Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde tebigatyň waspy
Halkymyzyň asyrlarboýy ene topraga söýgüsi tebigat bilen sazlaşykly ömür sürmäge ruhlandyryjy güýç bolup gelipdir. Şonuň üçinem, söz ussatlarymyz tebigaty gözel baga, adamyň kalp mährini topraga, ýürek söýgüsini bolsa teşneligi gandyrýan suwa meňzedipdirler. Tebigatymyzyň owadanlygyny, gözelligini wasp etmedik şahyr ýok bolsa gerek. Tebigatyň mizemez owadanlygyny ýürege barýan şirin sözleri bilen şahyrana wasp eden şahyrlarymyzyň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Magtymguly Pyragy türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny, onuň syrlaryny öz goşgularynda çeper beýan etmegi başaran, gaýtalanmajak türkmen tebigatynyň waspyny dünýä ýaýan söz ussadydyr. Şeýle-de, türkmen halkynyň beýik akyldar şahyrynyň filosofiýasy ynsanperwerlige, şol sanda, ekologiki ynsanperwerlige esaslanyp, adamda Watana bolan söýgini, tebigata we onuň baýlyklaryna aýawly garamagy hem-de geljekki nesiller üçin aýap saklamak duýgularyny döredýär. Magtymgulynyň filosofiýasynda adam bilen tebigatyň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna, onda ekologiki medeniýetiň kemala gelmek meselelerine uly orun berilýär. Şahyryň döredijiliginde mähriban ülkämiziň tebigaty aýratyn orun tutýar, ol akyldaryň adamyň durmuşy baradaky filosofiki pikir ýöredişinde jemgyýet bilen tebigata salgylanýar. Magtymgulynyň eserlerinde tebigat gaýtalanmajak gözellik bilen sazlaşykly şekillendirilýär hem-de daşky tebigatdan alnan janly keşpler