biz hem ýurdumyzda hereket edýän iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleridir ýaş meýletinçileri bilen etrabymyzyň çägindäki edara-kärhanalaryň işgärleriniň hem-de oba zähmetkeşleriniň arasynda ýygy-ýygydan bolup, täsirli çäreleri, düşündiriş işlerini geçirmeklige giň gerim berýäris. Duşuşyklarymyzda adatdan daşary ýagdaýlar dörände, tebigy betbagtçylyklar ýüze çykanda, özüňi nähili alyp barmalydygy, nähili ýagdaýda howpuň öňüni alyp boljakdygy barada anyk maglumatlary mysal getirmek arkaly gürrüň berýäris. Şeýle ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ejir çekenleri nähili usulda howply ýerden daşlaşdyrmalydygyny we lukmandan deslapky ilkinji kömekleri bermekligiň ýollaryny usuly tejribeler arkaly görkezýäris hem-de degerli maslahatlary berýäris. Şu günler ilatyň arasynda geçirýän söhbetdeşliklerimiziň esasy özenini ýokanç keselleriň öňüni almak, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek ýaly wagyz-nesihat çäreleri düzýär.

Hukuk nazaryýeti we raýat

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwlet gurluşynyň meselelerini, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini, şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýän milli kanunçylygymyz rejelenen görnüşdäki Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň talaplaryna, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, şeýle-de dünýäniň ösen demokratik ýurtlarynyň tejribesini nazara almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu bolsa ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň, düýpli özgertmeleriň kanun taýdan esaslandyrylmagynyň zerur şertidir. Konstitusion kada döwleti emele getirýän we onuň häkimiýet edaralaryny dolandyrýan raýatlary goramaga we olara hyzmat etmäge gönükdirilen wezipeleri amala aşyrmaga borçly edýär. Olaryň döwletiň öňünde jogapkärdiklerini kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda konstitusion kadalar döwlet bilen jemgyýetiň we adamyň özara gatnaşyklarynyň esasyny birikdirýär. Raýatlaryň özleriniň we özgeleriň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamagyny hem-de sarpa goýmagyny terbiýeleýär. Her bir raýatyň hukuk terbiýesini we medeniýetini kämilleşdirýär.

«Remezan diýerler aýyň ýagşysyn»

Musulman ymmatynyň ýylyň dowamynda garaşýan aýy — Oraza aýy hem ýetip geldi. Oňa: «Aýlaryň soltany» diýilýär. Sebäbi agyz beklenilýän bu aýda Allatagala bendelerine rehmetini köpeldýär we rysgallaryna bereket eçilýär. Oraza aýynda agyz beklemek yslam dininiň bäş parzynyň biridir. Bu barada Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam hadyslarynyň birinde: «Kim ynanyp, sogabyny Allatagaladan tama edip, remezan orazasyny tutsa, öňki günäleri bagyşlanar» diýýär. Şonuň üçin hem bu aýda Hezreti Muhammet Pygamberimiziň parzlaryny berjaý edýän musulman ymmatlar daň atmazdan öň agyz bekläp, tä agşam gün ýaşýança iýmekden, içmekden saklanýarlar. Agyz beklemegiň maksady ynsanyň ruhy we beden taýdan arassa hem-de sagdyn bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Hezreti Muhammet Pygamberimiziň hadyslarynda hem bu barada aýdylypdyr. «Eger ynsanlar Remezan aýynda beriljek sogaplary bilsediler, ýylyň hemme aýynyň Remezan bolmagyny islärdiler» diýen jümlede hem bu aýyň mukaddesdigi nygtalýar. Ýa-da: «Allatagala göklere we ýere gürlemäge rugsat bersedi, olar Remezan aýynda agyz beklän kişileriň jennetlikdigini buşlardylar» diýlen jümle hem agyz beklemegiň ynsan üçin uly sogapdygyny görkezýär.