"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Netijeli ykdysady hyzmatdaşlyk

Biziň ýurdumyz häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berýär we dünýä döwletleri hem-de iri halkara we sebit guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bu ählumumy bähbitlere gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ägirt uly goşant goşmak bilen Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 1985-nji ýylda ykdysady we söwda ulgamlarynda has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen döredildi. Eýran Yslam Respublikasy, Pakistan hem-de Türkiýe Respublikasy guramany esaslandyryjy döwletlerdir. EKO-nyň düzümi 1992-nji ýylda Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan Yslam Respublikasy, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Özbegistan ýaly ýurtlaryň girmegi bilen giňedi we onuň alyp barýan işleri hil taýdan täze ösüşlere eýe boldy. 28-nji noýabr EKO-nyň güni hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde EKO BMG-de synçy derejesini bermek hakynda Kararnama kabul edildi.

Durnukly ykdysady ösüşde pul-karz syýasatynyň orny

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilýän milli maksatnamalar, esasan, ýurduň durnukly ösüşine, ykdysadyýeti dolandyrmagyň bazar gatnaşyklaryna, önümçilige öňdebaryjy innowasion tehnologiýany ornaşdyrmaga, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmäge we dünýäniň döwletleri bilen köpugurly işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir. Bu meseleleri üstünlikli çözmekde aýratyn orun ýurdumyzyň pul-karz syýasatyna degişlidir. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan döwrüň talabyna laýyk gelýän pul-karz syýasatyny işläp düzmäge we ony üstünlikli amala aşyrmaga zerur bolan ähli amatlyklar döredilýär. Pul-karz syýasatynyň esasy maksady ýurduň ykdysadyýetini zerur bolan möçberde pul-karz serişdeleri bilen üpjün etmekden we olaryň maksadalaýyk ýokary netijeli ulanylmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan, Maltadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, nebit bitumyny, şeýle hem Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Maltadan, Gonkongdan gelen täjirler polietileni hem-de gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Iri sergidäki gündogar önümleri

17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 13 ýyl doldy. Bu möhlet taryh üçin juda ujypsyz bolsa-da, milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçilik pudagy asyrlara barabar rowaç ýoly geçdi. Muny şanly sene mynasybetli 17 ― 19-njy mart günlerinde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda guralan sergi hem aýdyň görkezdi. Oňa öz işlerini Lebap welaýatynyň çäklerinde alyp barýan hususy taraplar hem işjeň gatnaşdylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminden bize berlen maglumata görä, paýtagtymyzda geçirilen köpugurly sergä bu bölüme degişli hususy taraplaryň sekizisi gatnaşdy. Olaryň sergi diwarlyklary bu çärä gatnaşyjylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

Sanly ulgam: nagt däl hasaplaşyklar

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, pul-karz dolanyşygynyň ýagdaýyna täsir etmek arkaly bazar isleglerini kanagatlandyrmak, ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänçä görnüşindäki goýumlara çekmek, maliýe bazaryny düýpli ösdürmek babatda anyk işler durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman innowasion ösüşiniň önümi bolan sanly tehnologiýalaryň bank ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy olaryň işiniň kämilleşmegine, müşderiler bilen aragatnaşyk usullarynyň döwrebaplaşmagyna oňyn şert döredýär. Häzirki wagtda bütin dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak döwrebap ýola goýulýar.

Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň iki aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

Il-gün bähbitli işler

Berkarar Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek maksady bilen, eziz Diýarymyzda wajyp özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mähriban Arkadagymyz döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň döwlet syýasatymyzyň düzüm bölegidigini yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra aýratyn möhüm ähmiýet berilýär. Diýarymyzda bu işler Türkmenistanyň «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyny we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny kämilleşdirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda amala aşyrylýar. Bu ugurdaky işler maýa goýum bäsleşigi, bäsleşikli söwdalar, hususylaşdyrylýan desganyň göni (salgyly) satylmagy, kärende şertinde onuň kärendeçisine satylmagy hem-de döwlet eýeçiligindäki paýnamalaryň gazna biržasynyň üsti bilen satylmagy esasynda geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde gelip gowuşýan teklipleri jemlemek hem-de seljermek boýunça zerur işler yzygiderli alnyp barylýar.

Maliýe syýasatynyň esasy ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda ilatyň abadançylygyny we durnuklylygy gorap saklamagy üpjün edýän düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň derejesini artdyrmak, önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmek ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm wezipeleri bolup durýar. Ykdysadyýetiň netijeli hususy ulgamyny döretmek hem-de bäsdeşlik esasynda döwlet-hususy gatnaşyklary ösdürmek hem öz oňyn netijesini berýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» esasy maksady ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak üçin Watanymyzyň serişdeler, senagat, zähmet we intellektual kuwwatyny işjeňleşdirmek bolup durýar. Bu babatda welaýatlary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Welaýatlary ösdürmek boýunça uly möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmek milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan oňyn özgertmeleriň aýrylmaz bölegidir.

Senagatlaşdyrmagyň ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz okgunly ösýär we ykdysady taýdan barha kuwwatlanýar. Diýarymyzyň sebitlerinde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän senagat maksatly desgalar, iri önümçilik toplumlary bu ugurda aýratyn uly ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda önümçiligi doly awtomatlaşdyrylan häzirki zaman senagat kärhanalaryň gurulmagy bilen, olarda ornaşdyrylan innowasion we döwrebap tehnologiýalar esasynda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýerli çig maldan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply gurluşyk önümlerini öndürýän şeýle kärhanalar milli senagatyň sazlaşykly ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Rowaçlygyň ganatynda

«Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Arkadag Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we sanly ulgama geçmek, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça täzeçe işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belent tutumlary ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kärhanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle-de hereket edýän pudaklaýyn edara-kärhanalaryň kämilleşdirilmegi, özgerdilmegi netijesinde iň kämil, döwrebap enjamlary ornaşdyrmak we olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyklar netijesinde gazanylýan üstünlikler halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alnyp barylýan işlere özboluşly goşant bolup, ýurdumyzyň dünýä möçberinde ygtybarly hyzmatdaşlygy berkitmeginiň esasy ýoly hasaplanylýar. Bu ugurdaky düýpli özgerişlikleri «Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak babatdaky alyp barýan işleriniň mysalynda hem görmek bolýar. «Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy gündogar sebitde hormatly Prezidentimiziň kommunikasiýalar ulgamy syýasatyny, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak babatdaky işleri durmuşa geçirýän, şeýle hem bu ugurdaky işlere gözegçiligi amala aşyrýan kärhana bolup durýar. Kärhana hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzakmöhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli işleri alyp barýar. Şunda innowasion ugra, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, hemme ýerde kompýuterleşdirmek işiniň ösdürilmegine hem-de dünýäniň aragatnaşyk ulgamyndaky tejribesiniň özleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýetiň ählumumy sanly ulgama geçirilmegi kärhanalardan, guramalardan we kompaniýalardan hünärmenleriň innowasion tehnologiýalary çalt özleşdirmegini, şeýle hem kiberhowpsuzlyk

Daşary söwda strategiýasy: oýlanyşykly ädimler, oňyn netijeler

Dünýäde ählumumylaşmak hadysasynyň ýitileşmegi ýurdumyzyň daşary söwda-ykdysady ulgamyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmekde täzeçil çemeleşmeleriň ulanylmagyna şert döredýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde tassyklanan Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy daşary ykdysady gatnaşyklary döwrebap derejede ösdürmek ugrunda ädilen möhüm ädimleriň ýene biri boldy. Milli ykdysadyýetiň önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam berjek bu Strategiýanyň durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýelejekdigini ynam bilen aýtmak bolar. Daşary ykdysady syýasat hem hemişe ýurduň milli bähbitlerinden ugur alýar. Mazmuny boýunça syýasatyň bu ugry syýasy, ykdysady, durmuş mümkinçiliklerini pugtalandyrmak we dünýä ykdysadyýetine netijeli gatnaşmak üçin daşary ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek we ulanmak boýunça döwletiň anyk maksada gönükdirilen işini aňladýar. Döwlet tarapyndan daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmegiň maksatlarynyň we wezipeleriniň kesgitlenilmegi ykdysadyýeti döwletiň kadalaşdyrmagyny aňladýar. Çünki dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we işjeňleşdirmek häzirki döwrüň möhüm meselesi bolmak bilen, ony üstünlikli amala aşyrmak wezipesi döwletiň paýyna düş

Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlary maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýär. Häzir bu pudaga ýurdumyzyň jemi içerki önümini öndürmekde hem-de eksport düzüminde esasy orun degişli bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet ähmiýetli möhüm meseleriň arasynda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işlere hem garaldy. Baky Bitarap Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurduň ägirt uly uglewodorod mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmäge we ýangyç-energetika toplumynda milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistan energetika ulgamynda Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta — Gündogar ugurlara aýratyn ähmiýet berýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýýar. Daşary ýurt maýadarlary bilen uglewodorod çig malyny agtarmak, çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag düzümini ösdürmek boýunça döwletara ylalaşyklary we şertnamalary baglaşylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ähli pudaklar sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Sanly ulgamyň peýda bolmagy bilen ykdysady ösüş belent derejelere çykdy. Ýaşlaryň bilim almagyna, ylym öwrenmegine barha giň ýol açyldy. Gahryman Arkadagymyz eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýokary bilimli işgärleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigine hemişe ünsi çekýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak Konsepsiýasyna laýyklykda, halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda ylym ulgamynda hem degişli işler ýola goýulýar. Sanly tehnologiýany giňden ulanmak arkaly ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimizdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Himiýa kärhanasy: zähmet ýeňişleri baş baýrama sowgat

Beýik bagtymyzyň ― mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny zähmet sowgatlary bilen garşylamak Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky Himiýa zawodynda ýylyň başynda goýlan ilkinji we esasy maksat boldy. Galyberse-de, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň himiýa ulgamyny ösdürmek babatyndaky yzygiderli tagallalary bu kuwwatly kärhanada işleriň ilerlemegine, şeýlelikde, öňde goýlan maksada ýetilmegine ýardam berýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň wekilleri bilen şäherdäki önümçilik desgalaryna döredijilik saparymyzy hut şu kuwwatly kärhanadan başladyk. Aslynda, bu bisebäp däl. Owadan dünýämize bahar aralaşdy. Bahar dünýä özüne mahsus gözellikleri hem getirse getirýändir welin, birtopar iş-aladalar hem onuň synyndan ýapyşyp gelýär-de, hatarlanyberýär. Esasan hem oba hojalygynda iş ýetik. Eýsem, bu kuwwatly kärhanada hysyrdysy ýetik möwsümlere nähili taýýarlyk görülýär?

Türkmenabatdan Warşawa çenli

Geçen fewralda Türkmenabadyň pamyk öndüriji kärhanasynyň durkunyň täzelenilip, has kuwwatly görnüşde işe girizilenine 7 ýyl doldy. Başgaça aýtsak, bu kärhana 7 ýyl mundan ozal täzeden dünýä indi. Onda-da näderejede?! Ýadyňyzda bolsa, hormatly Prezidentimiz 2012-nji ýylyň aprel aýynda geljegine uly umyt bildirilýän bu kärhananyň durkuny täzeläp, mümkinçiliklerini artdyrmak baradaky taryhy Karara gol çekipdi. Täze kärhanada ulanyljak enjamlar bolsa bu Karardan alty-ýedi aý çemesi ozal Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen dokma enjamlarynyň ITMA ― 2011 halkara sergisinde saýlanyp-seçilipdi. Has takygy, ýurdumyzyň wekiliýeti bu ugurda baý tejribe toplan we dünýä meşhur şweýsar hem-de italýan kompaniýalarynyň enjamlaryna isleg bildiripdi. Hut şol enjamlar hem sähel salymdan soň Türkmenabatdaky kuwwatly kärhanada ornaşdyryldy. Has takygy, bu ýerde Şweýsariýanyň «Uster» kompaniýasynyň doly awtomatlaşdyrylan enjamlary kärhananyň barlaghanasynda pagta süýüminiň we nah ýüplükleriň fiziki-mehaniki görkezijilerini ölçeýän bolsa, «Xorella» atly başga bir kompaniýada öndürilen enjamlar nah ýüplüklere çyglylyk berýär. Şeýle hem ýüplükleri awtomatiki usulda gaplamak üçin Italiýanyň «Zancaner», sowadyş, ýyladyş we howany tämizleýiş ulgamlarynda Şweýsariýanyň «Luwa» kompaniýasynyň enjamlary ulanylýar.

Ykdysadyýetiň ösüşine uly goşant

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar bilen baglanyşyklylykda ýurdumyzyň bank ulgamy hem ýokary depginler bilen ösýär. Milli ykdysady ösüşiň maliýe üpjünçiligini berkitmek, milli manadyň hümmetiniň durnuklylygyny saklamak, bank hyzmatlarynyň döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän görnüşlerini ornaşdyrmak we çekilen serişdeleri işjeň ulanmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmekde, töleg kartlaryny, halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmakda, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak boýunça uly işler edildi. Bularyň ählisi sanly ykdysady ulgama geçmegiň esasyny berkitdi. Ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegi bilen bank hyzmatlarynyň ähmiýeti has ýokarlanýar. Nagt däl hasaplaşyklar has uly mümkinçiliklere eýe bolýar. Islendik ýerde, hatda ykjam telefonlar arkaly hiç ýere barmazdan islendik hyzmatdan peýdalanmak mümkinçiligi artýar. Müşderilere internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlary, ýagny internet bank, mobil bank hyzmatlary ýerine ýetirilýärkä hem şahsyýeti anyklamak tertibi ýola goýuldy. Bank ulgamynda täze iş usullaryny ornaşdyrmak ýene-de üstünlikli dowam etdirilýär.

Berekediň gözbaşynda

Türkmenabat galla önümleri kärhanasy mundan sekiz ýyla golaý wagt ozal ― 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda açylyp, ulanylmaga berildi. Doly önümçilige 2014-nji ýylyň başynda girişen kärhanada milli Liderimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek babatynda alyp barýan işleriniň netijesinde önümçiligiň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär. Muny şu ýylyň ýanwar ― fewral aýlaryndaky görkezijiler ýene bir gezek tassyklaýar. Bu ýerde ýylyň ilkinji iki aýynda ýokary we birinji sortly unuň 7 müň 801 tonnasy taýýarlanylypdyr. Munuň özi meýilnamada görkezileninden 1 tonna kändir.

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçiliklere zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek üçin nagt däl görnüşinde kiçi göwrümli karzlary hödürleýär. * Karzyň möçberi — 30 000 (otuz müň) manada çenli.

Bedew batly ösüşleriň Watany

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi üpjün edildi. Aýratyn hem, ylym-bilim, saglygy goraýyş, dokma, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, ýangyç-energetika ulgamlary uly ösüşlere eýe boldy. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalarynyň ençemesi kabul edildi we häzirki wagtda üstünlikli berjaý edilýär. Bu bolsa mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etdi. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döwlet serişdeleriniň, kärhanalaryň, şonuň ýaly-da, daşary ýurt maýadarlarynyň hasabyna özleşdirilýän maýa goýumlarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagynyň netijesinde iri taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ygtybarly hem-de çalt özüni ödeýän maýa goýum çeşmesi hökmünde adam mümkinçiliklerini ösdürmäge goýberilýän serişdeler ýurdumyzyň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda täze gurulýan önümçilik desgalarynyň ählisiniň hem dünýäde ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, dünýäniň iň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen häzirki zaman kämil tehniki enjamlary bilen üpjün edilmegi milli önümçiligiň kuwwatyny has-da artdyrýar, öndürilýän önümleriň ýokary hilli we ýeterlik mukdarda öndürilmegini üpjün edýär. Bu bolsa eksportyň mukdaryny köpeltmäge, importyň möçberini azaltmaga uly ýa