"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Parla, Baýdagym!

Buýsanç bilen edýäris biz tarypyň,Parla, ýaşyl Tugum, parla, Baýdagym! Seniň bilen bagly Watan taryhy, Parla, ýaşyl Tugum, parla, Baýdagym! Milli nyşanlaryň biri Baýdagym, Başyma täç edip, bagtym saýdygym, Barýar ilim saýlap ýoluň aýdyňyn, Parla, ýaşyl Tugum, parla, Baýdagym!

Şygryýet älemi

Arkadagyň paýhasy Durşuň bilen meňzeş aýdym-mukama,Arkadagyň paýhasy sen, Aşgabat!Sen görk berýäň bu mukaddes mekana,Ylhamlaryň ýaýlasy sen, Aşgabat!

Gözelligiň nusgasy

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti welaýat kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde dünýäde nusgalyk şähere öwrülen gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli «Aşgabat gözelligiň nusgasydyr» diýen at bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Ýerli şahyrlar bilen geçirilen bu duşuşyga Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň hem-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çärede çykyş eden döredijilik işgärleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan ajaýyp binalary bilen görenleri haýrana goýýan gözel Aşgabadyň taryhy, şu güni, geljegi, türkmen paýtagtynyň dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, owadan şäherleriň biridigi barada buýsanç bilen nygtadylar. Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilen gözel paýtagtymyz baradaky goşgularyny okadylar, halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwlet ähmiýetli, halk bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Merjen şäher Aşgabat

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygy hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygy uly dabaralara beslenýär. Ajaýyp günlerimiz ata Watanymyzyň durmuşynda alnyp barylýan beýik işler, gazanylýan uly üstünlikler bilen dabaralanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Aşgabat — parahatçylygyň, asudalygyň, berkararlygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň, döredijiligiň, döwletliligiň, aýdym-sazyň, söýginiň, bagtyň şäheri. Gahryman Arkadagymyzyň parasaty bilen ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň iň owadan, tämiz, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, döretmek üçin ähli şertleri özünde jemleýän şäherleriniň birine öwrüldi. Ýokary okuw mekdepleriniň, ylym ojaklarynyň merkezi bolan merjen şäherimize myhman gelen her bir adamyň ýüreginde ýakymly duýgular döreýär.

Bagtyýarlyk döwri wasp edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry gyzykly häsiýete eýe boldy. Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilen bäsleşige şirin owazly aýdymçylaryň 13-si gatnaşdy. Türkmen halk aýdymlaryny hem-de häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetirmekde güýç synanyşan ýaşlar birek-birekden kem durmadylar. Netijede, Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň aýdymçylary Durdy Annaýew, Pyhamberguly Abaýew, Döwrangeldi Berdiýew, Guwanç Toýçyýew, 24-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy Annamyrat Ataýew, welaýat teleradio studiýasynyň administratory Serdar Guzyçyýew dagy has tapawutlanyp, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bakylyga barýan ýol

...«Ýazyp bilmeýän wagtyň ýazmak üçin has yhlas etmeli» diýip, ýazyjylaryň biri aýdypdyr. Kyssaçy galamdaşlarymyzyň ýene biriniň dört tagta kagyz ýazmadyk gününi bihuda hasaplaýandygyny, munuň özi üçin ýolberilmesiz ýagdaýdygyny, näme-de bolsa bir zat ýazmalydygyny gürrüň bereni ýadymda. Nusgawy rus ýazyjysy, «Uruş we parahatçylyk» atly köp jiltli romanyň awtory Lew Tolstoý: «Ýazmagy başarmaýan halatyň ýazma, gezim et, dynç al, balyk tut!» diýipdir.

Paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyna

GÖÝÄ AK GÜL DESSESI,AK ŞÄHERIM AŞGABAT!Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp goşgusyndan alnan bu dürdäne setirleriň many-mazmuny gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllyk şanly senesiniň gymmatyny has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň şäher infrastrukturasyny mundan beýläk hem ösdürmek, döwrüň gazananlaryna laýyk getirmek babatda ýerine ýetirilen we ýetirilýän işler paýtagtymyzy Aziýanyň merjen şäherine öwürdi. Gözel Aşgabadyň ak mermer binalary bu günki gün göýä ak gül dessesine çalymdaş bolup, tutuş barlyga ýalkym saçýar. Mermer binalarynyň sanynyň köplügi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna giren paýtagtymyzda ýaşaýyş-durmuş, medeni gurşawyň häzirki täzeleniş döwrüniň täzeçe usullaryndan kemala gelendigi has-da bellärliklidir. 2017-nji ýylda sebitde deňi-taýy bolmadyk iri desgalary özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylygy, gözel paýtagtymyzda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlar üçin amatly şertleriň döredilmegi baş şäherimiziň şan-şöhratyny we gymmatyny öňküden-de artdyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň sport merkezine öwrülendigini, şeýle hem iri halkara ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçiliginiň ýokarydygyny ýene bir ýola subut etdi. Ony 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçir

Resmi habarlar gysga setirlerde

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklary ýylsaýyn berkitmek bilen, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň baý uglewodorod ýataklaryny netijeli özleşdirmek, Hazar sebitinden energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak üçin netijeli çäreleri görýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda strategik ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady gatnaşykda ygtybarly hyzmatdaş

Türkmenistanyň ykdysadyýeti birsydyrgyn ösüş depginini saklaýar. Bu ösüşleriň esasy çeşmeleriniň biri elektrik energiýasynyň bolelin öndürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zerurlyklaryň biri bolan elektrik energiýasyny öndürmek wezipesi ünsden düşürilmeýär. Garaşsyz ýurdumyzda onuň ýeterlik gory döredildi. Soňky ýyllarda pudagyň düzüminiň üsti birnäçe gazturbinaly elektrik beketleri bilen ýetirildi. Şeýle toplumlar welaýatlaryň ählisinde diýen ýaly hem guruldy. Şonuň bilen birlikde onlarça paýlaýjy elektrik beketleri-de gurulýar. Energiýa üpjünçilik ulgamy, paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň yşyklandyryş üpjünçiligi has gowulanýar. Bu ulgamda ägirt uly işleriň alnyp barylmagy iri senagat toplumlaryny, köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda onuň belli bir möçberlerini goňşy döwletlere ugratmaga mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň eksporta iberýän elektrik energiýasynyň möçberiniň has artmagy döwletimiziň energetika babatynda dünýä ykdysady giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki ornuny has berkitdi.

Gymmatly toý sowgady

Aşgabat şäheri diňe bir ata Watanymyzyň paýtagty bolman, ol bütin türkmenistanlylaryň guwanjydyr. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda onda bolup geçen özgertmeler Garaşsyz ýurdumyzyň at-abraýyny belende göterdi, hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly alyp barýan Bitaraplyk syýasaty bolsa dünýä bileleşigindäki ornuny has berkidip, ony Merkezi Aziýa sebitinde ylalaşdyryjy merkeze öwürdi. Aşgabat milli öwüşginli binalary bilen gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Sanlyja ýylyň içinde düýpli özgeren paýtagtymyzda gurlan jaýlaryň köpüsiniň özboluşly aýratynlyklara eýe bolandygy üçin Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi hem Aşgabadyň milli öwüşginli şähere öwrülendiginden habar berýär. Bu özgertmeleriň hemmesi biziň gözümiziň alnynda bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» kitabynyň çapdan çykmagy we giň halk köpçüligine ýetirilmegi bolsa ählimiz üçin paýtagtymyzyň baý taryhy bilen giňişleýin tanyşmaga uly mümkinçilikleri açdy. Taryhy maglumatlara baý, suratlar bilen bezelen bu neşir biziň üçin paýtagtymyzyň ýubileýiniň bellenilmeginiň öň ýanynda edilen gymmatly sowgat boldy. Biz onuň bilen okyjylary tanyşdyrmaga girişdik. Bu waka bilen baglanyşykly geçirilýän duşuşyklarda, söhbetdeşliklerde şanly senäniň öň ýanynda eden sowgady üçin raýatlarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdýan alkyş sözlerini eşitmek bolsa biziň üçin örän ýakymly.

Göýä ak gül dessesidir Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» kitabynyň neşir edilendigi baradaky hoş habary eşidenimde, hyýalym meni paýtagtymyzyň bir ýarym asyra ýakyn taryhynyň iň bir ýakymly pursatlaryna tarap alyp gitdi. Men kitapda hem giňden beýan edilýän ýurdumyzy bütin dünýä äşgär eden Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny göz öňünde tutýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi emele geldi. Bu ýerde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Türkmenistanyň iri ýaryşlary guramaçylykly we ýokary derejede geçirmäge ukyplydygyny dünýä ýaýdy we ondan soňky halkara ýaryşlaryna hem badalga berdi. Ondan köp wagt geçmänkä paýtagtymyzda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi biziň buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Ýene-de sanlyja aýlardan bolsa Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň saýlama tapgyryna gatnaşyjylary we olaryň tomaşaçylaryny kabul eder. Şonuň ýaly-da welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin hem paýtagtymyzyň saýlanyp alynmagy ak mermere bürenen Aşgabat şäheriniň halkara sport merkezleriniň birine öwrülýändiginden habar berýär. Täze kitap diňe bir ildeşlerimiz üçin däl, bu ýere iri ýaryşlara geljek türgenler we olaryň tälimçileri, syýahatçylar üçin hem paýtagtymyzyň taryhynyň we şu günün

Milli binagärligiň dürdänesi

Türkmen paýtagtynyň binagärlik-gurluşyk düzümlerinde, ajaýyp desgalarynda we tutuş keşbinde milli mirasymyz, köpasyrlyk medeniýetimiz öz mynasyp ornuny tapýar. Ösen binagärlik sungatynda milli medeni gymmatlyklarymyzyň öwşün atýandygyny Aşgabadyň belent ymaratlary äşgär görkezýär. Munuň özi milli binagärlik sungatymyzyň bagtyýarlyk döwründe ýeten sepgitlerini alamatlandyrmak bilen, halkymyzda baý geçmiş taryhymyza, milli medeniýetimize bolan sarpany has-da çuňlaşdyrýar, milli binagärligiň ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalary, gurluşyk taslamalary bilen tanşanda olaryň ýanaşyk ýerleriniň ekologiýa medeniýeti taýdan kämil bolmagyny üpjün etmek, binalaryň we desgalaryň daşky we içki görnüşinde türkmen ruhuna we baý dünýäsine mahsus bezeg işleriniň ýerine ýetirilmegine aýratyn ünsi çekýär. Şeýle hem, gurulýan desgalaryň ählisinde şu babatdaky wezipeleriň üstünlikli hem-de göwnejaý ýerine ýetirilişine aýratyn ähmiýet berýär. Bu asylly we tutanýerli başlangyçlar bolsa, häzirki wagtda türkmen paýtagtynyň ajaýyp keşbinden tutuş ýurdumyza ýaýraýar. Munuň özi halkymyzyň sungat derejesine ýetiren binagärlik ussatlygyndan, milli medeniýetimize we gözellige goýýan örän uly sarpasyndan nyşandyr.

Gözelleşýär gül Diýar

Türkmen halky bagtyýar siziň bilen, Arkadag, Rowaçlyklar bize ýar siziň bilen, Arkadag,

Binagärlik taglymatynyň miwesi

Gahryman Prezidentimiziň teklibi bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda ata Watanymyzyň ösüşli ýoly rowaç alýar. Önümçilikde gazanylýan üstünlikler şanly wakalaryň buýsanjy bilen utgaşýar. Şu ýylyň şeýle wakalarynyň birem ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramydyr. Şatlyk-şowhuna beslenjek uly toýuna taýýarlyk görülýän bu sene ata Watanymyzyň taryhyna müdimilik ýazylar. Gözel paýtagtymyz barada gürrüň açylanda bagtyýarlyk zamanamyzda ýurt Baştutanymyzyň şähergurluşyk-binagärlik taglymatyndan gözbaş alyp durmuşa geçirilen işleriň datly miwesi hemmelere äşgär hakykatdyr. Indi merkezi şäherimiziň gözel keşbi, ýaşamak üçin amatly şertleri göreni haýrana goýýar. Ak mermerli gözel görnüşi, gaýtalanmajak abadançylygy behişdi mekany ýadyňa salýar. Dürli ugurlar boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orny eýelän Aşgabat şäheriniň meşhurlygynyň Garaşsyz Watanymyzyň çäklerinden daşarda-da ýokary derejelere çykýandygy guwandyrýar. Şeýle guwanç duýgusy bilen uly toýa barýan türkmen ili bagtyýar ertirini nazarlaýar.

Nusgalyk şäher

Paýtagtymyzyň gözel keşbinde eziz Watanymyzyň kuwwaty, durmuş-ykdysady derejesi, halkymyzyň medeni däp-dessurlary we sungaty aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzy gözelleşdirmek we bagy-bossanlyga öwürmek güýçli depginlerde öňe barýar. Bu günki gün daş-töweregimizde bolup geçýän özgerişleri görüp, gözellikleri synlap, binalaryň bina bolmagynda binagärleriň, gurluşykçylaryň zähmetiniň uly goşandynyň barlygy barada oýlanýarsyň.

Bagt kanunym bilen ýaşyl baýdagym

Golaýda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes geňeşliginiň Gara oba medeniýet öýünde TKA-nyň etrap birleşmesiniň guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp «Bagt kanunym bilen ýaşyl Baýdagym» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TKA-nyň etrap birleşmesiniň wekilleridir işjeň agzalary, şahyrlar, etrabyň bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri we etrapdaky 10-njy orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygyny etrapdaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy Ejegül Atabaýewa alyp bardy. Goşa baýramçylyk mynasybetli geçirilen döredijilik duşuşygynda her bir günümizi toý-baýramlara besleýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler hem-de baýramçylyk gutlaglary belentden ýaňlandy. Bu ýerde şahyrlar — Murgap etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy Gazanýaz Hümmedow, Mary etrabynyň Milli goşun geňeşliginiň ýaşaýjysy Muhammetjuma Hydyrow, H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Nartäç Ýusupdurdyýewa hem-de Mollanepes şäherçesiniň ýaşaýjysy Oguljuma Kiçiýewa çykyş etdiler. Eziz Arkadagymyzy, ösüşli Diýarymyzy, Bagt Kanunymyzy, ýaşyl Tugumyzy wasp edýän we başga-da, dürli temadaky goşgular duşuşyga gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi.

Goşa mukaddesligiň baýramy

Täze taryhy eýýamda bedew batly ösüşlere beslenýän Berkarar döwletimizde giňden bellenilip geçilýän baýramçylyklar röwşen geljegini nazarlap, ynamly öňe barýan ýurdumyzyň at-abraýny, şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Şu günler bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly ruhubelentlik bilen garşylaýar. Syýasy-jemgyýetçilik ulgamynda häli-şindi gabat gelýän «Konstitusiýa” sözüniň durmuşymyzda eýeleýän orny çäksizdir. Sebäbi ykballarymyzy adalat nury bilen çoýýan Esasy Kanunymyz hut şol söz bilen aňladylýar. Kämil Konstitusiýa arkaly döwlet bina edilýär, hak-hukuk, durmuş goraglylygy esaslandyrylýar.

Berkararlygymyzyň baýramy

Hormatly Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan şanly ýylymyzyň buýsançly seneleriniň biri gelip ýetdi. Bu sene Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramydyr. Bu baýramçylyk Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň döwlet berkararlygynyň, özygtyýarlygynyň, türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, mäkämliginiň baýramydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadynyň esas goýujysydyr. Esasy Kanunymyz döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy adamlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär. Döwlet nyşanlarymyzyň biri bolan ýaşyl Baýdagymyz bu günki gün dünýäniň çar künjeginde belentde pasyrdap, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesini äleme äşgär edýär. Şonuň üçin ýetip gelen goşa baýram il-günümizde guwanç we buýsanç duýgusyny döredýär. Döwlet berkararlygymyzyň baýramy hökmünde il-günümiz bu toýy uludan tutup, bagtly ertirine ynamly gadam urýar.

Berkararlygymyzyň baýramy

Hormatly Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan şanly ýylymyzyň buýsançly seneleriniň biri gelip ýetdi. Bu sene Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramydyr. Bu baýramçylyk Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň döwlet berkararlygynyň, özygtyýarlygynyň, türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, mäkämliginiň baýramydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadynyň esas goýujysydyr. Esasy Kanunymyz döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy adamlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär. Döwlet nyşanlarymyzyň biri bolan ýaşyl Baýdagymyz bu günki gün dünýäniň çar künjeginde belentde pasyrdap, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesini äleme äşgär edýär. Şonuň üçin ýetip gelen goşa baýram il-günümizde guwanç we buýsanç duýgusyny döredýär. Döwlet berkararlygymyzyň baýramy hökmünde il-günümiz bu toýy uludan tutup, bagtly ertirine ynamly gadam urýar.

Ülkämizi dünýä ýaýan tugumyz

Şeýle at bilen golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň Türkmenistanyň döwlet Energetika instituty bilen bilelikde guramagynda institutyň mejlisler jaýynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary hem-de institutyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresinde TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, Ýolöten etrap hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Maýagözel Hümmedowa we institutyň mugallymlary Gülälek Hommadowa, Ogulgözel Muhammedowa çykyş etdiler. Çykyşlarda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýdylyp, agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, adalatlylygyň döwletimiziň Esasy Kanunynda mynasyp orun eýeleýändigi hem-de al-asmanda erkana parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi barada buýsançly gürrüň edildi.