"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ýeňil awtoulaglara sürüjileri işe çagyrýarys!

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň "Lebapawtoulag" önümçilik birleşigi ýeňil awtoulaglarda sürüji bolup işlemäge isleg bildirýän “A,B” sürüjilik derejesi bar bolan raýatlary aşakdaky günlerde söhbetdeşlige kabul edýär: Duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe, anna günleri 9:00-dan 17:00-a çenli

Üns beriň: terjime bäsleşigi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi «Maru — şahu jahan» welaýat gazeti hem-de «Miras» hojalyk jemgyýetiniň «Miras» okuw merkezi bilen bilelikde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýylda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda «Ýaş terjimeçiniň ussatlygy» atly bäsleşigi yglan edýär. BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY

Bildiriş

Türkmenistanyň Mejlisiniň «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» 2022-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky 517-VI belgili hem-de Daşoguz welaýat häkiminiň 19.11.2022-nji ýyldaky 412 belgili, Şabat etrap häkiminiň 22.11.2022-nji ýyldaky 1129 belgili kararlaryna laýyklykda, Şabat (öňki S.A.Nyýazow adyndaky) etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň ýapylýandygy habar berilýär. * * *

Bal­kan we­la­ýa­ty bo­ýun­ça «Bal­kan­te­le­kom» WE­AK-nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky ra­dio we te­le­ýaý­ra­dy­jy bö­lüm­le­rin­de tä­ze gur­na­lan we ýaý­ly­ma ber­len FM ra­dio­ýaý­ra­dy­jy en­jam­la­ry­nyň iş­leý­şi ba­ra­da MAG­LU­MAT

Hormatly talyplar we ene-atalar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär. «Talyp karzy» Türkmenistanyň raýaty bolan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça berilýär.

Üns beriň, döredijilik bäsleşigi!

«Zenan kalby»  žurnalynyň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde 8-nji mart—Halkara zenanlar güni mynasybetli ýaş žurnalist gyzlaryň arasynda «Ýaşlyk joşguny» atly döredijilik bäsleşigini hem-de şygryýet agşamyny geçirýär. Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän we ýokary okuw mekdeplerinde žurnalist hünäri boýunça bilim alýan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Üns beriň bäsleşik!

«ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR — WATANYŇ DAÝANJY, HALKYŇ ВUÝSANJY» şygar bilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli «Türkmennebit» döwlet konserni, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazeti Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda ýurdumyzyň ösüşleri, özgerişleri, nebitgaz toplumynda ýetilýän täze sepgitler barada hem-de ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak, Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda ýazylan iň gowy makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgulardyr hekaýalaryň bäsleşigini yglan edýär. BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY

Üns be­riň, bäs­le­şik!

Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi, «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň ma­ka­la­la­ry­nyň, he­ka­ýa­la­ry­nyň we goş­gu­la­ry­nyň iň go­wu­la­ry­ny çap et­me­gi na­zar­da tu­tup, «Ylym-bi­lim — bag­ty­ýar ýaş­la­ryň röw­şen gel­je­gi» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­ni yg­lan ed­ýär­ler. BÄS­LE­ŞI­GIŇ DÜZ­GÜN­NA­MA­SY

«ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR» ATLY 2023-NJI ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ DÜZGÜNNAMASY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly 2023-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys

1. 2023—2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby-deňiz institutda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlaryny giriş synaglarynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edýändigini habar berýär. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar. 2. Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamasynyň çäklerinde, matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde kabul edilýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrýarys

1. 2023—2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlanda, 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn Türkmenistanyň raýatlaryny giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpa çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlaryny hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys!

1. 2023 — 2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby-deňiz institutda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlaryny giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edýändigini habar berýär. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar. 2. Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň çäklerinde, matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde kabul edilýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrýarys!

1. 2023 — 2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi okamaga isleg bildiren, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlanda 14 — 15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn Türkmenistanyň raýatlaryny giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlary hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

Bildiriş

Türkmenistanyň Mejlisiniň «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» 2022-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky 517-VI belgili kararyna, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 30.11.2022-nji ýyldaky №286/3ö buýrugyna laýyklykda S.A.Nyýazow adyndaky etrap medeniýet merkeziniň adynyň Şabat etrap medeniýet merkezi, S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň Şabat etrabynyň çagalar sungat mekdebi, S.A.Nyýazow adyndaky etrap merkezi kitaphanasynyň Şabat etrap merkezi kitaphanasy, S.Rozmetow adyndaky geňeşlikdäki «Zähmete şöhrat» muzeýiniň Sadulla Rozmetow adyndaky şäherçesiniň «Zähmete şöhrat» muzeýi diýlip atlandyrylýandygy habar berilýär. * * *

Hormatly işewürler!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky sizi hasaplaryňyzy döwrebap we ýönekeý usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Menzilara bank hyzmaty» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar. Bu hyzmat ulgamy size ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly tölegleriňizi geçirmäge, hasaplaryňyzyň galyndysyny barlamaga we olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň we depozitleriň töleg tertibini hem görmäge mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, siz özbaşdak karz serişdelerine gözegçilik edip, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşyp hem-de dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirip bilersiňiz.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

«Türkmenulaggözegçilik» resmi saýtyny üýtgetdi

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy resmi saýtynyň domenini tugdk.gov.tm edip üýtgetdi. Ozal resmi çeşme ulaggozegchilik.gov.tm domeninde ýerleşdirilýärdi. Ýatlatsak, «Türkmenulaggözegçilik» kärhanasy 1994-nji ýylyň fewralynda döredilipdi. Kompaniýa Türkmenistanyň halkara ulag geçelgelerini netijeli peýdalanmak, üstaşyr we eksport-import ýüklerini ýükleri iberijiden ýükleri kabul edijä ulagyň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini ulanmak arkaly daşamak üçin logistika çözgütlerini işläp düzýär hem-de dolandyrýar.

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň işjeň agzalarynyň arasynda «Päk zähmetiň zamanasy» atly yglan edilýän döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY Bäsleşigiň maksady:

“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak üçin aşakdaky lot boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-026 belgili açyk halkara tender yglan edýär: Lot №1 – Teplowozlar üçin himiki reagentler, boýaglar we çalgy ýaglar

"Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi" açyk paýdarlar jemgyýeti size aýratyn ýeňillikli nyrhlary hödürleýär

"Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi" Türkmenbaşy portundan Poti we Türkmenbaşy portundan Mersine konteýner gatnawy üçin fewral aýynyň soňuna çenli dowam edýän ýeňillikli nyrhnamalary hödürleýär. Bu nyrhnama diňe 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli elýeterlidir!