"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Döwlet dolandyryş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär

11-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwlet dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Hökümetiň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesini girizmek, ony Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyna hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy.

Belent sepgitleri nazarlap

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz ýakynda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen iş maslahatlarynyň geçirilendigini aýtdy. Şol maslahatlarda geçen ýylda edilen işleriň netijeleri düýpli we jikme-jik seljerildi hem-de ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça guramaçylyk çäreleri bellenildi.

Demokratik ýörelgelere daýanyp

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar özüniň milli demokratik köklerini ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelerden alyp gaýdýar hem-de döwrebap talaplara laýyklykda üstünlikli dowam etdirilýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka, ýagny, Milli parlamentimiziň iki palataly ulgama geçilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri ählumumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere laýyklykda ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, halkara kadalaryna laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek, saýlaw toparlarynyň, welaýat hem-de Aşgabat şäher Halk Maslahatlarynyň möhüm wezipeleri bolup durýar.

Arkadaga alkyşlar sena bolup ýaňlandy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly hem öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän her bir döwletli tutum halkyň ykbalyna, ýurduň mertebe beýikligine düýpli täsiri bilen has gymmatly mana eýe bolýar. Ol häzirki wagtda daş-töweregimizi gurşap alan döwrebap özgertmeleriň, hil taýdan täze ösüşleriň, bagtyýar ýaşaýyş gurşawynyň emele gelendiginiň, adamlaryň syýasy işjeňliginiň ýokarlanýandygynyň mysalynda has aýdyň duýulýar. Bu hakykat telwasly köňülleriň her birinde halal zähmet çekmek, döretmek, gurmak ýaly maksatly işleriň ynamyny berkidýär. Häzirki wagtda mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň töweregine jebisleşip, özgertmeler eýýamynyň «Türkmenistan  —  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny dabaralandyrmak, beýik işlere beslemek maksadynda ynamly öňe barýar. Şeýle belent ynam welaýatymyzyň zähmetkeş halkyna mahsuslygy bilen hem tapawutlanýar. Bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan ildeşlerimiz her ädimde, her pursatda şeýle döwranly döwri peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza çyn ýürekden joşup çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.

Rahat ertirimiziň şuglasy

Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllary jemgyýetimizde rowaçlanýan öňegidişliklere, taryhy wakalara mynasyp atlar bilen gelýär. Döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda üstümizdäki ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň sebitde we bütin dünýäde parahatçylyk söýüjilikli, birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýörelgelerini äşgär edýär. Bu ýörelge Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürilmeginiň ugrudyr. 2021-nji ýylyň ilkinji aýlarynda gazanylýan üstünlikler Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram ediljek ýylynyň dabaralanjakdygyna güwä geçýär. TAP-nyň etrap komitetiniň işgärleri işjeň agzalarymyzyň kömek-goldawyna daýanyp, şanly ýylymyzda etrabymyz boýunça oba hojalyk ekinlerinden bol hasylyň alynmagyna gönükdirilen işlere ýakyndan ýardam berýärler. Ýaz ekişiniň golaý gelýän günlerinde daýhanlaryň aladasy artýar. Şonuň üçinem biz daýhanlary öňde durýan möhüm wezipelere jemlemek maksady bilen wagyz-nesihat işlerini geçirýäris. Öňdebaryjy kärendeçileriň höweslendirilmegem işleriň öňe gitmegine ýardam edýär.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Allanur Nurgeldiýewiç Altyýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Meredow Myratgeldi Resulowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Baýrammyrat Ýaýlymowiç Atamanow Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Parahat Orazmuhamedowiç Orazow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pug

Durnukly ösüşiň ugry bilen

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ata Watanymyz köpugurly halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we berkidilmegine giň ýol açýar. Sebit we goňşy ýurtlaryň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmakda ýeterli tejribe toplan Türkmenistan indi has alysdaky döwletler bilen hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýylyň-ýylyna barha ösdürýär. Dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bu ugurda bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagy-da hoşniýetli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we giňeldilmegine şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksada okgunly we üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň senagatynyň ösdürilmegine-de özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň güýçlenmegine, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň ýola goýulmagyna giň şert döredýär. Sanlyja ýylyň içinde dünýä bazarynda geçginli we ýokary hilli önümleri bilen ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanadan Türkmenistanda bu depgini gowşatmazlyk maksady bilen uzakmöhletleýin maksatnamalaryň kabul edilmegi we meýilnamalaryň işlenilip taýýarlanylmagy aýratyn bellärliklidir. Muňa mysal edip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 ― 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 ― 2030-njy

Aşgabat — gözelligiň ajaýyp nusgasy

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanylan gününden başlap, ýurdumyzy düýpli özgertmek, döwrebaplaşdyrmak we oňyn özgertmeleri amala aşyrmak baradaky giň möçberli maksatnamalary öňe sürdi, şol ugur ýurdumyzyň çar künjüni gurşap almak bilen, häzirki wagtda özüniň ajaýyp miwelerini berýär, bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýynyň we şan-şöhratynyň artmagyna giň ýol açýar. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda düýpli özgerişlikleri durmuşa geçirmek bilen, gurluşyk boýunça möhüm ähmiýetli taslamalaryň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilişini, binagärlik çözgüdiniň berjaý edilişini üns merkezinde saklaýar. Şöhratly taryhymyzdan belli bolşy ýaly, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň, gözel paýtagtymyz bolsa ýurdumyzyň ýüregi hasaplanylýar.

Eziz Diýarymyzyň durmuşyndaky şanly sene

Şu gün — türkmen döwletiniň we halkynyň durmuşynda şanly sene. Ol ýurdumyzyň täze taryhynda aýratyn orun eýeleýär: bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanlygyna saýlanan günüdir. 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda halkymyz möhüm çözgüt kabul edip hem-de konstitusion hukugyndan peýdalanyp, öz erk-islegini beýan etmek bilen, döwlet Baştutanyny saýlady. 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda bolsa biz geljegimiziň öňünde jogapkärçilik bilen şol saýlawa wepalydygymyzy tassyklamak bilen, öz seslerimizi milli Liderimize berdik hem-de geljek 7 ýyla Prezidentiň wezipesini uly hormat bilen ynandyk.

Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna

12-nji fewral ýurdumyzyň täze taryhynda möhüm şanly senedir. Sebäbi 2012-nji we 2017-nji ýyllaryň hut şu gününde Watanymyzyň iň täze taryhynyň baş ugry kesgitlenipdi we bu ugruň geljekde-de misilsiz dowam etdiriljekdigi aýdylypdy. Bu halkymyzyň göwnünden turdy we ony beýik işlere ruhlandyrdy. Bu möhüm işleriň başy bolsa 2007-nji ýylyň fewral aýynda türkmen halkynyň ilkinji gezek täze durmuş ugrunda ses bermegi bilen badalga aldy. Şol gün türkmenistanlylar tiz wagtda ýurdumyzy dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna çykaran ägirt uly özgertmeler üçin hem ses berdi. Şol döwürde Türkmenistanyň geljegi üçin örän jogapkärli hem-de möhüm çözgüt kabul edildi. Şol gün ýurdumyzyň Prezidentligine geçirilen saýlaw möwsüminiň barşynda we onuň jemlerinde jemgyýetimiziň mizemez bitewüligi, milli Liderimiziň ähli başlangyçlarynyň belent ynama we gyzgyn goldawa eýe bolmagy, mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, beýik maksatlara ýetmäge taýýarlyk hyjuwy öz beýanyny tapdy. Şu günki senä gabat gelýän uly ähmiýetli waka Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna nazar aýlamaga, onuň şöhratly gazananlaryna we ýeten belent sepgitlerine şaýat bolmaga, ählihalk tarapyndan saýlanylan parasatly syýasatçy hem-de gujur-gaýratly täzeçil Lider, uzakdan görüji syýasy işgär hem-de zehinli alym, meşhur döwlet işgäri we diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala

Toplumlaýyn işleriň netijeleri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda has-da aýdyňlaşdyrylýar

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanyljak ýylynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar barha giň gerime eýe bolýar. Milli Liderimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň, umumadamzat bähbitli tagallalarynyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetli ornuna hepdäniň möhüm wakalary aýdyň şaýatlyk edýär. Bilşimiz ýaly, 7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz käbir Hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olary ösdürmegiň geljekki wezipeleri kesgitlendi.

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Aganepes OMAROW,Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap kazyýetiniň kazysy: — Ýakynda hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşmagynyň barşynda, harby gullukçylar we işgärler üçin lybaslaryň täze nusgalarynyň görkezilmegi biz, Watan goragçylary üçin aýratyn buýsandyryjy waka boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkymyzyň her bir wekiliniň, şol sanda merdana Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede bolmagy babatda edýän tagallalarynyň aýdyň netijesidir.

Parahatlyk mekanynda ýaý ganatyň, ak kepderi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu günki günde bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkarar etmekde, durnukly ösüşi gazanmakda milletler bileleşiginiň tagallalaryny goldaýan, beýik maksatlara gönükdirilen syýasaty alyp barýan döwlet hökmünde giňden ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat ähmiýetli başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Bularyň hemmesi türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, ynsanperwerlik we dost-doganlyk ýörelgeleriniň gyzgyn goldanylýandygyna esas bolup durýar. Biz eziz Arkadagymyzyň ruhy dünýämize älemgoşar ýalkymyny çaýýan parahatçylyk taglymatyny içgin öwrenmek bilen, döwletde we dünýäde iň gymmatly hazynanyň adamdygyna, onuň parahat durmuşydygyna anygy bilen göz ýetirýäris. Adama gowulyklara öýkünmäge, päklige daýanmaga we ýagşylyklara bil baglamaga ymtylmak mahsusdyr. Gowulyklar diýlende bolsa, ilki bilen, parahatçylyk göz öňüňe gelýär. 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşy aldyk. Biziň ata Watanymyz dünýä jemgyýetçiliginde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde häzirki zaman ösüşi diňe işjeň halkara ylalaşdyryjylyk ugry bilen häsiýetlendirilýär. Muny

Arkadagyň ösüş ýoly bilen

Türkmenistanda döwletiň esasy wezipeleri saýlawlaryň üsti bilen eýelenýär, döwlet ähmiýetli wajyp işleriň ählisi halk bilen maslahatlaşyp amala aşyrylýar. Demokratiýa ýörelgeleri esasynda guralýan saýlawlar halk häkimiýetiniň möhüm aňlatmasy hem-de esasy düzüm bölegi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň halkyň uly ynamyna mynasyp bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen, milli ösüş ýolunyň täze tapgyry başlandy. Bu beýik ynam milli Liderimiziň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanlygyna saýlanan gününden bäri ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler maksatnamasynyň oňyn netijeleri berýändiginiň nurana şuglasydyr.

Bagtyýarlyk döwrüniň çyragy

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, durnukly ösüşiň beýik geljegini nazarlaýan milli ykdysadyýetimizde uly özgerişler bolup geçdi. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Dünýä döwletleri bilen dostana gatnaşyklar ýokary derejä çykaryldy. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli, ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge giň mümkinçilikler döredi. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy mizemez erkinlige, ruhy hem-de maddy gymmatlyklara eýe edip, ýurdumyzy halkara giňişliginde ykdysady taýdan örän tiz ösýän döwlet hökmünde ykrar etdi. Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly eýýamynda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän döwrebap başlangyçlary esasynda gazanylýan ýokary netijeler ýurdumyzyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny zer setirleri bilen bezeýär. Eziz Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerimiziň ruhlandyryjysy hem-de ýolgörkezijisi bolan milli Liderimize buýsanç duýgulary ildeşlerimiziň diliniň senasyna, köňlüniň owazyna öwrülýär.

Watana söýginiň belent ykrary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli, belent maksatly işleri üstünlikli amala aşyryp, bagtymyzyň gözbaşy bolan Garaşsyzlygymyza guwanjyny, Watanymyza we halkymyza söýgüsini dabaralandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşini, halkymyzyň durmuş abadançylygyny hem-de bagtyýarlygyny üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen işler milli Liderimiz bilen halkymyzy jebisleşdirýär. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, Bitaraplygyny alyp bagta ýeten halkymyz Gahryman Arkadagymyza çuňňur hormat, belent sarpa goýýar, milli Liderimiziň durnukly ösüşe gönükdirilen, öňde goýýan wezipelerini amala aşyrmak üçin yhlasyny, ukyp-başarnygyny bagyş edip, tutanýerli zähmet çekýär. Bu zähmet joşguny hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişinde yzygiderli dabaralanýar. Ýurt abadançylygynda, döwlet berkararlygynda, il agzybirliginde beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly baýram ediljek ýylynda bu zähmet we bagtyýarlyk mukamy has-da belent ýaňlanýar.

Türkmeniň goşa ganaty

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly! Ýylyň adyny hormatly Arkadagymyz çuňňur pelsepä besleýär. Parahatçylyk bar ýerinde gatnaşyklar, medeniýet, edebiýat, sungat hem-de halk hojalygynyň ähli pudaklary gülläp ösýär. Ynanyşmak bar ýerinde halklaryň dost-doganlygy berkeýär, dürli ugurlarda gatnaşyklar jebisleşýär. Bu bolsa diňe bir ýa iki ýurduň bähbidine däl, dünýäniň parahat ýol bilen ösmegine täsir edýär. Üns berip görsek, şu ýylyň nyşany hem many-mazmuny taýdan uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz türkmen döwletini ganat ýaýýan laçyna meňzedip, onuň bir ganatynyň Garaşsyzlykdygyny, beýleki ganatynyň Bitaraplykdygyny aýdanda, jüpüne düşen bu meňzetmäniň düýbünde uly many bardygyny duýduk. Şunda ýylyň nyşanynyň türkmeniň tebigatyndan we milli häsiýetinden gelip çykandygyna göz ýetirdik. Biz bu nyşandaky şekilleri özümizçe beýan etmegi makul bildik. Uçup barýan laçyn guşy, göýä, Ýer togalagyny öz ganatlarynda göterip, Älem giňişliginde aýlanyp ýören ýaly duýgy döredýär. Onuň bir ganaty gök. Gök reňk arşy keramatlara ýol, halatlylyk, tükeniksizlik, älemiň reňki we bakylyk. Gök ganat — ýurdumyzyň baky Bitaraplygy. Ýaşyl reňk — ýaşaýyş, dowamat, düýnden şu güne, şu günden ertire barýan badalgaly ýol. Ýaşyl reňk ösüşi we miwe bermegi aňladýar. Ol Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we Tugrasynyň beslenen reňki. Ýaşyl reňk — ata-babalarymyzyň ruhy siňip, nes

Milli Liderimiziň başlangyçlary rowaçlanýar

1. Dünýäde — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly «Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!». Dörediji Liderimiziň baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli peşgeş beren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda beýan edilýän pikir-garaýyşlaryň özen-örküni düzýän şu jümleleriň manysy hakda oýlananyňda, 25 ýaşy arka atan türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk döretmekde toplan tejribesi, Bitaraplygy ganat edinip, dünýä syýasatynyň işjeň gatnaşyjysyna öwrülen ýurdumyzyň daşary syýasatda ýeten menzilleri, yzygiderli hem maksada gönükdirilen halkara başlangyçlary... birin-birin göz öňüňde janlanýar. Geçen ýylda daşary syýasatymyzyň binýatlaýyn esasy bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk ýubileý senesi mynasyp derejede bellenildi. 2021-nji ýyl bolsa türkmen diplomatiýasynyň öňünde ýene bir täze sepgidi — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünlikli geçirmek ýaly belent wezipäni goýýar.

Garaşsyzlyk — buýsanjymyz

Eziz Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine badalga aldy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky syýasy we ykdysady galkynyşlary, medeni we durmuş özgertmeleri halkymyzyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrdy, döwletimiziň kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny has-da pugtalandyrdy» diýip, uly buýsanç bilen aýdan sözleri bu günki gün durmuş hakykatyna öwrülýär. Garaşsyzlyk baýramy parahatçylygyň we abadançylygyň, agzybirligiň we jebisligiň baýramydyr. Mähriban Diýarymyzyň özbaşdaklygy, özygtyýarlylygy barada pikir ýöredeniňde, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýörelgeleriniň pugtalanmagynda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda, döwletimiziň özygtyýarly döwlet hökmünde dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda bimöçber işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellemek guwandyryjydyr. Eziz Arkadagymyz döwletimiziň Garaşsyzlygynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtamak bilen, «Garaşsyzlyk» diýen mukaddes hem-de çuň mazmunly düşünjäniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny: «Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin, özygtyýar

Watana şan beren Arkadag!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün tutuş dünýä ýüzünde ykdysady kuwwatly, belent şan-şöhratly döwlet hökmünde giňden rowaçlanýar. Halkymyzyň ebedi adyny, baky şöhratyny, synmaz mertebesini dünýä ýaýmak, bäş müň ýyllyk taryhynyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, goňşuçylyk ýaly ýörelgeleriniň has-da rowaçlanmagyna ýardam etmek boýunça beýik işler bolsa hormatly Prezidentimiziň ýiti paýhasynyň, zehininiň, umman deý parasadynyň esasynda amala aşýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni öz halkyna peşgeş bermek bilen, döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda örän gysga döwrüň içinde asyrlara barabar işleri amala aşyrýan we täze maksatly tutumlar bilen bagtyýar geljegi gurýan Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz bilen jebisligi ösüşiň täze belentliklerine barýan nurana ýolda parlak güneş deýin ýalkym saçýar. Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýen köňül maksadyny doly durmuşa geçirýär. Munuň şeýledigi geçen gysga döwrüň içinde döwletimiziň halkara derejesindäki abraýynyň has-da pugtalanandygynyň, jemgyýetimiziň dünýä derejeli ösüş sepgidini eýeländiginiň mysallarynda hem aýdyň görünýär.