"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Halaçda tegelek haly dokalýar

Geçen ýylda 9300 inedördül metre golaý haly dokap, ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlän Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň işine ezber gelin-gyzlary ýyllyk borçnamany 106 göterim amal etdiler. Olaryň ellerinden önen gözellik bolsa şuglasyny diňe bir ýurdumyza däl, Ýer ýüzüne çaýdy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu ýerde işine ussat halyçylaryň onlarçasy zähmet çekýär. Aýnabat Derýaýewa, Akgül Hallyýewa, Gülendam Taňňyýewa, Bahargül Annaýewa ýaly «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen belent ada mynasyp bolan ussatlar halaçly zenanlaryň esasy kärine öwrülen gadymy senedi ýaş şägirtlerine hem geçirýärler. Kärhana täzelikde işe gelen gelin-gyzlar tejribeli halypalarynyň gadamyna gadam goşup, gözellik döredýärler.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri nebithimiýa önümlerini, hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de awtobenzini, owganystanly telekeçiler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 17 million 281 müň dollaryndan gowrak boldy.

Sanly ykdysadyýetiň kämilleşdirilmegi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň her günde ençemesiniň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen işjeň daşary ykdysady syýasat ýurdumyza sebit we halkara derejesindäki iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen köpugurly özara işjeňligi diwersifikasiýalaşdyrmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň, sanly ykdysadyýetiň hukuk binýadynyň kämilleşmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly itergi berýändigini bellemek zerurdyr. Bu Kanun elektron resminamalaryň, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz täze pudaklary döretmek, senagatda we durmuş-medeni ulgamda özboluşly desgalaryň birnäçesini gurmak bilen, öz ykdysadyýetini üstünlikli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, meseleleri we esasy ugurlary, şeýle-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň jemi içerki önümi emele getirmekde goşýan goşandyny artdyrmagyň, milli ykdysadyýetde sanly ulgamy kämilleşdirmegiň çäreleri kesgitlendi. Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Häzirki wagtda bu konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça ähli möhüm ugurlar boýunça işler giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ösüşleriň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetimizde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak işleri giň gerime eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga we ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilen işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz döwletiň düzgünleşdiriji ornuny göz öňünde tutup, bazar edaralaryny we usullaryny doly derejede ösdürmegiň üpjün edilmelidigine, döwlet eýeçiligine degişli desgalary hususylaşdyrmak boýunça netijeli çäreleriň işlenilip taýýarlanylmalydygyna aýratyn ünsi çekdi. Ýurdumyzda döwlet emlägini hususylaşdyrmaga ygtyýarly edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi kesgitlenildi we bu işiň bäsleşikli ýa-da göni salgyly esasda geçirilmegi kanuny ýagdaýdyr. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy döwlet eýeçiligindäki emläkleriň döwlete degişli bolmadyk ýuridik we fiziki şahslara tölegli esasda berilmegidir hem-de döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleriniň durmuş

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlary

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, halkara nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek işi halkymyzyň asylly ynsanperwer ýörelgeleriniň, hoşniýetli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň iş ýüzündäki aýdyň beýanydyr. Şeýle möhüm ugurlarda gazanylýan ösüşler, özgerişler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren miwesidir. Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp miweleri barada buýsançly we guwançly gürrüň etmäge esas kän. Taryh üçin gysga wagtyň — şanly 30 ýylyň dowamynda ykdysady ösüşi, umumadamzat bähbitli amala aşyrýan işleri bilen Türkmenistan döwletimiz kuwwatly, ösen döwletleriň derejesine çykýar.

Hem içerki bazara, hem eksporta

Telekeçi Ruslan Abdullaýewe degişli ýyladyşhanada öndürilýän pomidor hasylynyň 80 ― 90 göterimi daşary ýurtlara eksport edilýär. Bu ýerde dekabrda ýyglyp başlanylan 100 tonna çemesi pomidoryň 70 tonna golaýy Russiýa Federasiýasyna we Gazagystana ugradyldy. Gabynyň daşynda «Türkmenistanda öndürildi» diýlen ýazgy ýerleşdirilen oba hojalyk önümleri dünýä bazaryndaky ornuny barha giňeldýär. Gazetimiziň geçen sanlarynda hem habar berşimiz ýaly, 2020-nji ýylda welaýatymyzyň hususyýetçileriniň 16-syna degişli ýyladyşhanalarda öndürilen pomidorlaryň ekportundan alnan girdeji Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 3,5 million dollaryna ýakynlaşdy. Alnan girdejide Ruslan Abdullaýewiň ýyladyşhanasynyň hem uly paýy bar.

Sanly ulgam — kämil jemgyýetiň esasy

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» öz kabul edilen gününden başlap, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny täzeçillik howasy bilen gurşap aldy. Bu Konsepsiýanyň durmuşa ornaşdyrylyp başlanylmagy, diňe bir pudak işgärlerini gyzyklandyrman, eýsem, tutuş halkymyzyň uludan-kiçä hemmesini aýratyn bilesigelijilige atardy. Elbetde, özüniň her başlan işini «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alyp durmuşa geçirýän hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda edilýän her bir iş, ilki bilen halkymyzyň bagtyýar durmuşyny nazarlaýar. Daşary ýurtlar tarapyndan öndürilen öýjükli telefonlary elimize alyp, onuň mümkinçiliklerinden uly höwes bilen peýdalanyp başlanymyz ýaňy ýalydy. Bu gün bolsa şeýle telefonlary özümiz öndürýäris. Diňe bir öýjükli telefonlar däl, eýsem, kompýuterler, sowadyjylar, telewizorlar ýaly gündelik durmuşymyzda iňňän zerur tehnologiýa enjamlary-da indi özümizde öndürilip başlanyldy. Şeýlelikde, häzirki wagtda biziň ýurdumyz tutuş durky bilen sanly ulgamyň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýar. Öňki el güýji bilen edilýän işleri kompýuterlerdir beýleki enjamlaryň düwmelerine basmak arkaly amala aşyrmak, bir tarapdan, işlenip goýlan meýilnama esasynda işiň birkemsiz ýerine ýetirilmegine kömek edýär. Ikinji bir tarapdan bolsa, işiň aňsat usulda ýerine ýetirilmegi, bir ýerde zähmet çekýän ada

Kuwwatly ykdysadyýet — ösüşleriň baş şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimizde ykdysady ösüşiň ýokary depginleri yzygiderli we ynamly saklanylyp gelinýär. Bu bolsa ýurdumyzyň saýlap alan ykdysady ugrunyň döwrüň öňe çykarýan talaplaryna we şertlerine kybap gelýändigini, onuň geljege gönükdirilendigini görkezýär. Türkmenistan uzak möhletli maýalyk serişdeleri gönükdirmek babatynda ýokary derejede özüne çekiji ýurt bolmagynda galýar. Ýurduň ägirt uly uglewodorod we mineral-çig mal gorlaryna eýedigi, iri möçberli önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegi, täze önümçilikleriň yzygiderli işe girizilmegi hem-de üstünlikli hereket edýändigi ykdysadyýetiň netijeli işlemegi üçin zerur bolan şertleri döredýär. Ýurdumyz gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň amala aşyrýan maliýe syýasatynyň baş wezipeleriniň biri milli maliýe ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam berýän ugurlarda oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Işleri täzeçe guramak döwrüň möhüm talaby

Ulag pudagy dünýäde globallaşma hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendirýän ýagdaýlaryň biri bolup, durnukly ösüşi üpjün etmegiň häzirki tapgyrynda sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrülýär. Her bir döwlet özüniň geografiki taýdan amatly ýerleşişiniň we mümkinçilikleriniň hasabyna milli derejede ösüşi üpjün etmekde geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Ýurdumyz Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halkara ulag ulgamynyň ornuny işjeňleşdirmek döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulyşmagy arkaly ykdysady ösüşi höweslendirmäge, olaryň arasyndaky ösüş derejesindäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Bu babatda ýurdumyz Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça «Lapis Lazuli» ulag geçelgesini, Demirgazyk — Günorta we Hazar deňzi — Gara deňiz multimodal ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan agzalan ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýokarlandyryp, söwda-ykdysady mümkinçilikleri doly derejede durmuşa geçirmeklige bütindünýä ähmiýetli mesele hökmünde garaýar.

Ykdysady ösüşiň esasy ugry

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda şu ýyl üçin Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli ugurda döwlet ähmiýetli birnäçe maksatnamalary tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekildi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ugurda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak işi hem üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysady ösüşiň esasy ugry bolan sanly ulgamyň ýurdumyzda önümçilige giňden ornaşdyrylmagy halk hojalygynyň pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda degişli ugurda alnyp barylýan özgertmeler milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda durmuşa geçirilýär.

Özyg­ty­ýar­ly­ly­gyň buý­sanç­ly ga­dam­la­ry

Ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­myz ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak aja­ýyp gym­mat­lyk­dyr. Döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des­lik de­re­je­si­ne gö­te­ri­len bu be­ýik gym­mat­ly­gy mi­ze­mez­li­giň, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň we bag­ty­ýar­ly­gy­nyň göz­ba­şy­dyr. Hal­ky­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gyn­da ― mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyn­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň er­kin, pa­ra­hat, aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­mak ba­ra­da­ky süý­ji ar­zuw­la­ry, be­lent mak­sat­la­ry, eziz Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly taryhy, şu gü­ni hem-de be­ýik gel­je­gi jem­le­nen­dir. Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň yg­lan edi­le­ni­ne şu ýyl te­ge­lek 30 ýyl bol­ýar. Bu ta­ryh üçin on­çak­ly uzak bol­ma­dyk möh­let bol­sa-da, türk­men hal­ky üçin ägirt uly öz­ge­riş­likle­riň, öz­gert­me­le­riň, röw­şen gel­je­gi gur­ma­ga gö­nük­di­ri­len aja­ýyp baş­lan­gyç­la­ryň, ag­zy­bir hal­kyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň gül­läp ösen döw­rü­dir. Ge­çen bu gys­ga döw­rüň için­de ýur­du­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler bol­sa sa­nar­dan kän­dir. Häzirki bagtyýarlyk döwrü­mizde türk­men döw­le­ti­niň şan-şöh­ra­ty dün­ýä ýa­ýy­lyp, hal­ky­my­zyň mer­te­be­si has-da be­len­de gö­te­ril­ýär. «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li ýö­red­ýän döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä ýurt­la­ry bi­len ýo­la goý­ýan hyz­mat­daş­ly­gy hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si­niň göz­ba­şyn­da bol­sa Gah­ry­man Ar­ka­

Ar­ka­dag gur­dur­dy kuw­wat­ly des­ga

Şu ýy­lyň 15-nji ýan­wa­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Ma­laý» gaz kä­nin­de bo­lup, bu ýer­de gur­lan gaz gy­sy­jy des­ga­nyň işi­ne ak pa­ta ber­di. Bu ta­ry­hy wa­ka my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra gat­naş­mak ma­ňa-da mi­ýes­ser et­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz da­ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da tä­ze gu­rul­ýan des­ga­lar­da eko­lo­gik howp­suz­ly­gyň ta­lap­la­ry­nyň berk ber­jaý edil­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Kuw­wat­ly des­ga­nyň bu ba­bat­da­ky ka­da­la­ra do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da des­ga­da zäh­met çek­ýän­ler üçin amat­ly iş we dur­muş şert­le­ri­niň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­mek ýa­kym­ly­dyr. Kuw­wat­ly des­ga­nyň kä­mil komp­ýu­ter­le­riň we aw­to­ma­ti­ki en­jam­la­ryň üs­ti bi­len do­lan­dy­ryl­ma­gy bol­sa iş­le­mek üçin goş­ma­ça amat­ly­lyk­la­ry dö­red­ýär. Te­bi­gy gaz ýur­du­my­zyň uly baý­ly­gy bo­lup, ol ösüş­le­re, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ila­tyň ýa­şaý­şy­ny aba­dan­çy­ly­ga bes­le­mä­ge hyz­mat ed­ýär. Ma­laý­dan türk­men ga­zy­nyň alys­da­ky Hy­taý döw­le­ti­ne bök­denç­siz ak­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da­ky äh­mi­ýet­li işe dür­li hü­när­li iş­gär­le­ri­miz ru­hu­be­lent­lik bi­len gat­naş­ýar­lar. Olar kuw­wat­ly des­ga­da iş­le­riň saz­la­şyk­ly git­me­gi­ni, «ma­wy ýan­gy­jyň» aky­my­nyň üz­nük­siz bol­ma­gy­ny ga­zan­mak ug­run­da t

Maksadalaýyk işler ýola goýulýar

Şu gün­ler kär­ha­na­myz­da ge­çen ýylyň dowamynda ýyg­na­lan pag­ta ha­sy­ly gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär. Kär­ha­na­nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky pag­ta ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri işiň bök­denç­siz al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny ga­zan­ýar­lar. Pag­ta ha­sy­ly gaý­ta­dan iş­le­ni­le­nin­den soň on­dan alyn­ýan önüm­ler ýur­du­my­zyň dür­li kär­ha­na­la­ry­na ibe­ril­ýär. Ol önüm­le­riň esa­sy bö­le­gi­ni pag­ta sü­ýü­mi tut­ýar. Onuň ýo­ka­ry hil­li bol­ma­gy, ka­bul edi­len ka­da­la­ra la­ýyk gel­me­gi bu önü­me bo­lan is­le­giň ýo­ka­ry bol­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Kär­ha­na­myz­da ön­dü­ri­len pag­ta sü­ýü­mi­ne di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, da­şa­ry ýurt­lar­da hem uly is­leg bil­di­ril­ýän­di­gi bi­zi gu­wan­dyr­ýar. Çün­ki biz se­na­gat taý­dan gaý­ta­dan iş­le­nilen çig ma­lyň hi­li­niň önüm­le­riň hi­li­ne-de gö­nü­den-gö­ni tä­sir ed­ýän­di­gi­ne go­wy dü­şün­ýä­ris. Kär­ha­na­myz­da pag­ta ha­sy­ly gaý­ta­dan iş­le­ni­lip alyn­ýan önüm­le­riň ýe­ne-de bi­ri go­wa­ça çi­gi­di­dir. Biz et­ra­by­my­zyň daý­han bir­le­şik­le­ri­ni ýo­ka­ry hil­li to­hum bi­len üp­jün ed­ýä­ris. Ýag­ny to­hum­lyk go­wa­ça ekil­jek daý­han bir­le­şik­le­ri bi­len ir­gö­zin­den de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ze­rur bo­lan to­hum­lyk çi­git taý­ýar­la­ny­lan­dan soň hü­när­men­le­ri­miz ola­ryň gö­ge­ri­şe ukyp­ly ýag­daý­da sak­la­nyl­ma­gy üçin ala­da­lan­ýar­lar. Ç

«Ker­ki-500» — döw­re­bap elekt­rik bekedi

Şu ýy­lyň ba­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aki­na — And­hoý men­zil­le­ri­niň ara­syn­da­ky 30 ki­lo­metr­lik de­mir ýo­luň, Ker­ki — Şi­bir­gan ug­ry bo­ýun­ça güý­je­nme­si 500 ki­lo­wolt bo­lan 153 ki­lo­metr­lik elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň, şeý­le hem Ymam­na­zar — Aki­na hem-de Ser­heta­bat — Tur­gun­dy op­ti­ki-sü­ýüm­li hal­ka­ra ul­ga­myň açy­ly­şy­na ak pa­ta ber­di. Şeý­le des­ga­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi Ow­ga­nys­ta­nyň se­na­gat we dur­muş-üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň di­kel­dil­me­gi­ne, ýur­duň yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi be­rer. Ýur­du­myz­da elekt­rik to­gu­ny art­dyr­mak ba­ra­da uly we­zi­pe­ler öň­de go­ýul­ýar we ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ba­bat­da goň­şy Ow­ga­nys­tan döw­le­ti­ne ibe­ril­ýän kö­mek — elekt­rik to­gy uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Öň ow­gan hal­ky­na 110 ki­lo­wolt­lyk ge­çi­ri­ji ar­ka­ly elekt­rik ener­gi­ýa­sy ibe­ril­ýär­di. Hä­zir­ki wagt­da tä­ze ul­ga­myň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len kuw­wat­ly­ly­gy ba­bat­da se­bit­de ýe­ke-täk ha­sap­la­nyl­ýan «Ker­ki-500» elekt­rik be­ke­di Ow­ga­nys­ta­na 220 ki­lo­wolt­lyk elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ber­ýär.

Depginli ösüşler we döwrebap çözgütler

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýýan strategik wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşi üpjün etmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralandyrylyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän ýylynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ygtybarly maliýe-bank ulgamyny döretmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi netijesinde Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem öz işjeňligini «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrýar we bu ugurda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Milli ykdysadyýetde täze strategiýa

12-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň jemlerine hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa» hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de innowasion ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen çäreler häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän maliýe çökgünliginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almakda oňyn netijeleri berdi. Şu ýylyň ýanwar aýynyň netijelerine görä, jemi içerki önümiň 5,9 göterim artandygy hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. BAE-den, Şotlandiýadan, Owganystandan, Singapurdan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 belgili awtoulag benzinini, suwuklandyrylan gazy hem-de tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz reňklenen we tüýjümek žakkard önümlerini, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 110 million 672 müň dollaryndan gowrak boldy.

Toýa ýaraýan ak pagta

«Pylanam toýuny çaltlaşdyrypdyr, pagtasyn-a geçirip gaýdypdyrlar» diýen süýji habar köplere tanyşdyr. Iki tarap ylalaşyp, sähet bellenensoň, Lebap sebitlerindäki toý hysyrdylary gyz tarapyndan tikiljek ýorgandyr düşekçeler üçin bir top pamyk eltip gaýtmakdan başlanýar. Ony guda ýere öýlenjek ýigidiň dostlarynyň ýa jigileriniň biri eltip gaýdar. Baý, özem ýeňil gopýandyr-ow şol ýigdekçe. Ýakynda dosty (ýa agasy) öýlenjek ýigit-dä! Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherçesindäki pagta arassalaýjy kärhanada bolanymda, şol süýji duýgular ýene bir ýola serime doldy. Asyl, biz obamyzda atlandyrylyşy ýaly, «toý pagtalarynyň» taýýarlanylýan ýerine gelen ekenig-ä! Kärhananyň, takmynan, 100 metre dagy uzaýan iş zynjyrynyň bir çetinden girýän pagtalar beýleki çetine «toý pagtasy» bolup çykyp dur. Aňyrsy 10 — 15 minutdan hem bir top (200 — 225 kilogram çemesi) pagta taýýar.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzyň ýataklaryndan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri netijeli zähmet çekýärler. Olar burawlanan hem-de burawlaýyş işleri dowam edýän guýularda Ýeriň geofiziki gatlaklaryny anyk öwrenmek, takyklanan önümli çuňluklarda zerur bolan halatynda partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly möhüm işleri ýerine ýetirýärler. Her biri anyk kesgitlemeleri talap edýän bu derwaýys işlerde müdirligiň Balkanabatdaky barlamhanalaryndan, Arkadag Prezidentimiziň hemaýat-goldawy esasynda daşary ýurtlardan satyn alnyp, iň kämil awtoulaglarda ýerleşdirilen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Nebitgaz toplumynyň häzirki zaman enjamlarydyr tehnologiýalary bilen ýeterlik derejede üpjün edilen müdirligiň ekspedisiýalarynda we ýörite gulluklarynda bitirilýän işler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Kärhanada oňat görkezijilere eýe bolunýar. Şu ýylyň geçen döwründe kärhananyň önümçilik düzümleri boýunça jemi 7 million manatlyga golaý işler özleşdirilip, meýilnama 122 göterim ýerine ýetirildi.