"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Binalaňda halkyň bagtly, Arkadag!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleriň görkezijisi, özgerişleriň kerwenbaşysy bolan ak mermerli Aşgabat bu gün Merkezi Aziýanyň merjen şäherine, Ýer ýüzüniň ylalaşdyryjy parahatlyk dörediji merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ýanwar aýynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň çäginde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden baýram ediljekdigini belläp geçdi. 140 ýyl — bir ýarym asyra golaý wagt. Şunda 30 ýyl bir ýurduň, paýtagt şäheriň döwrüň talabyna görä kämilleşmegi üçin gysga möhlet. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, merjen şäherimiziň häzirki ösen keşbini synlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşi üçin neneňsi möhüm badalga bolup hyzmat edendigine göz ýetirmek bolýar. Merjen şäherimizde durmuşa geçirilýän hil taýdan täze derejä çykan şähergurluşyk işlerinde ýurdumyzyň ösüşleriniň netijelerini aýdyňlyk bilen görmek bolýar. Şol ösüşler bolsa halkymyzyň abadançylygyna, ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz: «Gurmak we döretmek — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baş şygary» diýip belleýär. Munuň aýdyň hakykatdygyny bolsa mermer

Baky bahar ak şäher

Ak mermere bürenen owadan paýtagtymyz Aşgabat şäheri ösüşleriň belent sepgitlerini eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde ak şäherimiz geçen sanlyjy ýylyň içinde düýpli özgerip, dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda giňden tanaldy. Merjen şäherimizde häzirki wagtda möhüm ähmiýetli, dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Beýik ösüşlere, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabady mundan beýläkde ösdürmek, gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan beýik işler çuň many-mazmuny bilen dabaralanýar. Şu ýyl mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny bitirilen beýik işler, gazanylýan uly üstünlikler bilen garşylaýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň haýsy künjegine göz aýlanyňda hem, gije-gündiz päk zähmetiň gaýnap joşýandygyny görmek bolýar. Şol asylly işleriň hatarynda bolsa Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde ak şäherimizi gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga beslemek, paýtagtyň keşbinde baýramçylyk öwüşginini döretmek ýaly aýdyň maksatlar has-da dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa abadançylygy, ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslemek işleri döwle

Watan başymyzyň täjidir

Ynsany bagtly edýän, ösüşlere, täze belentliklere tarap ymtylmaga itergi berýän güýç Watanyň jenneti goýnunda jemlenendir. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda Garaşsyz, berkarar döwlet isläp gelipdirler. Pederlerimiz bu arzuwlaryna ýetmek üçin birnäçe asyrlaryň dowamynda umytly ýaşapdyrlar. Bu günki gün külli türkmen halkyny bir başa jemläp, baky bagtyýar döwleti binýat edip, watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistanyň günsaýyn özgerýändigi, ösýändigi bütin dünýä äşgärdir. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen köňül buýsandyryjy, täze gadamlara ruhlandyryjy şygary ähli türkmenistanlylaryň durmuş ýolunyň şamçyragyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi watansöýüjiligiň, merdi-merdanalygyň, ynsanperwerligiň, Ýer ýüzünde dostlukly gatnaşyklaryň we parahatçylyk söýüjiligi ebedileşdirmegiň milli hem mizemez nusgasyna öwrüldi.

Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Sanlar we maglumatlar

■ Olimpiýa şaherçesinde bina edilen döwrebap sport desgalarynyň biri Ýapyk suw toplumydyr. Bu bina 2 ýerzeminden we dört ýerüsti gatdan ybarat bolup, bu ýerde sportuň suwda oýnalýan we ýerine ýetirilýän görnüşleri boýunça halkara we dünýä birinjiligi ugrunda bäsleşikleri guramaga we ýokary derejede geçirmäge ähli şertler göz öňüne tutulypdyr. ■ Munuň üçin döwrebap suw sport toplumynda 50 x 25, 51,25 x 20,5, 25 x 20, 16 x 25 m ölçeglerdäki dört sany howuz bar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde bu desgada sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Guralýan suw sport ýaryşlaryna tomaşa etmek üçin bu ýerde 5049 orunlyk ýer bolup, şolardan 15 orun ýörite hormatly myhmanlar VIP üçin, 69 orun media wekilleri üçin, 66 orun hereketi çäkli raýatlar we olaryň ýanyndaky kömekçiler üçin, 4899 orun bolsa tomaşaçylar üçin niýetlenilipdir.

Jemgyýetçilik guramalarynda

Golaýda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda, «Halk Maslahaty — jemgyýeti ösdürmegiň demokratik ýoly» diýen at bilen maslahat geçirildi. Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda bolan bu maslahat Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisine bagyşlandy. Onda çykyş edenler ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçendigini, şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň demokratik özgertmeleriň ýoly bilen belent ösüşlere tarap ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýandygyny, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet ähmiýetli işleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellediler.

Milli gymmatlyga sarpa

Halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, ony wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet ähmiýetli möhüm işleriniň biridir. Bu babatda türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk işiniň has-da ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň dabaralara beslenen gününde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda merkezleri açyldy. Şu mynasybetli welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda, ilki bilen, welaýatymyzyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow hoşallyk sözleri bilen çykyş etdi.

Täzelikler, habarlar

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRELERIWelaýat köpugurly hassahananyň mejlisler zalynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň, Daşoguz şäher polisiýa bölüminiň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, saglyk ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçileri Tawus Ýagmyrowa, Selbi Saparnazarowa, saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Jennet Hallyýewa, Daşoguz şäher polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik bölüminiň uly gözegçisi Akmyrat Mosanow dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda halkymyzyň köp ýyllaryň dowamynda gazanan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Pederlerimizi bu ajaýyp ýörelgelerine eýerilip, ajaýyp zamanamyzda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, sagdyn, Watana wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent bolup ýetişmekleri barada alnyp barylýan işler, ýaş nesilleri Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmakda Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi barada nygtadylar. Soňra halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy, ýurdumyzyň abraýynyň has-da beýgelmegi ugrunda belent tutumlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.Mämmet

Zehinliler ýüze çykaryldy

Golaýda welaýat Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdepleriniň 5-nji we 7-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Solfedjio we saz nazaryýeti», «Daşary ýurt saz edebiýaty», «Türkmen saz edebiýaty», «Türkmen milli ýerine ýetirijilik sungatynyň taryhy» derslerinden «Arkadagly ýurdumyzda saz sungatyň dilde dessan, zehinleriň şat saýraýar, ajap ýurdum Türkmenistan!» ady bilen yglan edilen olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zehinli okuwçylar gatnaşdylar. Olimpiada çekeleşikli hem-de täsirli geçdi. Sungata höwesli ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna itergi berýän bu bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň netijesine görä, «Solfedjio we saz nazaryýeti» dersi boýunça 5-nji synp okuwçylaryň arasynda 1-2-3-nji orunlara, degişlilikde, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky, welaýat, Köneürgenç etrabyndaky çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary Hajynur Jumadurdyýewa, Humaý Hallyýewa, Aknur Taganowa, 7-nji synp okuwçylaryň arasynda 1-2-3-nji orunlara, degişlilikde, welaýat, Daşoguz şäherindäki 2-nji, Gurbansoltan eje adyndaky etrapdaky çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary Azada Dilşodowa, Sähra Annagurbanowa, Maksat Durdymyradow dagy mynasyp boldular. «Daşary ýurt saz edebiýaty», «Türkmen saz edebiýaty», «Türkmen milli ýerine ýetirijilik sungatynyň taryhy» atly dersler boýunça 5-nji synp okuwçylaryň arasynda 1-2-3-nji orunlary, degişlilikde, S.A.Nyýa

Bize ýazýarlar

HALKYMYZYŇ BUÝSANJYTürkmen halky gadymy döwürlerden bäri alabaý itleri bilen ýakyndan gatnaşyk saklap gelipdir. Biziň ata-babalarymyz özleriniň itlerinde eýesine bolan wepadarlyk we gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleri terbiýelemegi başarypdyrlar. Häzirki wagtda hem halkymyz alabaý itlerine gyzyklanyp, olar bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýarlar. Bu gyzyklanma diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ähli halklarynda giňden ýaýbaňlanýar. Alabaýlar türkmen halkynyň milli baýlyklarynyň biri hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alabaý itlerine örän uly üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň alabaý itleri barada ýazan «Türkmen alabaýy» atly kitaby sözüň doly manysynda şaýatlyk edýär. Bu kitap birnäçe dillere terjime edildi. Munuň özi türkmeniň alabaý itlerine bütin dünýäde uly baha berilýändigini subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby türkmen alabaýlaryny has-da çuňňur öwrenmekde uly gollanma bolup durýar. Çünki onda alabaýlaryň tohumynyň kemala gelşi, olaryň ösüşi barada uly ähmiýete eýe bolan birnäçe ylmy maglumatlar berilýär.

Kinologlaryň we gulluk itleriniň bäsleşigi

Golaýda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň kinolog hünärmenleriniň we gulluk itleriniň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde serhetçi kinologlarymyz baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Watanymyzyň goragyna saldamly goşant goşýan kinologlaryň, alabaý we ýörite itleriň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi olaryň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýar. Şonuň üçin hem, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kinologlarynyň arasynda hünär kämilleşdiriş çäreleri we bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Gurban HANGELDIÝEW,maýor.

«Bedewler biziň bagtymyzyň badalgasy»

«Lapykeç bolup, kellesi agyryp, bedeni bogun-bogun söküldi, saglygyny ýitirip başlady. Ýüregi gysyp, janyna jaý tapmady, dünýä sygmady. Onuň derdini dep etjek bolup edilen emler hem peýda bermedi. Dünýäde bedewe söýgüden näsaglanylýandygy heniz olaryň tejribesinde ýokdy. Jennet şonda bedewleri görmekden başga hiç zady islemedi. Ony gyzykdyryp, dünýä öňki yhlasyny gaýtaryp bilýän güýç ýokdy. Ýöne ataň-eneň ýüzüne gelmek hem akylyna sygmaýardy. Daşynda pelesaň urýan mähribanlaryna gyz bu ýagdaýy doly aýdyp biljekmi?! ...Jennetiň düşen gününi eşidip, nähilidir bir ýol bilen gyzyň kakasyna düşündirmeli diýen karara geldim. Ýöne gyzyň kakasyna muny nähili ýagdaýda düşündirmeli, öňdäki wezipe hem şondady. Perzendiň, onda-da gyz maşgalanyň geljegi barada ata-enä daşyndan özge biriniň baryp maslahat bermeginiň nähili kabul ediljekdigi belli däldi. Ýöne ahyrynda gyzyň ykbaly şuny talap edýärdi. Hawa, türkmençilikde iňňän paýhaslylyk bilen ylalaşyk gazanylmagyna töwella diýilýär.

Möhüm mesele

Ýolöten etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda maşgala gatnaşyklarynyň berkligini we durnuklylygyny pugtalandyrmak, nikanyň bozulmagynyň öňüni almak boýunça etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýerli geňeşlikleriň bilelikde guramagynda kazyýete nika bozmak barada ýüz tutan raýatlaryň ene-atalarynyň gatnaşmaklarynda ýygnak geçirildi. Ýygnakda welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar bölüminiň müdiri Jora Durdalyýew, welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar bölüminiň maslahatçysy Suhan Jepbarow, Ýolöten etrap kazyýetiniň kazysy Gülşirin Ilamanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Jennet Orazowa, etrabyň ýaşaýjysy, hormatly ýaşuly Seýitmuhammet Isakow çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri, ýurdumyzda alnyp barylýan kanunçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek hakynda, şeýle-de, nika mukaddesligine hormat goýmak, «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatyň iş ýüzünde doly amala aşyrylyp, ýurdumyzda her bir maşgala, her bir adam hakynda alada edilýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Ätiýaçlandyryş siziň ynamdar wekiliňizdir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze, has oňaýly nusgasy kemala gelýär. Ähli pudaklaryň durnukly we sazlaşykly ösüşi üpjün edilýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bazar gatnaşyklaryna geçmekde ätiýaçlandyryş ähli hojalyk işleriniň möhüm guraly bolup durýar. Bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen ätiýaçlandyryş edara görnüşli we şahsy taraplary maliýe, durmuş we beýleki ýagdaýlardan dürli görnüşli tebigy betbagtçylyklardan we betbagtçylykly hadysalardan goramaga ukyply serişdeleriň birine öwrülýär. Ätiýaçlandyryş ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň netijeli usullaryny üpjün edýän uzak möhletli içerki maýa goýumlarynyň artmagynyň, şeýle hem, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynyň mundan beýläk-de ösmeginiň ygtybarly çeşmesi bolup durýar.

Sagdynlygyň gözbaşy

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş neslimizi sporta köpçülikleýin çekmek maksady bilen, hormatly Arkadagymyzyň sporty ösdürmekdäki tagallalaryna jogap edip, etrabymyzyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 1-nji sport mekdebinde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çäklerinde ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramazlygynyň öňüni almak üçin mekdebimizde ýygy-ýygydan wagyz-nesihat işlerini geçirip durýarys. Okuw-türgenleşik sapaklaryna gelýän türgenleriň gündelik beden gyzgynyny barlap durýarys. Burun nemlerine oksolin mazyny çalyp, ellerini zyýansyzlandyryş serişde bilen zyýansyzlandyrmagy talaba laýyk ýola goýýarys. Tälimçi mugallymlaryň arasynda aralyk ölçegini saklamalydygyny we elleriňi ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmalydygyny, agyz-burun örtükli gezmelidigini düşündirýäris. Sport mekdebimiziň zallarynda saglyk burçy döredilen. Mekdebimiziň otaglary we pollary zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen günüň dowamynda 2 gezek ýuwlup, gapylaryň tutawaçlarynyň süpürilip durulmagyny gazanýarys. Sport mekdebiniň otaglary we sport zallary howa şertlerine laýyklykda, her iki sagatdan ýelejiredilýär we okuw-türgenleşik sapaklary başlanmazdan öň üzärlik tütedilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan uly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Howpsuzlyk kadalary derwaýysdyr

Ajap eýýamymyzda tebigy gazyň eşreti halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen oba-şäherleriň gazlaşdyrylmagy ilatyň tebigy gaz bilen üznüksiz üpjünçiligine mümkinçilik berdi. Bilşimiz ýaly, tebigy gazyň eşret kemi ýok. Ýöne ondan howpsuz we tygşytly peýdalanmak zerur meseledir. Munuň üçinem howpsuzlyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmeli. Hemişe nygtaýşymyz ýaly degişli gaz hojalyk edarasyndan birugsat täze gaz nokadyny çekmäge ýa-da işläp duranynyň ýerini üýtgetmäge rugsat berilmeýär. Gaz enjamy işläp duran otagyň penjiresiniň fortoçkasy hemişe açyk durmalydyr. Gaz enjamynda näsazlyk ýüze çyksa, haýal etmän gaz hojalyk edarasyndan ussa çagyrmaly. Gazyň çykýan ýerini barlamak üçin açyk otdan peýdalanmak gadagandyr. Bu babatda diňe sabynyň köpürjiginden peýdalanmak maslahat berilýär. Gaz enjamlaryndan peýdalanýanlara ýene bir düzgünem ýatlatmalydyrys. Gaz enjamy ulanyljak bolnanda ilki ody gazyň ýanmaly ýerine eltip, ondan soň krandy açmaly.

Sürüjileriň işi ileri

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny we ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň hünärmenleridir sürüjileri şu günlerde öndürijilikli zähmet çekýärler. Olar erk edýän awtoulaglaryny saz işletmegiň hasabyna, gündelik iş meýilnamalaryny artygy bilen berjaý edýärler. Muny önümçilik birleşigi boýunça şu ýylyň geçen 3 aýynda gazanylan zähmet üstünligi-de aýdyň görkezýär: halka 8 million 495 müň manatlykdan gowrak hyzmat edilip, meýilnama 115 göterime golaý ýerine ýetirildi. Ýük daşamak tabşyrygy 500 müň tonna deň bolup, meýilnama 104,61 göterim, ýolagçy gatnatmak 6 million 630 müň ýolagça barabar bolup, tabşyryk 105,5 göterim boldy. Häzirki wagtda ýolagçylary bökdençsiz gatnatmak bilen bir hatarda, önümçilik birleşigine degişli ýük göterijiligi 20 tonna bolan kuwwatly «KamAZ — 6520» kysymly ýük awtoulaglarynyň 100-e golaýy gurluşygy güýçli depginde dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat aralygyndaky ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygynda iş alyp barýarlar.

Hoşallyk maslahaty geçirildi

ÖŇŇIN Änew şäherindäki Medeniýet öýünde welaýat häkimliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde alabaý itleriniň Karantin merkeziniň açylmagy bilen baglanyşykly geçirilen hoşallyk maslahatyna ýaşlar, dili senaly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdy. Goşa senäniň toý dabaralarynyň şatlyk-şowhuna beslenen günlerinde ýurdumyzyň hormatly atlaryna hem-de Şa serpaýyna mynasyp bolan ildeşlerimiz bu dabaraly çäräniň arzyly myhmanlary boldular. Hoşallyk maslahatynda, ilki bilen, Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Nurýagdy Hommadow çykyş edip, etrabyň gözel künjeginde alabaý itleri üçin Karantin merkeziniň gurulmagynyň hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyza goýýan çäksiz sarpasyndan nyşandygyny aýtdy hem-de bu desganyň ähmiýeti barada durup geçdi. Onuň aýdyşy ýaly, milli baýlygymyz we buýsanjymyz bolan alabaýlary saklamakda we ösdürmekde, itşynaslygyň toplumlaýyn düzümini kemala getirmekde täze merkeziň ähmiýeti uludyr.

Milli gymmatlyklara sarpa

Gökdepe etrabynyň «Gökdepe» milli muzeýinde «Ahalteke bedewi we türkmen alabaýy gymmatlyklarynyň sarpasy» ady bilen sergi guraldy. Sergide at esbaplaryna uly orun berildi. Ussat zergärleriň bedew atlar üçin deridir gönden taýýarlan maňlaýlyk, ýüzüne bölek-bölek kümüş şaýlary oturdylan göwüsbent, şeýle hem münüş atlar üçin ýasalan eýer, jylaw, üzeňňi, uýan, sözen agajyndan ýasalan gamçy ýaly dürli esbaplar görkezildi. Bedew atlarynyň we alabaý itleriniň nurana şekili siňdirilip ýasalan nakgaşçylyk eserleri sergini synlamaga gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Sergide görkezilen ene-mamalarymyzyň yhlasy bilen taýýarlanan haly önümleri, at köýnekçeleridir eýerlikler, milli nusgalyklar pederlerimiziň bedew atlaryna bolan söýgüsini we yhlasyny beýan edýär. Sergi zalynyň esasy bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy» atly kitaplary hem görkezildi. Bu eserler şan-şöhraty älem-jahana dolan behişdi bedewlerimiziň we alabaý itleriniň köpasyrlyk taryhyny açyp görkezmek bilen, häzirki döwürde olara berilýän ünsüň nusgalyk häsiýete eýedigini beýan edýär.

Bedew — halkymyzyň uçar ganaty

Şeýle at bilen Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde dabara geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabarany etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap medeniýet bölümi bilelikde gurady. Dabara gatnaşyjylar medeni ojagyň eýwanynda guralan baýramçylyk sergisi bilen tanyşdylar. Etrap merkezi kitaphanasynyň göçme kitap sergisi, Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň gymmatlyklarynyň sergisi, şeýle-de N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň şekillendiriş işleriniň sergisi uly gyzyklanma döretdi. Sergi gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewlerimiziň beýanyna öwrüldi.