"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Rowaçlygyň mekany

Obada önüp-ösüp, indi bolsa ençeme ýyl bäri şäherde ýaşap ýöremsoň, bu iki mekany deňeşdirere-seljerere mysaly şahsy durmuşymdan alanymda-da ýeterlik. Odun bilen ojakdyr peç gyzdyran kişi hökmünde häzirki eşretiň hözirini il-gün bolup görüp ýörenimize ýüz müň şükür. Asyl kärim gurluşykçy bolansoň, şäherdir obalarymyzyň sähel salymda tanalmaz derejede özgermegi üçin neneňsi yhlas-tagalla edilýändigini göz öňüne getirmek kyn däl. Şunda iň esasysy — bu ymaratlaryň halkymyza öňräkden bäri döwrebap hyzmat edýändigini indi täzelik däl-de, bolaýmaly gündelik bir zat hasaplap, şu ýerde kärdeşlerimiziň gözünden sypýan aýratyn bellemeli bir zat bar: paýtagtyň özünde senagat we gaýry önümçilik desgalarynyň onçakly köp gurulmaýandygynyň özi, ozaly bilen, ekologiýa abadançylygyna oňyn täsir etse, bu ýagdaý şäheriň binagärlik durkuna hem täzeçe sazlaşyk berýär. Şeýdibem, baş şäher ýurduň medeni we işewürlik merkezi bolmak wezipesini hem has göwnejaý ýerine ýetirmäge gaýym-döwrebap mümkinçilik alýar. Has dogrusy, Aşgabat Bitarap Türkmenistanyň paýtagty hökmünde bireýýäm bu we beýleki ugurlarda halkara derejeli forumlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülip gitdi. Şeýle hem sportuň dürli ugurlaryny ösdürmekde aýratyn tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň yhlas-aladasy ýerine düşüp, Aşgabat indi sportuň dünýä derejeli ýaryşlarynyň geçirilýän ynam-ykrarly mekanyna öwrüldi.

«Türkmeniň ak öýi» binasy gurulýar

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýat merkeziniň günorta künjeginde üç müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasy hem-de şonça orunlyk sadaka jaýy gurulýar. Onuň gurluşyk işlerini «Röwşen» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri alyp barýarlar. Umumy meýdany 10,85 gektara barabar bolan bu toplum milli binagärligiň däplerini, häzirki zaman şäher gurluşygynyň täzeçil usullaryny özünde jemleýär. Häzirki wagtda bu ýerde 1300-den gowrak adam üç çalşykda işleýär, dürli kysymly tehnikalaryň 60-a golaýy sazlaşykly hereket edýär. Medeni-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Daşoguz welaýaty uzak müňýyllyklaryň dowamynda gülläp ösen şäher-kentleriň, köp sanly kerwensaraýlaryň, galalaryň hem aramgähleriň gadymy mekanlarynyň biri hasaplanypdyr. Hormatly Prezidentimiz özüniň çäksiz sahawaty bilen milli däplerimizi täze röwüşlerde gaýtadan dikeldip, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrýar. «Türkmeniň ak öýi» binasy il-halkymyzyň toý-baýramlaryny, ata-baba ýörelgelerine laýyklykda, uludan toýlaýandygynyň, täze eýýamymyzda bu däpleri döwrüň belent ruhunda dowam etdirýändiginiň nobatdaky mysalydyr. Halkymyz uly geňeş bilen toý tutmaga başlanynda, toýlaryň ýaraşygy bolan ak öýleri gurýar. Ak bagtdan görk alýan häzirki döwrümiz bolsa toý-baýramlaryň eýýamydyr. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen birlikde, bu gadymy mekanda

Sanly we innowasion tehnologiýalaryň üstünlikleri

Eziz Watanymyzyň bagtyýar ýaşlarynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk, umumadamzat we milli gymmatlyklarymyzyň esasynda kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi geljekki ösüşlerimiziň aýdyň beýanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda üns merkezinde saklaýar. Zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Ýaşlaryň jemgyýetdäki durmuş-hukuk ýagdaýyny kesgitlemegiň wajyplygy olaryň ýurduň ösüşinde adam maýasy hökmünde çykyş edýändikleri, jemgyýetiň innowasion ösüşini kesgitleýändikleri bilen baglanyşyklydyr. Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Dünýäniň ykdysady taýdan ösýän islendik döwletiniň mysalynda ýaşlar telekeçiliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilmegi işewürlikde işjeň orny eýeleýär. Munuň özi zähmetsöýer telekeçileriň täze nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, täzeçil pikirlenmeleriň, döredijilikli oýlap-tapyşlaryň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen düşündirilýär.

Kämil bank hyzmatlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolan bank ulgamy yzygiderli kämilleşýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmekde, pul-karz we walýuta syýasatynyň kämilleşdirilmeginde, milli puluň hümmetiniň has-da artdyrylmagynda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen maliýe özgertmeleriniň amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň karz edaralary möhüm orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, döwletimiziň bank ulgamyny kämilleşdirmek, hasaplaşyklary döwrebaplaşdyrmak, halkara derejesine çykarmak we raýatlar üçin amatly bolmagyny gazanmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Nagt däl hasaplaşyklaryň amala aşyrylmagy üçin ornaşdyrylan töleg terminallaryny eýeçiligiň görnüşine garamazdan, söwda ýa-da hyzmatlary amala aşyrýan ähli edara görnüşli taraplarda, olaryň şahamçalarynda we wekilliklerinde, hususy telekeçileriň söwda ýa-da hyzmat ediş nokatlarynda, dükanlarda, jemgyýetçilik iýmiti we durmuş hyzmatlary nokatlarynda hem görmek bolýar. Töleg terminalyny ornaşdyrmak üçin söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň eýeleri karz edarala

Çig malyň tonnalary artýar

Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň edermen ýüpekçileri welaýatymyzda ilkinji bolup, pile tabşyrmak boýunça meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Olar kümüşsöw çäje 31, 5 tonna piläni goşant etdiler. Daýhan birleşiginde tejribeli ýüpekçileriň 434-si yhlasly zähmet çekýär. Olar, her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem ilkinji bolup pellehana gelmegi başardylar. Häzirki gazanylan sepgit iň soňky netije däl. Heniz ýüpekçiler gymmatly çig malyň tonnalarynyň sanynyň artjakdygyna ynandyrýarlar. Munuň şeýledigine her gün tabşyrylýan hasylyň yzynyň üzülmeýändigi hem güwä geçýär. Etrabyň ýüpekçilik boýunça hünärmeni Jumageldi Döwletow daýhan birleşigi boýunça ýene-de 7-8 tonna pile hasylynyň ýygnalmagyna garaşylýandygyny ynam bilen aýdýar.

Energetika diplomatiýasynyň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, energetika diplomatiýasy Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Biziň başlangyçlarymyz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň energiýa serişdeleriniň halkara bazarlara durnukly we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek boýunça Kararnamalary kabul edildi. Türkmenistan uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, senagaty ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ägirt uly möçberlerde maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmegi esasy wezipe edip goýýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýangyç we energetika serişdelerini tygşytly hem-de netijeli ulanmaga uly üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça hem zerur çäreler geçirilýär. Şoňa görä-de, bu ulgama innowasiýalary, ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Ykdysady ösüşiň möhüm ädimleri

Sanly ykdysadyýet adalgasy gün-günden biziň aň-düşünjämize, jemgyýetimiziň ösüşine ynamly ornaşýar. Raýatlarymyzyň arasynda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň geriminiň giňelmegi, tehniki oýlap tapyşlaryň, sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza berk ornaşmagy sanly ykdysadyýetiň ösüşine uly itergi berýär. Netijede bolsa, halkara işewürligi, bazar gatnaşyklary ýaýbaňlanýar. Sanly ykdysadyýet önümçilikde, hyzmatda we sarp edişde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly sanly özgertmeleri başdan geçirýän ykdysadyýetiň bölegidir.

Döwrebap işler we oňyn netijeler

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan ykdysady özgertmelerde ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Banklar şahsy we edara görnüşli taraplara, şol sanda hususy telekeçilere dürli görnüşli maliýe hyzmatlaryny hödürleýär. Olara mysal hökmünde hasaplaşyk, gündelik we goýum hasaplarynyň açylmagyny, hasaplar boýunça pul geçirimleriniň amala aşyrylmagyny, pul serişdeleriniň saklanylmagyny, pul serişdeleri boýunça müşderilere we olaryň ynanylan wekillerine degişli tassyknamalaryň berilmegini, töleg tabşyryklary, çekler, inkasso, akkreditiw hem-de bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklary we hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini görkezmek bolar. Ilata ýokary hilli maliýe hyzmatlaryny hödürlemek hem-de bank işjeňligini gazanmak maksady bilen, bank hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Kümüşsöw çäje uly goşant

Etrabymyzyň edermen ýüpekçileri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler. Olar her ýylda ýüpek gurçuklaryna bellenilen kadalara laýyklykda ideg edip, piläniň bol hasylyny ýygnamagy başarýarlar. Şu ýyl tejribeli ýüpekçileriň 4000-den gowragy bu möhüm iş bilen meşgullanýar. Olaryň yhlasly zähmeti bilen gymmatly çig malyň 173 tonnasy ýygnalyp, kümüşsöw çäje goşant ediler. — Nesip bolsa, ýüpekçilerimiz maý aýynyň ikinji ongünlüginde pile hasylyny ýygnamaga girişerler. Şu günlerde ýüpek gurçuklaryny göwnejaý idetmek ugrunda yhlasly zähmet çekilýär — diýip, etrabyň çäginde bar bolan pile kabul ediş we guradyş bölümleriniň 4-siniň biriniň 1-nji bölümiň müdiri Galimjan Borjakow aýdýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar.

Ykdysady ösüşleriň ýurdy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bütin dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriň, döwrebap özgertmeleriň netijesinde bu gün ata Watanymyzyň, eziz halkymyzyň abraý-mertebesi barha belende galýar. Ösüş-özgerişliklerini taryhyň gadymy gatlaryndan alyp gaýdýan ata Watanymyz häzirki wagtda syýasy, ylym-bilim babatda öňe gitmek bilen, dünýä jemgyýetçiliginde ösýän döwlet hökmünde ykrar edilýär. Ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirkizaman şäher gurluşyk gurşawyny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherlerdir obalar kemala gelýär. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, medeniýet ulgamlarynda hem Türkmenistanyň ykdysady taýdan durnukly depginler bilen ösýän hem-de ynamly öňe barýan berkarar döwletdiginiň subutnamasy bolan toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Sanly ulgam — sanly ykdysadyýet

Döwletimiziň milli ykdysadyýetini has-da döwrebaplaşdyryp, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylmyň soňky gazananlaryny, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýete «Internet arkaly amala aşyrylýan ykdysadyýet» diýlip hem düşünilýär. Şeýle-de, innowasion sanly maglumat — aragatnaşyk tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary özünde jemleýän bu sanly elektron ulgama «Dördünji senagat rewolýusiýasy» diýlip hem aýdylýar.

Möhüm ugurda gymmatly tejribe

Elektrik energetikasy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup, ol diňe bir önümçilik-ykdysady meseleleriň çözülmegine däl, eýsem, durmuş ähmiýetli wajyp wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilip ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz bu pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de sanly ulgama geçirilmegini gaýragoýulmasyz döwlet wezipeleriniň hatarynda kesgitleýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatlaryna laýyklykda, iri senagat toplumlary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz hem-de ygtybarly üpjün etmek maksady bilen, elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, giň gerimli işler alnyp barylýar.

Sanly ulgamyň möhüm orny

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi has-da döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, döwrebap, ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

Suw üpjünçiligi ugrunda

Balkan welaýatyň çägindäki tebigy ojaklarda iş alyp barýan burawlaýjylaryň, nebit we gaz çykaryjylaryň işleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäherindäki suw üpjünçilik müdirliginiň işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu müdirligiň hünärmenleriniň önümçilik kärhanalaryna ýetirýän agyz hem-de önümçilik suwlary ýerasty önümli gatlaklary senagat taýdan özleşdirmek işlerini talabalaýyk guramaga giň mümkinçilik berýär. Agyz suwy durmuş hajatlary üçin peýdalanylsa, önümçilik suwlary tebigy baýlyklar çykarylanda, ýerasty gatlaklaryň basyşyny saklamakda hem-de beýleki zerurlyklar üçin ulanylýar. Suw üpjünçilik müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başyndan bäri önümçilikde şunuň ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan suwuň 1 million 461 müň kub metre golaýyny çykarmak bilen, sarp edijileriň ýerasty tebigy baýlyk gözlemek işlerine mynasyp goşantlaryny goşdular.

Ykdysadyýetiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň çuň paýhasa ýugrulan döwlet syýasaty uzak geljegi nazarlaýan köpugurly ýörelgeleri öz içine alýar. Ösüşleriň örän çalt depginlerde öňe ilerleýän zamanynda ykdysadyýetiň ösüşiniň köpugurly mümkinçilikleri giň gerimli taslamalaryň çäklerinde sazlaşykly herekete getirilýär. Türkmenistan senagat we durmuş maksatly täze gurulýan desgalarda ekologiýa taýdan arassa, häzirki zaman serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary hem giňden ulanýar. Öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan arassalygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa «ýaşyl ykdysadyýetiň» kemala getirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Ekologiýa babatda gürrüň gozgalanda, geçen asyryň iň uly möhüm halkara duşuşyklarynyň biri bolan Ýer ýüzüniň Sammitinden ýa-da BMG-niň daşky gurşaw we ösüş boýunça maslahatyndan ýigrimi ýyl geçenden soň geçirilen «Rio+20» bütindünýä maslahatyna Türkmenistanyň gatnaşmagy, şol maslahatda hormatly Prezidentimiziň çykyşyna uly orun berilmegi bu ugurda biziň ýurdumyzda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Şunda bellenilişi ýaly, önümçiligiň innowasion, serişde tygşytlaýjy we ekologiýa taýdan zyýansyz tehnologiýalaryna esaslanýan «ýaşyl ykdysadyýete» geçilmegi adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrýar hem-de daşky gurşaw üçin töwekgelçilikleri azaldýar. Munuň özi umumydünýä meýli bolup, ol tutuş adamzadyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär.

Ykdysady ösüşiň ygtybarly çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, bank we söwda hyzmatlaryny döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ulgama geçmegiň esasy ölçegleriniň biri nagt däl hasaplaşygyň möçberiniň artmagydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda bank kartlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşygy amala aşyrmak bilen bagly wezipeler çalt depginde amala aşyrylýar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň ählisinde pul dolanyşygynda nagt däl hasaplaşyk uly orny eýeleýär. Munuň sebäbi bolsa dolanyşygyň çykdajylaryny azaltmak bilen bagly bolup durýar. Nagt däl hasaplaşyk nagt hasaplaşyga garanyňda, könelmeýär, ýitmeýär, saklamaga we daşamaga çykdajylary talap etmeýär. Pul serişdesini hasapdan hasaba geçirmek üçin köp wagt sarp edilmeýär, sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde olar ýyldyrym çaltlygynda amala aşyrylýar.

Sanly ulgam — ösüşleriň özeni

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginde, maýa goýumlarynyň işjeň hereket etmeginde, bank hyzmatlarynyň ähli görnüşlerinde has-da öňdebaryjy usullaryň ýola goýulmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Konsepsiýanyň esasynda sanly ykdysadyýetiň durmuşa ornaşdyrylmagy durmuş hajatlary üçin töleg serişdeleriniň ähli görnüşlerini we beýleki hyzmatlaryň raýatlar üçin has elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda döwrüň talaplaryna laýyklykda ýurduň kuwwaty ylmyň we bilimiň ösüşi bilen şertlendirilýär. Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň kämilleşmegi jemgyýetiň intellektual baýlygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Şonuň bilen bir hatarda, biziň döwletimizde hem milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini artdyrmak babatynda işler güýçli depginlerde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň sentýabr aýynda üstünlikli geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Häzirki wagtda biz ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça kabul eden ma

Rowaçlygyň belent ruhy

Dänew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň edara ediş binasynyň ýanynda saklanyp, ulagdan düşen badymyza baharyň jana tenekar howasynyň ýakymly täsirine berlip, paslyň melheminden işdämenlik bilen datdyk. Şondan soň daş-töwerek has hem hoşamaýlaşdy. Binanyň edil öňündäki pelde hoşboý reňkine gelen bugdaý ýaz şemalyna ygşyldaýardy. Şeýle ýakymly görnüşleri biz daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynyň içinden geçýän ýoluň boýlarynda hem kän synladyk. Daýhan üçin bu görnüşler dünýäniň bar şatlygy bolup görünýär, meýdanlaryň şeýdip görküne geliberdigi daýhanyň bagtynyň getirdigi hasap edilýär. Ine, onsoň, kalbyndaky sowulmaz şatlyk onuň ýüz-gözlerine hem çaýylýar. Etrabyň bugdaýdan, gowaçadan bol hasyl öndürýän daýhanlary bar. Ýogsa-da, geçen ýyllarda bugdaýyň Russiýadan getirilen «Bagrat», «Ýuka», «Kalym» ýaly görnüşleri hut şu etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda ekilip, synagdan şowly geçdi we tutuş welaýatyň hojalyklarynda ekilip gelinýär.

Mineral dökünleriň ähmiýeti

Ýerli çig mal serişdeleriniň rejeli we netijeli ulanylmagy ýurdumyzda-da, onuň çäklerinden daşarda-da uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu pudakda uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi amala aşyrylýar. Bu taslamalar oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan mineral dökünleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga şert döreder. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny, azyk howpsuzlygyny gazanmakda oba hojalyk pudagy aýratyn ähmiýete eýedir. Pudagy ylmy esasda ösdürmek hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny özgertmek syýasatynyň özenini emele getirýär. Yssy howa şertlerinde ýer-suw baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagyň ýollaryny öwrenmek we oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biri hasaplanýar.