Parahatçylygyň we asudalygyň binýady
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwletimiz özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlyk ýaly ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgeleri halkara giňişliginde dabaralandyrmak arkaly sebitde we dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy wagyz edýär. Garaşsyz döwletimiz öz garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramak maksady bilen 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini döretdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda: «Döwlet Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goraýar, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün edýär» diýlip berkidilendir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasy parahatçylyk söýüji daşary syýasaty ýöredýän Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän ýörelgeleriň, maksatlaryň we wezipeleriň döwlet derejesinde resmi taýdan kabul edilen ulgamy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň döwrüň ýüze çykarýan köp meselelerini parahatçylykly, ylalaşykly ýol bilen çözmäge gönükdirilýändigi diňe bir bi