"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ýokary depgin bilen

Pagta süýümini gaýtadan işläp, ondan ýokary hilli nah ýüplükleri öndürmekde ýurdumyzyň beýleki dokma kärhanalary bilen bir hatarda Seýdiniň pagta egriji fabriginde-de işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu kuwwatly kärhanada ýokary hilli nah ýüplükleriň 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilip, sarp edijilere ugradylýar. Önümçiligine Germaniýa, Italiýa, Şweýsariýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli dokma enjamlary ornaşdyrylan fabrikde şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 34 million 313 müň manatlyk önüm öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 107,8 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny görkezýär. Şeýle-de degişli döwürde taýýar önümleriň 31 million manatlykdan gowragy ýerlenildi.

2024-nji ýylda Demirgazyk-Günorta geçelgesiniñ gündogar ugry boýunça ýük aýlanyşygy 2 mln tonna çenli artdyrylar

Russiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan we Eýrandan geçýän "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesiniñ gündogar ugrunyñ mümkinçiligi her ýyl 15 mln tonna barabardyr. TASS habarlar gullugynyñ berýän habaryna görä, bu barada Astrahanda geçirilen Hazar forumynda Russiýa Federasiýasyndaky Eýran Yslam Respublikasynyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kazem Jalali žurnalistlere habar berdi. "Demirgazyk-Günorta geçelgesiniñ bu gündogar ugrunyñ mümkinçiligi - her ýyl 15 mln tonna barabardyr. Geçelge Russiýa Federasiýasynyñ, Gazagystanyñ, Türkmenistanyñ, soñra bolsa Eýran Yslam Respublikasynyñ çäklerinden geçýär" - diýip, ilçi belledi.

Azerbaýjan Türkmenistana ýük awtoulaglary iberer

Azerbaýjanda öndürilen “Iveco” kysymly ýük awtoulaglary Russiýa, Gruziýa, Eýrana we Türkmenistana eksport ediler. “Report”-yň habar bermegine görä, “Az-Tex-Import” ÇJJ-iň esaslandyryjysy, Sumgaýit himiýa senagat parkynyň wekili Samir Ibadullaýew bu barada belläp geçýär. Samir Ibadullaýewiň aýtmagyna görä, ýylyň dowamynda 100 birlik ýeňil, orta we uly tonnaly ýük awtoulaglarynyň öndüriljek kärhanasynda gurluşyk işleri tamamlanýar.

«Gara altynyň» goşmaça tonnalary

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de täze belentliklere götermekde, uglewodorod çig mallarynyň möçberini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu trestiň düzümindäki «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» ýaly müdirlikler boýunça şu ýylyň başyndan bäri goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 107 müň tonna golaýlady. Bu görkeziji geçen ýedi aý üçin bellenilen meýilnamanyň 27 müň 715 tonna artygy bilen berjaý edilendiginden habar berýär. Trestiň «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça nebit çig malyny almak baradaky meýilnamalaryny üç esseden hem artyk berjaý edendiklerini aýratyn nygtamak gerek.

Bir­ža tä­ze­lik­le­ri

Ge­çen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 31-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt pu­lu­na Tür­ki­ýä­niň, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Oma­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy we kar­ba­mi­di, “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len gid­ro usul­da aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny, ýol bi­tu­my­ny sa­tyn al­dy­lar. Mun­dan baş­ga-da, da­şa­ry ýurt pu­lu­na Tür­ki­ýä­niň, Gon­kon­gyň te­le­ke­çi­le­ri­ne pag­ta lin­ti, er­kek­ler üçin köý­nek­ler, jins önüm­le­ri we ma­ta­lar ýer­le­nil­di. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 60 mil­li­on 939 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Burawlaýjylaryň buýsançly gadamlary

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň uglewodorod çig mallarynyň gorlaryna baý döwletleriniň hatarynda bolmak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de olary durmuşa ornaşdyrmakda tutanýerli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýär. Bu dünýä nusgalyk işleriň her birinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniň zähmet toparlarynyň hem öz mynasyp paýy bar. Konserniň burawlaýjylary nebitli, gazly ýataklarda dürli maksatly täze guýulary gazmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýarlar. Diňe şu ýylyň geçen ýedi aýynda bu müdirlikler tarapyndan 99 müň 663 metre barabar dag jynslary gazylyp, meýilnama 103,3 göterim amal edilipdir. Bu ajaýyp zähmet üstünligi barada konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň dolandyryjysy Magtymguly GAÝYPOW habarçymyza şeýle gürrüň berdi: — Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe, has takygy, 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Uzynada meýdançasyna gelip, şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegi, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmegi we ondan netijeli peýdalanmagy esasy wezipe edip goýmagy burawlaýjylarymyzy has-da gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Toý sowgatlary saldamly bolar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna beslenen şu ýylyň ýedi aýyny üstünlikli jemlediler. Edaranyň işçi-hünärmenleri häzirki tomus günlerinde tebigy gazy ulanyjylary «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün etmek bilen birlikde, etrabyň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz ulgamlaryny düýpli abatlap, gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda hem giň göwrümli işleri alyp barýarlar. Bu ugurdaky işler bilen ýakyndan tanyşmak maksadynda edaranyň Gubadag şäherinde ýerleşýän ülşüniň gazçylarynyň gündelik durmuşa geçirýän maksada okgunly işleri bilen tanyşdyk. Ülşüň işçi-hünärmenleri tarapyndan häzirki wagtda Gubadag şäherinde we oňa ýanaşyk obalarda dürli basyşly gaz geçirijileriň 1 müň 400 kilometre golaý ýerine, gaz sazlaýjy hem-de paýlaýjy enjamlaryň bolsa 370-den gowragyna ýokary derejede gözegçilik edilýär. Munuň özi şäher ilatynyň we ýerli ýaşaýjylaryň ýylyň islendik döwründe tebigy gazyň eşretli hözirini görüp ýaşamagyny şertlendirýär. Biz munuň şeýledigine etrabyň Abadanlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy Arazbaý Omarow bilen söhbetdeş bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 31 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Gonkongdan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Omandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit bitumyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 60 million 939 müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

SIRKULÝAR YKDYSADYÝETIŇ ÝÖRELGELERI

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Dünýä ýurtlarynyň ilaty maddy gymmatlyklary öz zerurlyklaryndan köp sarp edýändigi, her ýylda eýeçilik edýän harytlarynyň möçberini ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän «Empire State Building» köp gatly binanyň 93 müňüne deň bolan 25 milliard tonna çenli artdyrýandygy, awtoulaglaryň 92 göterim wagtynyň hereketsiz durýandygy, ofisleriň ýylyň 58 göterimine barabar ulanylmaýandygy (boş durýandygy) barada internetde maglumatlar berilýär. R0 ýörelgesi şuňa meňzeş ýagdaýlary düýpgöter üýtgetmek, ýagny az mukdardaky harytlaryň ulanylmagyny üpjün edýän çözgütler arkaly, zerur däl we durnuksyz önümlerden raýat jemgyýetiniň ýüz öwürmegi babatynda derwaýys wezepeleri goýýar.

FRANSUZ YKDYSADYÝETINIŇ STRATEGIK PUDAKLARY

Söýginiň, gözelligiň, aşhana sungatynyň, modanyň ösen merkezi hökmünde bilinýän Fransiýa bu günki gün ösen ykdysadyýeti bilen dünýä döwletleriniň arasynda öňe saýlanýar. Şunda ýurduň daşary söwda dolanyşygyna aýratyn orun degişlidir. Çünki eksport, import amallarynyň gymmady ýurduň jemi içerki önüminiň 73,3 göterimini emele getirýär. Halkara Pul Gaznasynyň hasabatyna görä, Fransiýa 2023-nji ýylda adam başyna düşýän jemi içerki önümi boýunça (44,408 amerikan dollary) dünýäde 23-nji döwlet boldy. Şeýle hem Fransiýanyň paýtagty Pariž «Fortune Global 500» sanawyna girizilen kompaniýalarynyň sany boýunça Ýewropanyň 1-nji, dünýäniň 3-nji öňdebaryjy global şäheridir. Muňa garamazdan, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda ýurduň ykdysady işjeňliginiň ep-esli pese düşmeginiň netijesinde, 2024-nji ýylda ýurduň ýyllyk ösüş depgininiň bary-ýogy 0,7 göterime deň bolmagyna, 2025-nji ýylda bolsa, biraz ýokarlanyp, 1,3 göterime ýetmegine garaşylýar. Syýahatçylyk, önümçilik, dokma senagaty, awtomobil we tehnologiýa pudagy Fransiýanyň milli ykdysadyýeti bilen bir hatarda, dünýä ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm orun eýeleýär. 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde Fransiýanyň eksporty 149 milliard ýewro, importy bolsa 175 milliard ýewro deň boldy. Bu görkezijiler 2022-nji ýylyň degişli döwründe, degişlilikde, 152 we 149 milliard ýewro deň bolupdy. Geçen ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda Fransiýa daşarky baz

Türk­me­nis­tan dün­ýä ba­za­ryn­da or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ýar

Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy bi­le­le­şi­gi­ne iş­jeň go­şu­lyş­mak, tä­ze «yk­dy­sa­dy ge­çel­ge­le­ri» dö­ret­mek bi­len, da­şa­ry söw­da­da üs­tün­lik­li çy­kyş ed­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň dün­ýä ba­za­ryn­da öz my­na­syp or­nu­ny tap­ma­gy­ny, uly ab­raý-hor­ma­ta eýe bol­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Döw­le­ti­miz deň­hu­kuk­ly we öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­tyn­da özi üçin tä­ze, uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy tas­la­ma­lar mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti hem-de se­bit­le­ýin yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry yk­dy­sa­dy işiň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, tä­ze ba­zar­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. «Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy işi­ni ös­dür­me­giň 2020 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­syn­da» hem-de «Türk­me­nis­ta­nyň 2021 — 2030-njy ýyl­lar üçin da­şa­ry söw­da Stra­te­gi­ýa­syn­da» bel­le­ni­len we­zi­pe­ler ýur­du­my­zyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­ýär. Bu da­şa­ry yk­dy­sa­dy ýö­rel­ge­ler dün­ýä ösü­şi­niň me­ýil­le­ri bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýar. Döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­lyk ýol­la­ry­ny gur­mak we dö­ret­mek pa­ra­hat­çy­lyk­ly ösü­şi üp­jün et­me­giň aý

Ýo­ka­ry hil­li ýan­gyç önüm­le­ri

Hä­zir­ki za­manyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni ne­bit­gaz top­lu­myn­dan üz­ňe göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Di­ýa­ry­myz bol­sa ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ba­bat­da bu gün dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­da ta­nal­ýar. Bu pu­da­gy tä­ze be­lent­lik­le­re gö­ter­ýän giň ge­rim­li iş­ler hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýy­lyň 12-nji iýu­lyn­da ge­çi­rilen Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ne­bit­gaz se­na­ga­ty­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­mak bi­len, top­lu­ma de­giş­li kär­ha­na­la­ryň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak üçin önüm­çi­li­ge döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gy we top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri gör­me­gi do­wam et­dir­mek, bäs­deş­li­ge ukyp­ly ýo­ka­ry hil­li ne­bit önüm­le­ri­ni taý­ýar­la­mak ba­bat­da be­lent we­zi­pe­le­ri kes­git­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dyr­mak ug­run­da «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň «Türk­men­ne­bi­tö­nüm­le­ri» Baş mü­dir­li­gin­de hem döw­re­bap iş­ler bi­ti­ril­ýär. Mü­dir­lik we onuň ýer­ler­dä­ki dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan içer­ki ba­za­ry ne­bit önüm­le­ri we ha­ryt­lyk ýag­lar bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün et­mek üçin uly ta­gal­la edil­ýär. Kär­

Dünýäniň täsin demirýol ulaglary

Awstraliýanyň “Maunt Nýuman” atly demir ýol ulagynyň uzynlygy 426 kilometre deň bolup, 1969-njy ýyldan bäri hyzmat edip gelýär. 2001-nji ýylda bu ýolda rekord hasaplanylýan demir ýol düzümi hasaba alyndy. Bu düzümde jemi 6825 wagon bolup, umumy uzynlygy 7350 metre deňdir. Wagonlara ýüklenen 82 müň tonna ýük, oňa iň agyr ýükli demir ýol ulagy adynyň berilmegine hem sebäp boldy. ***

Uzaklary nazarlaýan maksatnama

Döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmak — derwaýys mesele. Bu döwletiň barlygyny şertlendirýän esasy, binýatlyk meseledir. Halkyň geljegi hut şu meseläniň oňyn çözülmegi bilen gönüden-göni bagly. Syýasatçylar döwletiň geljegini, ilkinji nobatda, azyk bolçulygy bilen baglanyşdyrýarlar. Azyk üpjünçiligi hemişe gerek. Aýdylyşy ýaly, ýaşamak isleseň, bolmanda, günde iki gezek bir zatlary aňryňa atmaly. «Senden hereket, menden bereket» diýen söz bar. Maksadyňa ýetmek üçin hereket gerek, aňly-düşünjeli, maksada okgunly hereket!

Işewürler dünýä bazarynda

Soňky ýyllarda lebaply telekeçileriň eksporta ugradýan önümleriniň möçberi yzygiderli artýar. Ýylsaýyn bu görkezijileriň artmagy işewürleriň işleriniň oňunadygyny görkezýär. Ýurdumyzda eksport ugrunyň ösdürilmegine uly üns berilmegi ýöne ýerden däldir. Eksport islendik ykdysadyýetiň ösüşinde esasy orny eýeleýär. Hususyýetçiler eksport ugrunda aýratyn möhüm orna eýedirler. Biziň ýurdumyzdan eksporta ugradylan harytlaryň arasynda izogam, suwuk bitum mastikasy, polipropilen haltalar, akkumulýator batareýalary, geýim-gejimlik nah ýüplük, senagat garyndy suwuklygy agdyklyk edýär. Welaýatymyzyň telekeçileriniň öndüren önümleri, esasan, Özbegistan, Türkiýe, Belarus, Owganystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan we Hytaý döwletlerine iberilýär. Iň köp girdeji getiren harytlaryň hatarynda gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan izogamyň durýandygyny hem belläp geçeliň. Senagat harytlaryny öndürýän kiçi kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, hususy telekeçileriň 16-sy daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýup, dünýä bazarlaryndaky orunlaryny ynamly berkidýärler. Telekeçilik işleri üçin amatly şertleriň giňemegi bilen önümleriň bolçulygy has-da artýar, bu bolsa, öz gezeginde, eksportuň ýene-de ösmegine daýanç bolýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýlen ýazgy ýerleşdirilen önümler dünýä bazarynda döwletimiziň abraý-mertebesini beýgeldýär. Telekeçiligiň ösdürilmegi ýurdumyzyň dün

«Wilanta’sdan» hyrydarly harytlar

Ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde telekeçileriň paýy uludyr. Welaýatymyzda hem hususy önüm öndürijileriň ençemesi alyjylaryň saçaklarynyň naz-nygmatlardan doly bolmagyna özleriniň saldamly goşantlaryny goşýar. Munuň şeýledigine göz ýetirmek üçin islendik dükana ýa-da bazara baryp göräýmeli. Harytlardan dolup duran tekjeler azyk bolçulygynyň göze görnüp duran aýdyň güwäleridir. Olaryň aglabasynyň ýerli telekeçiler tarapyndan öndürilýändigi bolsa örän guwandyryjydyr. Olaryň arasynda telekeçi Sergeý Kulýapiniň söwda-önümçilik merkezinde öndürilýän önümler hem bar. Bu ýerde «Wilanta’s» söwda nyşany bilen taýýarlanylýan şöhlat we şöhlat önümleri ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýar. «Wilanta’sdan» hyrydarly harytlar — Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz hususy telekeçiligi ösdürmek üçin ähli amatlylyklary döredip berdi. Bu bolsa özümizde öndürilýän senagat we azyk harytlarynyň bolçulygyny döretmäge giň mümkinçilikleri açdy. Biziň söwda-önümçilik merkezimizde hem ilatyň höwes bilen satyn alýan önümleri bolluk bilen öndürilýär. Biz alyjylara diňe bir şöhlat we şöhlat önümlerini däl, eýsem, etli we gök önümli ýarym taýýar önümleri hem hödürleýäris — diýip, söwda-önümçilik merkeziniň tehnology Naryman Ismailow gürrüň berýär.

Nur paýlaýan desgada

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz dünýäniň kuwwatly, okgunly ösýän döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da berkidýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan taryhy işleriň özeninde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak esasy maksat bolup durýar. Şunda milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan energetika senagatynda gazanylýan üstünlikler aýratyn ähmiýete eýedir. Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň işgärleri bu buýsançly hakykata oňat düşünmek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda 1 milliard 331 million k/Wt sagat elektrik energiýasyny öndürmegi maksat edinýärler.  Bilşimiz ýaly, Milli Liderimiziň oýlanyşykly başlangyjy esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy taryh üçin örän gysga döwür içinde Hazaryň türkmen kenarynyň bezegine, dünýäniň şypahana-syýahatçylyk ulgamynyň merjenine öwrüldi. Milli syýahatçylyk zolagynda döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň owadan hatarlary ýylsaýyn artýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlan Awaza döwlet elektrik stansiýasy hem 2010-njy ýylda dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Onda jemi kuwwatlylygy 254

Kuwwatly zawodda gaýratly gadamlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde himiýa toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmeginiň hem-de onuň önümçilik düzümlerini doly kuwwatynda ulanmagyň zerurdygyny nygtap, ýurdumyzdaky çig mal serişdelerini özleşdirmek arkaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek, şonuň ýaly-da, olaryň eksporta iberilişiniň möçberini artdyrmak, agrotehniki möhletlere laýyklykda, oba hojalyk toplumyny özümizde öndürilýän mineral dökünler bilen üpjün etmek işlerini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Aslynda, berkarar döwletimizde özleşdirilýän iri maýa goýum taslamalary, ýurdumyzyň baý gorlara daýanýan uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, şol sanda gymmatly mineral dökünler bilen birlikde, nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri diňe bir öz zerurlyklarymyza däl, eýsem, dünýä halklarynyň bähbitlerine, dost-doganlyk, özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine-de gönükdirilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilen Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesindäki karbamid öndürýän zawody hem bu ugurda önjeýli işleri bitirmegi başarýan önümçilik düzümleriniň biridir. Ýeri gelende aý

Täze kärhana işe girizildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherinde ýerleşýän «Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gursagy hyjuwlardan, kalplary arzuwlardan doly işçi-hünärmenleriniň ýene bir maksady şatlyk-şowhuna beslenip amala aşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň rysgally-döwletli günlerinde bu paýdarlar jemgyýetiniň gön işläp bejerýän täze, kuwwatly kärhanasy gurlup, önümçilige goýberildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda döwletimiz tarapyndan berlen uzak möhletli, ýeňillikli karz pul serişdesiniň hasabyna bina edilen bu kuwwatly kärhana dünýäniň ösen ýurtlarynyň gön önümçiligi üçin niýetlenen kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Önümçilik kuwwaty her aýda iri şahly mallaryň 50 müňüsiniň derilerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän bu kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 100-den gowrak täze iş ornunyň dörändigi hem bellenilmäge mynasypdyr.

Paýtagtymyzda ýokary derejeli forum geçiriler

Şu ýylyň sentýabr aýynyň 19-20 aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda TIF 2024 maýa goýum forumy we sergisi geçiriler.  Bu forum Türkmenistanyň dürli maýa goýum mümkinçiliklerini hödürlemek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çalt çekmek baradaky tekliplere garamak we sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek ýaly bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň geljegini öwrenmek maksady bilen guralýar.