"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy

3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady. Munuň özi asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini ýörelge edinen halkymyzyň däpleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Ösüşli ýollarda eziz Diýarym

29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlisiň Başlygy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hususan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli medeni çäreleri geçirmegiň guramaçylyk meseleleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar» atly ylmy elektron žurnalyny döretmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabatlar bilen tanşyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň mübärek sapary

Öňňin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady. Munuň özi asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini ýörelge edinen halkymyzyň däpleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýäniň ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.

Resmi habar

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, 1-nji derejeli ýurist Annageldi Akmämmedowiç Magtymow Balkan welaýatynyň harby prokurory wezipesine; 1-nji derejeli ýurist Mämmet Aýmyradowiç Mämmedow Daşoguz welaýatynyň harby prokurory wezipesine;

Türkmenistan suw meselesinde ählumumy tagallalaryň utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy 3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitewi suw” sammitindäki ÇYKYŞY

Hormatly sammite gatnaşyjylar!Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, Fransiýanyň, Gazagystanyň we Saud Arabystanynyň Hökümetlerine ählumumy gün tertibinde duran hem-de birnäçe möhüm soraglary çözmäge ýardam etjek bu sammiti çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministrine “Bitewi suw” sammitine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Energetika — geljegiň aýdyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlar, paýlaýjy elektrik beketler bina edildi we işe girizildi. Ýurdumyzda täze tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak esasynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly häzirki döwürde bu ugurda işjeň syýasat alnyp barylýar. Şeýle hem ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biridigini bellemek gerek. Ata Watanymyz dünýäniň energetika serişdelerine baý döwletleriň biri bolmak bilen, energetika howpsuzlygynyň täze, döwrebap ulgamyny döretmäge aýratyn üns berilýär. Içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen dowamly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, energiýany tygşytlamak we ondan netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şol esasda bu ugurda halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasy durmuşa geçirildi. Has takygy, 2021-nji ýylda Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi, 2023-nji ýylda Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltl

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisindäki ÇYKYŞY

Hormatly geňeşiň agzalary we mejlise gatnaşyjylar! Bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma hem-de geňeşiň agzasy Atilla Tilkä minnetdarlygymy bildirýärin. Aksakgallar geňeşiniň abraýynyň ýylsaýyn artmagynda geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrymyň uly goşandyny bellemek isleýärin.

Taryhyň täsirli beýany

Kitap köňüllere barýan ýodany yzarlaýar. Çünki onuň üleşýän ruhyýeti bilen her bir köňülde orun tapmak mümkin. Kämil zehiniň, ýörgür döwet galamyň eýesi türkmen halkynyň Milli Lideriniň döredýän her bir eseri möhüm aýratynlygy özünde jemleýär. Şeýle ajaýyp eserleriň yzynyň dowamly ýetirilip durulmagy bolsa, halkymyz, galyberse-de, tutuş adamzat üçin iňňän ähmiýetlidir. «Hakyda göwheri» — Gahryman Arkadagymyzyň çuň mana beslenen şeýle at bilen ýakynda çapdan çykan täze ajaýyp kitaby turuwbaşdan giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsine eýe boldy. Munuň şeýledigine, öňňin, has takygy, 3-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen, bu täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda edilen buýsançly çykyşlar, şeýle hem ýerine ýetirilen edebi-sazly kompozisiýalardyr ýaňlanan aýdym-sazlar hem doly güwä geçýär. Medeniýet işgärleridir bagtyýar talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen, bu dabaraly çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza täze ajaýyp eserini peşgeş bermeginiň il-ulusymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, beýik taryhymyza, milli mirasymyza bolan belent söýginiň özboluşly dabaralandyrmasyna öwrülendigini buýsanç bilen nygtadylar.

Röwşen geljegimiziň ak ýollary

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrýan işleri sebit we dünýä ähmiýetli başlangyçlar bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň giň ulgamyny, hemmetaraplaýyn döwrebap, kämil düzümini emele getirmek ýurdumyzyň we sebitdäki döwletleriň bähbitlerini ileri tutýar. Bu bähbitler bolsa söwda-ykdysady ulgamynda özüni görkezmek bilen birlikde, täze ykdysady giňişliklere tarap uzaýar. Netijede, söwda-haryt dolanyşygynyň gerimi giňäp, täze mümkinçiliklere baryp ýetýär. Şeýle ählumumy bähbitleri birleşdirýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginde Türkmenistanyň geoykdysady çatrykda ýerleşýändigini aýratyn belläp geçmek gerek. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän köpugurly hem-de köp görnüşli ulag serişdelerini öz üstünden geçirýän Türkmenistanyň Aziýadan Ýewropa ýa-da Ýewropadan Aziýa barýan ýollaryň ähli düzümlerini şaha-şaha ýaýradyp, olary gysga wagtda öz ýetmeli menziline ýetirmekdäki ähmiýeti juda uludyr. Şeýle bolansoň, bu sebit we yklymara ähmiýetli ýollar hakda söhbet açmak diýseň ýakymlydyr. Çünki ýurdumyzdan geçýän ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilişi hakynda ýatlamagyň özi-de, diňe bir halkymyz üçin däl-de, eýsem, sebitde ýaşaýan beýleki milletler üçinem buýsançly duýgularyň iň bir belendidir. Şeýle häzirki zaman dünýäsiniň ykdysady-durmuş ösüşine täsir etjek beýik başlangyçlaryň gözbaşy bolsa, Gahry

Işler utgaşykly alnyp barylmalydyr

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Guramaçylykly ideg edilýär

“Daýhandan hereket — ýerden bereket” diýlişi ýaly, ýeriň hyzmatyny ýetirip, islendik ekine göwnejaý ideg etseň, ol berekedini bolluk bilen eçilýär. Kesewiňi dürtseň gögerýän sahawatly topragymyzda bugdaýyň, gowaçanyň, gant şugundyrynyň, gök we bakja ekinleriniň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Kärendeçi daýhanlar yhlasly zähmeti bilen bereketli saçaklarymyzyň naz-nygmatdan doly bolmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Çörek berekediň gözbaşy hasaplanylýar. Öz topragymyzdan önýän bugdaýdan bişirilen mele-myssyk çörekleriň saçaklarymyzy bezemegi gallaçy daýhanlaryň ene ýere söýgüsiniň alamatydyr. Welaýatymyzyň gallaçy kärendeçileri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň bugdaý hasylyny wagtynda, ýitgisiz ýygnap, ýokary netije gazandylar. Has takygy, 345 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaýy ýygnap, bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Güýz paslynyň ilkinji günlerinde geljek ýylyň hasyly üçin 170 müň gektar ýerde guramaçylykly bugdaý ekişi geçirilip, häzirki wagtda ondan kadaly gögeriş alyndy. Bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmäge çalyşýan kärendeçiler şu günler agrotehnikanyň talaplaryna görä ak ekiniň idegini ýetirýärler. Olar ýaş maýsalara göwnejaý ideg etmekde ýeterlik mukdarda mineral dökünler bilen iýmitlendirip, ösüş suwuny tutmakda yhlas-tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Iýmitlendiriş işlerini geçirmekde hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp berýän k

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisindäki ÇYKYŞY

Hormatly geňeşiň agzalary we mejlise gatnaşyjylar! Bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma hem-de geňeşiň agzasy Atilla Tilkä minnetdarlygymy bildirýärin. Aksakgallar geňeşiniň abraýynyň ýylsaýyn artmagynda geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrymyň uly goşandyny bellemek isleýärin.

Türkmenistanyň KANUNY

Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda 1-nji madda

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Maşgala hukuklary we borçlary Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde är-aýalyň şahsy hukuklarynyň we borçlarynyň kanuny kadalary düzgünleşdirilendir. Kodeksiň 49-njy maddasyna laýyklykda är-aýalyň hukuklary we borçlary RÝNÝ edarasynda nika baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyndan ýüze çykýar. Kodeksiň 50-nji maddasynda bellenilişi ýaly, är-aýalyň maşgala gatnaşyklarynda deň şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bardyr. Şeýle hem eneligiň, atalygyň, çagalary terbiýelemegiň, olaryň biliminiň meseleleri we maşgala durmuşynyň beýleki meseleleri deňlik ýörelgesinden ugur alnyp är-aýal tarapyndan bilelikde çözülýär.