"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ykdysadyýetiň ygtybarly desgalary

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň uludan toýlanyljak ýylynyň ilkinji günleriniň göwün göteriji şanly wakalar bilen başlanmagy tutuş ýylymyzyň üstünliklere beslenjekdiginiň buşlukçysy bolup kalplara doldy. 14 —15-nji ýanwarda Gahryman Arkadagymyzyň şa gadamynyň ýurdumyzyň gündogar welaýatyna düşmegi bolsa, lebaply zähmetkeşleri diýseň begendirip, depesini gök diretdi. Çünki milli Liderimiziň şa gadamynyň düşen ýeri berekede beslenip, gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz biziň welaýatymyza bolan şu gezekki iş saparynyň çäklerinde döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitjek, öz halkymyzyň hem-de goňşy owgan halkynyň ýaşaýyş-durmuşyna oňyn täsirini ýetirjek birnäçe iri desgalary ulanyşa girizmäge ak patasyny berdi. Şolaryň biri Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desgadyr. Her ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan bu desgada döwrümiziň iň ygtybarly enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologik çözgütler ornaşdyrylypdyr.

Sanly ykdysadyýet — ösüşiň möhüm ugry

Ählumumy ösüşlere aýratyn ähmiýet berilýän ýurdumyzda durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmek üçin döwrebap işler toplumlaýyn ýola goýuldy. Eziz Diýarymyzy döwrebap ösdürýän Gahryman Arkadagymyz milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak arkaly belent sepgitlere ýetmegi möhüm wezipe edip goýdy. Ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmekde, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalara daýanyp ösýän dünýä hojalygynda sanly özgertmelere bagly bolmadyk pudaklar azalýar. Döwrebap tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň giňişleýin peýdalanylýan döwründe sanly ykdysadyýet hem-de maglumat jemgyýeti birleşip, täze durmuş-ykdysady ulgamyny emele getirýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Ol ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň giň mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksady hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” esaslanýar. Munuň özi ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmakdan, ykdysadyýetdäki düzümleýin özgertmeleri ylmy-tehniki hem-de intellektual taýdan goldamakdan, ylmy we innowasiýa işlerini has netijeli guramakdan ybaratdyr. Toplumlaýyn alnyp

Burawlaýjylaryň üstünligi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrüljek ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesini mynasyp iş görkezijilerine beslemek «Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň zähmet toparynyň baş maksady bolup durýar. Esenguly etrabynyň çägindäki tebigy ojaklarda gazuw işlerini alyp barýan müdirligiň burawlaýjylarynyň geçen ýylda ulanyş hem-de gözleg maksatly guýularyň 19-syny önümçilige tabşyrmaklary şeýle arzyly sepgide ýetmegiň berk binýady bolup durýar. Munuň özi iş meýilnamasynda göz öňünde tutulandan 2 guýy köpdür. Burawlaýjylar şeýle iş netijesini gazanmak üçin gürrüňi edilýän döwürde 49 müň 755 metr ýerasty çuňluk geçmeli boldular.  

Meýilnama artygy bilen

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri özleriniň gazanýan zähmet üstünliklerini Arkadag Prezidentimiziň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak babatdaky yzygiderli aladalarynyň ajaýyp miwesi hasaplaýarlar. Sebäbi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde, hünärmenleriň iş ussatlyklaryny ýokarlandyrmakda döwlet derejesinde zerur bolan ähli tagallalar edilýär. Gahryman Prezidentimiziň aladalaryna mynasyp zähmet netijeleri bilen jogap bermegi baş maksat edinýän agentligiň hünärmenleri dürli halk hojalyk ýüklerini daşamakda geçen ýylyň iş meýilnamasyna 127,7 göterim hötde geldiler. Bu üstünlik 2 million 409 müň tonnadan gowrak ýükleriň bellenilen ýerlerine eltilmegi arkaly gazanyldy. Şu günlerki joşgunly zähmet agentligiň ýetilen sepgidi has-da berkidip, naýbaşy baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini mynasyp garşylajakdygyna şaýatlyk edýär.

Ýokary hilli tikin önümleri

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlup, işe girizilen 150 iş orunlyk tikin fabrigi Bereket etrabynda öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Kärhananyň döwrebap önümçilik enjamlary bilen üpjün edilmegi öndürilýän tikin önümleriniň ýokary hilli bolmagyna ýardam berýär. Bu bolsa kärhananyň önümine buýurmalaryň yzygiderli artmagyna getirýär. Buýurmalara öz wagtynda hötde gelmek üçin edilýän tagallalaryň netijesinde, tikin fabriginde geçen ýylyň jemi boýunça dürli görnüşli tikin önümleriniň 14 million 572 müň manatlyga golaýy öndürildi. Bu bolsa iş meýilnamasyndaka garanyňda 6 million 41 müň manatlyk köp bolup, tikinçileri täze sepgitlere ruhlandyrýar.

Duzuň mukdary artýar

Ýurdumyzyň ilatyny ýodlaşdyrylan nahar duzy, halk hojalygynyň dürli pudaklaryny bolsa önümçilikde peýdalanylýan duz bilen üpjün edýän Türkmenbaşy etrabyndaky «Guwlyduz» kärhanasy geçen ýylda mynasyp zähmet netijelerini gazandy. Bu döwürde senagat taýdan gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 94 müň 644 tonna barabar bolup, meýilnama 101,8 göterim ýerine ýetirildi. Gaplanan azyklyk nahar duzunyň mukdary 19 müň 777 tonnadan geçdi. Kämil önümçilik enjamlary bilen üpjün edilen kärhanada öndürilýän önümler 1 we 2 kilogramlyk ýörite gaplara, şeýle-de 10 hem-de 50 kilogramlyk haltalara gaplanýar. Ýetilen sepgidi täze zähmet üstünlikleri bilen berkidip, ýurt Garaşsyzlygymyzyň taryhy senesine sowgatly barmak kärhanada şu günlerki alnyp barylýan işleriň baş maksady bolup durýar.

Beýik döwrüň batly gadamlary

Welaýatymyzyň 2020-nji ýyldaky ykdysady ösüşine syn «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ady bilen taryha giren 2020-nji ýylda Garaşsyz ýurdumyzyň beýleki künjekleriniň hatarynda, biziň welaýatymyzda hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda — senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, ulag-aragatnaşykda ýokary netijeler gazanyldy. Munuň özi degişli edara-kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde, telekeçilikde, daýhan hojalyklarynda, hususyýetçilikde iş alyp baran adamlaryň ýylyň dowamynda çeken ýadawsyz zähmetleriniň netijesinde mümkin boldy. Olar hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilmegini gazanmak, ilatyň durmuş derejesini ýene-de ýokary götermek barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm goşant goşdular.

Ösüşiň innowasion ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Bu babatda ýetilýän belent sepgitlerdir gazanylýan ýokary görkezijiler ýurdumyzda maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýan sanly özgertmelerden gözbaş alýar. Munuň özi ykdysady taýdan kuwwatly Türkmenistanda halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň işini ösdürmäge we ýurdumyzy güýçli senagat döwletine öwürmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ösüşiň innowasion ýoluny milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Halk hojalygyny sanlylaşdyrmak bilen bagly giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak üçin maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek işi milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» öz beýanyny tapdy. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän degişli konsepsiýa esasynda ýurdumyzda innowasion özgertmeleriň geçirilmegi Türkmenistanyň halk hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we has-da ösmegine mümkinçilik berdi.

Döwrümiz bar, döwürlerden sapaly

Mähriban halkymyz şu günlerden özüniň baş baýramçylygyny — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamaga uludan taýýarlyk görýär. Döwlet Baştutanymyz golaýda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan 2021-nji ýylda geçiriljek ähli medeni çärelere hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli ýolbaşçylara möhüm tabşyryklary berdi. Gysga döwrüň içinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň, energiýa howpsuzlygynyň, üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan Kararnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy derejede parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Sazlaşykly işleriň netijesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, bank ulgamynyň işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň görkezmelerinden ugur alyp, soňky ýyllarda pul dolanyşygynyň düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralarynda elektron töleg ulgamyny ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynda ýola goýlan sazlaşykly işler netijesinde karz edaralary tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimi günsaýyn giňelýär, hyzmatlary sanly görnüşe geçirmekde döwrebap usullar işjeň ulanylýar. Sanly bank hyzmatlaryna mysal hökmünde «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg» ýaly bank önümlerini görkezmek bolar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 35-si baglaşyldy. Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidro usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem Şotlandiýadan, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gonkongyň we Şweýsariýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.

«Mawy ýangyjyň» mekanynda

Ýurdumyzyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işçi-hünärmenleriniň her biri geçen ýylda tebigy gaz, gaz kondensatyny çykarmakda guwandyryjy görkezijilere eýe boldular. Müdirligiň gaz çykaryjylary geçen ýyl gaz we gaz kondensatyny çykarmak boýunça tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Olar şanly ýylda ýerasty guýularyň abatlaýyş işlerine hem aýratyn ähmiýet berdiler. Bu bolsa, guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam etdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda guýularyň 30-synda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Tebigy gazyň täze gorlarynyň işe girizilmegini ýola goýmak arkaly «Zäkli derweze», «Çemmerli» gaz ýataklarynda iki guýyny, «Toparjulba» gaz käninde üç guýyny önümçilige goýbermek meýilleşdirilýär.

Hazar deňziniň baýlygy halklaryň bähbidine

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň uly dabaralara beslenjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde bolup geçýän taryhy wakalar ýatdan çykmajak täsirleri bilen kalbymyzda baky orun alýar. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar. Özara bähbitli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giň gerimde ösdürýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde milli Liderimiziň juda öňdengörüjilik bilen öňe sürýän başlangyçlary hyzmatdaş ýurtlaryň, şeýle hem tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösüşe eýe bolmagyna ýardam edýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy hem hormatly Prezidentimiziň dostluga hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan ynsanperwer syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi. Indi Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň ýangyç çig mal serişdelerini özleşdirmek işleri azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Munuň özi Hazar deňziniň sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde, goňşy ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugta

Bank ulgamyndaky döwrebap mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň bank ulgamy hem depginli ösdürilýär, döwrebaplaşdyrylýar. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň gatnaşmagynda Türkmenistanda döredilen ilkinji açyk görnüşli paýdarlar täjirçilik bankydyr. Ol guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça paýdarlar jemgyýeti, ýagny, esaslandyryş maýasy paýnamalaryň esaslandyryjylar tarapyndan kesgitlenen sanyna bölünen hojalyk jemgyýeti görnüşindäki edaradyr.

Belent maksatlary nazarlap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Munuň şeýledigine şu günler göni wideoaragatnaşyk arkaly yzygiderli geçirilýän dürli derejedäki duşuşyklar, forumlar we beýleki çäreler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şu hepdäniň çarşenbe güni BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen nobatdaky onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň çäklerinde «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belent sepgitleri nazarlap

Bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşyna has-da berk jebisleşip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşy aldy. Däp boýunça ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär. 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ýurdumyzyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýyllaryň biri bolar. Çünki bu ýylda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilenine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene hem şu ýylda uly toý-dabaralara beslenip, giňden bellenip geçiler. Arkadagly ýurdumyzda ýyllarymyz biri-birinden zyýada bolup gelýär. Her ýyl beýik ösüşlere beslenip, raýatlaryň kalbyna egsilmejek şatlyk bagyşlaýar.

Sanly hyzmatlaryň kämil görnüşleri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamyny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de döwletimizde bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, ylmyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň täze görnüşleri döredilip, pul-karz bazarynyň gerimi giňeldilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär. Bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmäge, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg», «Halkbank terminal» arkaly hyzmatlary ýerine ýetirmäge, netijede bolsa, ilatyň gymmatly wagtyny we pul serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýär.

Energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2021-nji, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam goýdy. 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bolup geçen wakalar Garaşsyz ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynyň ilkinji gadamlary möhüm wakalaryň birnäçesine beslendi. Şol wakalaryň hatarynda 21-nji ýanwarda, Aşgabatda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübärekläp, resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň beýan edilýändigine kanagatlanma bildirdiler.

Döwrebap özgertmeler

Mälim bolşy ýaly, 14-15-nji ýanwarda bolup geçen taryhy wakalar — Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň hem-de Lebap welaýatynyň çägindäki «Malaý» käninde täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şeýle taryhy wakalaryň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini wagyz etmek boýunça indi birnäçe gün bäri ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda geçirilip gelinýän maslahatlaryň jemleýjisi düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde boldy. Ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilen maslahata ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, çykyşlarda ata Watanymyzyň täze taryhy döwürde ýeten belent sepgitleri buýsanç bilen wasp edildi.

Nusgalyk dostlukly gatnaşyklar

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna dünýä we sebit parahatçylygynyň, dost-doganlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine täze itergi berýän nusgalyk işler bilen gadam basdy. Iki goňşy, türkmen we owgan halklarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda täze ulanylmaga berlen, uzynlygy 30 kilometr bolan Akina — Andhoý demir ýoly, 153 kilometre deň bolan Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamy, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamy türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen başy başlanan halkara ähmiýetli bu iri desgalar diňe iki doganlyk halklaryň durmuş-ykdysady ösüşine itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebit döwletleri üçin hem halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitleýär.